“Bir ýyl gowrak wagtdan bäri Mary welaýatyň ähli etraplarynda elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşdy” diýip, Serhetabat şäherçesiniň ýaşaýjysy, 45 ýaşly Maksat aýdýar.
Onuň sözüne görä, ol gijäni öňüne alyp, öz awtoulagynda Aşgabada gaýdypdyr. Ýol ugrynda bar bolan Tagtabazar, Ýolöten, Murgap ýaly etrap merkezleriniň köçelerinde ýagtylandyryş yşyklary görünmeýärdi, etrap merkezlerinde edil adam ýaşamaýan ýalydy.
Käbir öýlerde, käbir edara-kärhanalaryň gapysynda ýa bolmasa hususy dükanlaryň gapylarynda elektrik yşygynyň ýagtysy görünýär diýäýmeseň, başga yşyk ýok” diýip, ol dowam edýär.
“Welaýat merkezi Mara golaýlaşanymyzda, bu tümlükden çykarmykak diýip umyt etsek-de, Mary şäheri hem bizi garaňkylyk bilen garşy aldy. Welaýat merkezidigine, uly şäherdigine garamazdan, Mary şäheriniň hem ýagdaýy edil etrap merkezleri bilen des-deň bolup, köçeler tümlüge gaplanypdyr. Bizde hatda Mara gelendigimize hem ynam ýok ýaly bolup, bu garaňkylyk tä Howuzhan massiwi gutarýança dowam etdi” diýip ol aýdýar.
Ahal welaýatynyň çäginde ilatly punktlarda birneme ýagtylyk bar. Tejen, Duşak, Kaka etraplarynyň ýagdaýy hem o diýen öwerlik bolmasa-da, Mary welaýatyna garanda ýagtylandyryş çyralarynyň bardygyny sözüne goşýar.
Aşgabatda myhmançylykda bolup yza gaýdyşyn, Maksat bu garaňkylygyň sebäpleri bilen gyzyklanypdyr. Mary welaýat häkimliginiň bir resmisiniň aýtmagyna görä, elektrik toguny öndürip, Owganystana, Eýrana elektrik toguny satýan Mary GRES-iniň gaz geçiriji turbinalary hatardan çykyp ugrapdyr.
“Elektrik toguny öndürmegiň we daşary döwletlere satmagyň plany artdyrylýar. Mary GRES-inde hiç bir abatlaýyş işleri geçirilmeýär. Muňa döwletde serişde ýok diýip, has ýokardan aýdýarlar. Şol sebäpli plan boýunça öndürmeli elektrik energiýasyny öndürip bolmaýar.
Daşary döwletlere ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberini hem azaldyp bolmaýar. Onsoň energiýa ýetmezçiligi sebäpli, öz içerki sarp edijilerimizi elektrik togundan kesmeli bolýarys” diýip, ol resmi aýdypdyr.
Mary welaýatynyň ähli etraplarynyň köçelerinde indi bir ýyldan hem gowrak wagt bäri gijelerine elektrik çyralarynyň ýanmaýandygyny Mary welaýatynyň ýene bir ýaşaýjysy Orazgeldi aga hem tassyklaýar.
“Mary şäherine golaý obalaryň elektrik toguny gezekleşdirip, tutuş bir gün ýa tutuş bir gijeläp hem kesýärler. Etrap merkezleriniň, Mary şäheriniň köçeleriniň çyralary bolsa indi bir ýyldan bäri asla ýanmaýar” diýip, ol aýdýar.
Elektrik togunyň kesilmegi, gijelerine köçeleriň garaňkylygy sebäpli tutuş Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň dürli kynçylyklary başdan geçirýändigi aýdylýar.
“Elektrik togy bir günläp ýa bir gijeläp kesilende, tomus möwsüminde ýahdanlar işlemän, azyk önümleri zaýa bolýar. Gijelerine garaňky köçelerde awtoulag sürmek hem kynlaşýar. Bu örän howply ýagdaý.
Iň bir gynandyrýan zat bolsa, özüňde önýän elektrik togunyň hözirni ilatyň arkaýyn görüp bilmeýänligi. Bu meselede ilatyň arza-şikaýatlary hem jogapsyz galýar. Ýagdaý şeýle bolansoň, ilat köpçüligi diňe çydam edip, oňmaga çalyşýarlar” diýip, Orazgeldi aga aýdýar.
Degişli makalalar
Iň köp okalan
1