Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollar arzanlady, emma...


2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyny togtatmagy ýurtda “gara bazaryň” täzeden janlanmagyna getirdi.
2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyny togtatmagy ýurtda “gara bazaryň” täzeden janlanmagyna getirdi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanyň “walýuta gara bazarlarynda” dollaryň manada görä hümmetiniň rekord derejä, 9-10 manada ýetmeginden soň, häzir onuň nyrhy arzanlamaga başlady.

Şu gün, ýagny 26-njy oktýabrda Aşgabadyň “gara bazarlarynda” bir dollar 8,20-8,50 manat aralygynda satylýar. Belläp geçsek, dollaryň nyrhy yza gaýtsa-da, geçen hepdäniň aýagyna çenli onuň 8 manada ýeten gezegi bolmandy. Ýagny, bu umumy arzanlaýyş bolman, ol diňe soňky hepdäniň dowamyndaky yza gaýtma boldy. Mundan öň, dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ençeme aýlap 7 manat töwereklerinde saklanypdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda 2009-njy ýylda geçirilen pul reformasyndan soň, bäş ýylyň dowamynda dollaryň hökümet kursy bilen ‘gara bazardaky’ nyrhynyň arasynda hiç hili tapawut bolmandy. Ýagny, dollaryň manada görä gatnaşygy 3,50 manat derejesinde saklanypdy. Munuň netijesinde – 2009-njy ýyla çenli ozal giňden ýaýran – “dollaryň gara bazary” diýen söwda öz-özünden ýatyp galypdy.

Ýöne, 2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyna her dürli gadagançylyklary girizip başlamagy, soňy bilen-de doly togtatmagy ýurtda “gara bazaryň” täzeden janlanmagyna getiripdi.

Dollaryň manada görä hümmetiniň birden ýokarlanmagynda hem bolşy ýaly, resmi häkimiýetler häzir onuň arzanlamagynyň sebäpleri we netijeleri barada-da hiç hili maglumat bermeýärler.

Emma, Azatlyk Radiosynyň ýurduň bank ulgamyna golaý çeşmesiniň berýän maglumatyna görä, häzir döwlet banklary tarapyndan “gara bazarlara” belli bir mukdarda nagt dollar goýberilip, olar öňki nyrha görä has arzandan satdyrylyp başlanypdyr.

“Dollaryň bikanun söwdasyny edýänleriň arasynda döwlet banklarynyň haýryna işleýän ýörite adamlar bar. Häzir dollaryň nyrhynyň barha artmagy bilen, banklar şol söwdegärlerine belli bir mukdarda nagt dollary berip, ony ‘gara bazardaky’ öňki nyrhyndan ujypsyz hem bolsa, arzan satdyrýarlar. Bu ‘gara bazardaky’ umumy nyrha täsir etmek üçin edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmesi gürrüň berdi.

Emma, ýokarky maglumatlary resmi türkmen, şol sanda bank resmilerine ne tassyklatmak, ne-de inkär etdirmek başartdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri ýurtda nagt pul gytçylygynyň ýiti duýlup başlanandygyna, netijede, bazarlarda we dükanlarda söwda edýän adamlaryň hem azalandygyna ünsi çekýärler.

“Raýatlar dollaryň bahasynyň has hem ýokarlanmagyndan howatyr edip, barja bolan manatlaryny dollara öwürýärler. Söwda edýänleriň sanynyň hem azalandygyny görse bolýar. Häzir nagt puluň deregine ‘haryt ýerine haryt berip’ söwda etmek hem ýaýbaňlanyp başlady. Adamlar bir halta un ýaly harytlar üçin kiçiräk el halysyny ýa-da howlusyndaky malyny hödürläp başladylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri gürrüň berdiler.

Mundanam başga, soňky ýagdaýlaryň fonunda “walýutanyň gara bazary” bilen birikde hereket eden, gizlin, ýagny “gara banklarda” hem aýlyk prosent tölegleri ýokarlandy. Eger-de ozal “gara banklardan” karz alnan dollaryň her aýyna 3,5-5% aralygynda töleg soralan bolsa, häzir bu 5-7%-e çenli artdy.

Şol bir wagtda, dollaryň hümmetiniň galmagynyň yz ýany bilen bahalary ýokarlanan azyk harytlarynyň nyrhy hem – daşary ýurt walýutasynyň yza gaýtmagyna garamazdan – şol öňki durkunda saklanmagyna galýar.

Ýatlatsak, dollaryň nyrhynyň galmagynyň ertesi güni, bazardaky azyk harytlarynyň bahasy hem 1,5-2 esse ýokarlanypdy.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen häkimiýetleri we mediasy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barasynda kelam agyz söz aýtmaýarlar. Munuň deregine, hökümet maslahatlarynda ýurduň tas ähli, şol sanda ykdysady pudagynyň dowamly özgerýändigi dogrusynda maglumatlar berilýär.

XS
SM
MD
LG