"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň çap eden maglumatynda, Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda puly nagtlaşdyryp bilmeýändigi aýdylýar.
Neşirde "Türkmenistanyň Hronikasynyň" habarçylarynyň "Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlary bankomatlardan pul çekip ýa-da nagt däl hasaplaşyk boýunça töleglerini amala aşyryp bilmeýärler. Soňky iki hepdede adamlar eýýäm birnäçe gezek pul nagtlaşdyrmakda problema duçar boldular. Adamlar türkmen banklaryna telefon etdiler. Emma bank işgärleri olara "problemanyň bankomatlar bilen aragatnaşygyň ýaramazlygyndandygyny" düşündirdiler" diýen maglumat çap edilipdir.
Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmeleri hem bu ýagdaýyň dogrudygyny tassyklaýarlar we bu ugurda bildirilýän nägilelikleriň 14-nji noýabrdan bäri hasam köpelýändigine ünsi çekýärler.
Stambulyň Aksaraý diýen ýerindäki bankomatlaryň öňünde pul çekmek üçin garaşyp duranlardan birnäçe türkmen raýaty özleriniň eýýäm geçen hepdäniň başyndan bäri plastik bank kartyndan nagt pul çekip bilmeýändigini aýdyp, türk bankomatlarynyň ekranynda türkçe görkezilýän "Siziň bankyňyz şu wagt bu işi amala aşyrmagyňyza rugsat bermeýär. Soň täzeden synanşyp görmegiňizi haýyş edýäris" diýen ýazgynyň suratyny hem Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna iberdiler.
Azatlyk Radiosyna Stambuldan ýüz tutan bir türkmen raýatyň aýtmagyna görä, ol eýýäm bir hepdeden bäri özüniň plastik bank kartyndan puluny nagtlaşdyryp bilmeýär.
"Plastik kartyňy sokup, puluňy nagtlaşdyrjak bolsaň, türk bankomatlary öz bankymyzyň muňa rugsat bermeýändigini duýdurýar. "Belki, tehniki bir näsazlyk ýa-da bejeriş işi geçirilýändir, soň ýene-de synanşyp göreýin" diýip, gün tapawutly wagtda birnäçe gezek synanşyp gördüm. Emma welin ýene kartymdaky pulumy nagtlaşdyryp bilmedim. Soň gaty gaharym gelip, türkmen bankynyň plastik kartynyň ýüzündäki telefon belgisine jaň etdim. Bankyň işgäri "Plastik kart diýen zat indi doly ýatyryldy" diýip jogap berdi. "Içindäki pulum näme boljak indi?" diýsem, "Bäri gelen wagtyň alarsyň" diýýär. Men bärde nagt puluň maňa hökman gerekdigini aýtsam, bankyň işgäri telefonda "Ol ýerini biz bilemizok" diýdi. Menem: "Diňe Türkmenistana baryp alyp bilýänmi?" diýsem, "Hawa, puly berenje ýeriňden alarsyň" diýdi-de, telefony öçürip goýberdi" diýip, Stambulda plastik kartyndaky puluny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändigini aýdýan bir türkmen raýaty Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi bilen gürrüňdeş bolan bir türkmen söwdagär hem "Men Stambula gelenimden soň söwda-satyk üçin biraz pul nagtlaşdyrypdym plastik kartymdan. Soň galanja 800 amerikan dollaryna golaý pulumy-da nagtlaşdyjak bolsam, öz bankymyz petikläp goýupdyr" diýip, Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär. Onuň öňe sürmegine görä, yzygiderli edilýän jaňlar sebäpli indi Türkmenistanyň banklary hem daşary ýurtlardan jaň edýänlere jogap bermeýärler.
"Diňe Stambulda şeýle ýagdaý ýüze çykanok. Belarussiýada okaýan türkmen studentleri hem plastik kartlardan günde 50 amerikan dollaryny nagtlaşdyryp bilenoklar. Indi puly bolanlar we biziň ýaly söwda-satyk edýänler ýurtdan nagt pul çykaryp, daşary ýurt banklarynda hasap açyp, şolaryň üsti bilen işlemäge gönükdi. Russiýada we Türkiýede söwda edýänler indi ýerli banklarda açan hasaplarynyň üsti bilen biznesini aýlap ugradylar. Olar ylaýta-da Türkmenistan bilen işleşmeýän banklary saýlap almaga ýykgyn edýärler. Türkmenistanyň banklary gadagançylyklary bilen öz düýbüne palta urdy. Stambula gaýtmankak, iň azyndan bir duýduryş edilen bolsa bizem karta bil baglaman, bir çäre tapardyk. Pul gadagançylyklary sebäpli köp adam daşary ýurtlarda kyn ýagdaýda galdy" diýip, ol söwdagär Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aýdýar.
Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran bir türkmen raýatyň aýtmagyna görä, bökdençlik diňe plastik kartlardaky puly nagtlaşdyrmak bilen çäklenmeýär, ýagny nagt däl amallara hem rugsat berilmeýär. Ol özüniň birnäçe günden bäri dürli ýerde öz karty bilen söwda etmek islän mahaly nagt däl amalyň hem başa barmandygyny aýdýar. Ol bank karty bilen nagt däl amaly edip bilmeýändigi üçin, Türkmenistandaky banka jaň eden mahaly: "Kartdan indi nagt däl amaly edip bilmersiň. Bärdäki hossarlaryň birine ýa-da kim seniň kartyňa pul geçiren bolsa, şoňa ygtyýarnama ugrat. Ol hem pul geçirendigi baradaky kagyzyny alyp banka barsyn we iberen puluny yzyna alsyn" görnüşinde jogap berlendigini öňe sürýär.
Ýatlap geçsek, Türkmen hökümeti noýabr aýynyň başynda raýatlaryň daşary ýurtlaryň bankomatlaryndan nagtlaşdyryp bilýän maliýe serişdeleriniň möçberine nobatdaky çäklendirmeleri girizdi. Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, mundan beýläk daşary ýurtlarda bank kartlary bilen bir gije-gündiziň dowamynda ediljek nagt amallar 100 dollardan 50 dollara, nagt däl amallar hem 500 dollardan, 200 dollara çenli kemeldildi.
Sözi jemläp aýtsak, türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda ýüzbe-ýüz bolýan şeýle pul problemalary barasynda, Türkmenistanyň döwlet kontrollygyndaky metbugatynda hiç hili söz açylmaýar. Şol bir wagtyň özünde degişli türkmen resmilerden hem bu ýagdaý bilen baglanşykly nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.