Orsýetiň üstünden edýän kontrollygyny saklamak üçin jedelli metodlardan peýdalanmakda aýyplanýan prezident Wladimir Putin sowet döwründe bolan döwlet repressiýasynyň pidalaryna bagyşlanan ýadyrgärligiň açylyş dabaryna gatnaşar.
“Gynanç diwary” diýip atlandyrylýan ýadygärlik Syýasy repressiýanyň pidalarynyň resmi hatyra gününiň bir bölegi hökmünde 30-njy oktýabrda açylýar. Bu çäre ozal Sowet Soýuzynyň dargan ýyly, ýagny 1991-nji ýylda geçirilipdi.
Kreml Putiniň Adam hukuklaryny goraýjylaryň we raýat jemgyýetiniň geňeşinde syýasy repressiýanyň pidalaryny ýatlamak barada döwlet syýasaty boýunça duşuşyk geçireninden soňra ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny habar berdi. Ýadygärlik Moskwanyň Sadovoye Koltso ýoly bilen 1975-nji ýylda Nobel baýragy bilen sylaglanan sowet döwrüniň fizigi we dissidenti Andreý Saharowyň adyny göterýän köçäniň çatrygynda ýerleşdiriler.
Sowet döwrüne degişli dissidentlerden we adam hukuklary boýunça aktiwistlerden durýan bir topar muňa garşy çykyp, onlarç ýyl soňra özüniň syýasy respressiýasyny amala aşyrýan bir hökümetiň bular ýaly ýadyrgärligi açmak bilen edýän “hilegärligini” goldamak ýalňyş diýdi.
Indi Putini tankytlaýan dissidentler “Orsýetdäki hazirki syýasy tussaglaryň biziň kömegimize we üns bermegimez mynasypdygy sowet režimiň pidalarynyň hatyra we sylag-hormata mynasydygyndan kem däl” diýdiler.
40-a golaý adam, şol sanda Wladimir Bukowski, Aleksandr Podrabinek, Mustafa Jemilow, Arina Ginsburg, Igor Guberman we Pawel Litwinow dagylar tarapyndan gol çekilen beýannamada: “Syýasy repressiýanyň pidalaryny ýadygärliklere mynasyp we häzirki wagtda äsgermezlik edilmegi mümkin diýip, iki topara bölmek asla ýol almaz” diýilýär.
Ýene-de: “Sowet režiminiň pidalaryna gynanýandygyny aýdyp, aslynda bolsa syýasy repressiýalary amala aşyrýan, ýurtdaky raýat erkinligini basyp ýatyrýan häkimiýetler tarapyndan gurnalan hatyra çärelerine gatnaşmak asla bolmaz” diýilip beýannamada aýdylýar.
Mundan bir gün öň hem ýüzlerçe adam Moskwanyň merkezinde KGB-niň öňki baş edarasynyň golaýyna ýygnanyp, diktator Staliniň döwründe sowet häkimiýetleri tarapyndan ölüm jezasy berlen müňlerçe aýal-erkegi ýatladylar.
Uzakly gün dowam eden näresmi çärede söz sözlän adamlar 30 müňe golaý moskwalynyň adyny, ýaşyny, kärini we ölüm jezasy berlen gününi okadylar. 30 müň adam sowet häkimiýetleri tarapyndan 1937-38-nji ýyllarda öldürilendigi çaklanýan bir million adamdan ybarat toparyň kiçijik bölegi bolup durýar.
Giňden tanalýan we sylanýan adam hukuklary guramasy “Memorial” bu çäräni 2006-njy ýyldan bäri her ýyl geçirýär.
Memorial bular ýaly çäräni 30-njy oktýabrda Sankt Peterburgda-da gurnajakdygyny aýtdy.
Bu çäreler Putiniň üstümizdäki ýylyň başlarynda eden jedelli beýanatlaryndan soňra ýaýrap ugrady.
15-nji iýunda ors prezidenti Staliniň aşa ýamanlanmagy “Sowet Soýuzyna we Orsýete hüjüm etmegiň bir serişdesi” diýdi.
Putin Orsýeti tankytlaýanlar “Bu günki Orsýetiň stalinizimi meňlerini göterýändigini görkezmek üçin” Staliniň mirasyny ulanýarlar diýdi.
KGB-niň öňki ofiseri, FSB-niň öňki başlygy we şular ýaly geçmişli adamlary ýokary derejeli wezipele getiren Putin ozal Stalini “netijeli iş dolandyryjy” diýip, taryplapdy.
Tankytçylar Putiniň we Orsýetiň beýleki resmileriniň Staliniň abraýyny dikeltmek üçin geçen ýigrimi ýyllykda köp iş edendikilerini aýdýarlar. Pikir soraşlyklar Putin 18 ýyla golaý mundan ozal hämiýet başyna geleli bäri, orslaryň sowet diktatoryna bolan ýigrenjiniň azalandygyny görkezýär.