Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda suw ölçeýji gurallary oturtmak gyssagly talap edilýär


Noýabr aýynyň aýagyna çenli suw ölçeýji gurallaryň oturdylmadyk halatynda, ýaşaýjylaryň 400 manat jerime tölemeli boljakdyklary barada haýbatlar atylýar.
Noýabr aýynyň aýagyna çenli suw ölçeýji gurallaryň oturdylmadyk halatynda, ýaşaýjylaryň 400 manat jerime tölemeli boljakdyklary barada haýbatlar atylýar.

Türkmenistanda ilata ozal mugt berlen gazyň, suwyň, elektrik togunyň tölegli edilmegi bilen bu hyzmatlar üçin hasaplaýjy enjamlary goýdurmaklyga birnäçe wagt bäri görkezme berlip gelinýärdi.

Ilatyň sosial ýagdaýynyň pesligi sebäpli ýaşaýjylaryň köpüsi gaza, suwa hasaplaýjy gurallary goýduryp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

‘Häkimiýetler häzir bu meseleleriň çözgüdine çynlakaý girişdiler” diýip, özüni Aýlar diýip tanyşdyran aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Onuň sözüne görä, Aşgabatagyzsuw kärhanasynyň hem-de öý uprawleniýeleriniň işgärleri tarapyndan şu ýylyň noýabr aýynyň aýagyna çenli suw ölçeýji gurallaryň oturdylmadyk halatynda, ýaşaýjylaryň 400 manat jerime tölemeli boljakdyklary barada haýbatlar atylýar.

‘Haýbatlardan ätiýaç edýän ýaşaýjylaryň köpüsi öýlerinde hasaplaýjy gurallary oturtmagyň aladasyny edip ugradylar. Netijede, öý uprawleniýelerinde uly nobatlar emele geldi .

Hasaplaýjy gurallary goýmaga mejbur bolýanlaryň köpelmegi bilen öý uprawleniýeleriniň hem Aşgabatagyzsuwyň ýörite işgärleriniň aladasy artypdyr. Öý uprawleniýeleri ýaşaýjylardan hasaplaýjy gurallar üçin 170 manat, ony oturtmak üçinem 50 manat talap edýär.

Ýöne az möçberde bolmadyk ol talaby ödemek ýaşaýjylaryň köpüsine agram salýar. Üstesine onça serişdäni döwlet kassasyna tölenmän, işgärleriň eline nagt berilmelidigini hem olaryň talap edýärler” diýip, Aýlar aýdýar.

Talap edilýän nagt puly stoluň üstünde goýup gaýdanyňdan soňra ýaşaýjylaryň görýän kynçylyklary barada bir ýaşaýjy şeýle gürrüň berýär.

“Pulumy tölänimden soňra ‘öýüňde garaş, baryp hasaplaýjy guralyňy gurnap gaýdarlar’ diýip, meni ugratdylar. Men işimden galyp, uzakly güni garaşdym, ýöne hasaplaýjy gurallary gurnaýjylar gara bermediler. 22-nji öý uprawleniýesine jaň edip soranymda, “Hasaplaýjy guraly goýdurýanlar kän, ýetişip bolanok, ýetişen wagty bararlar” diýip jogap gaýtardylar.

Ertesi günortana golaý gelip, hasaplaýjy guraly goýup gitdiler. Emma hasaplaýjy guralyň suw turbasyna birikdirlen ýerinden suw syzyp başlady. Turbanyň suw syzýan ýerini täzeden bejertmek üçin, ussalary yzyna çagyrjak bolup, olaryň beren telefon belgisine jaň edenimde, meniň jaňlaryma jogap beren adam bolmady.

Men 22-nji öý uprawleniýesine birnäçe wagt jaň edip, olardan hem jogap alyp bilmän, dynç günlerimi hem krandan syzýan suwuň köpelmeginden ätiýaç edip, oňa gözegçilikde geçirdim” diýip, ol ýaşaýjy aýdýar.

“Puluňy alýarlar, edýän işleri bolsa harsal, ýene-de seni köseýärler. Goýlan hasaplaýjy gurallaryň möhletiniň hem iki ýyldygyny ussalar aýdanynda bildik. ‘Iki ýyldan soňra hasaplaýjy guraly goparyp, Aşgabatagyzsuwda barlagdan geçirmeli bolarsyňyz’ diýip, ussalar düşündiriş berdirler. Bu hem ýaşaýjylardan pul almagyň ýene bir usuly bolsa gerek” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

XS
SM
MD
LG