Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene günä geçildi, bu gezek 1636 tussag azatlyga çykýar


Türkmenistan. Polisiýa ofiserleri. Arhiw suraty
Türkmenistan. Polisiýa ofiserleri. Arhiw suraty

Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli 1636 raýatyň, şeýle-de birnäçe daşary ýurt raýatynyň günäsi geçildi. Emma azatlyga çykýan raýatlaryň arasynda halkara hukuk guramalary tarapyndan syýasy bendiler ýa wyždan ýesirleri diýlip hasaplanylýan adamlaryň hem bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Bu günä geçiş maý aýynda korrupsiýa garşy yglan edilen giň möçberli göreş netijesinde başlanan täze tutda-baslyklardan soň tussaglaryň sanynyň has artmagy, türme şertleriniň has agyrlaşmagy baradaky aladalaryň yz ýanyna gabat geldi.

Maglumat üçin aýdylsa, şu ýylyň iýun aýynda, Gadyr gijesine gabatlanyp yglan edilen günä geçişde 1000 tussag azatlykdan mahrum etmek baradaky esasy jezasyny çekmekden boşadyldy.

Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, ykdysady krizisiň çuňlaşmagy, korrupsiýa garşy yglan edilen göreş bilen baglylykda türme tussaglarynyň sanynyň birnäçe esse köpeljekdigi, tussaglara berilýän naharyň azaldyljakdygy we bendileriň esasan yzlaryndan gelýän azyk önümlerine daýanmaly boljakdygy çaklanylýar.

Emma Türkmenistanda tussaglaryň umumy sany, jenaýatçylygyň derejesi we kanun bozmalaryň esasy sebäpleri barada açyk statistiki maglumatlar elýeterli däl.

Türkmenistanda G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň günä geçişler uly baýramçylyklara gabat, ýygy-ýygydan yglan edilýär. Emma ondan öň günä geçişler esasan Gadyr gijesine gabatlanardy her ýyl 8-10 müň çemesi tussag azatlyga goýberilerdi.

Türkmen metbugaty, adat bolşy ýaly, bu gezek hem günä geçiş kararlarynyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda, her bir maşgalanyň agzybirligi we bitewüligi nukdaý nazaryndan kabul edilýändigini, prezidentiň degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlary işe ýerleşdirmek barada tabşyryk berýändigini nygtady.

Ynsanperwerlikmi ýa başga zat?

Emma hukuk goraýjy aktiwistler bu aýdylýanla bilen ylalaşmaýar. Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin bu günä geçişlerden soň begenen maşgalalar bilen bir hatarda gynanmaly bolýan maşgalalaryň hem köpelýändigini aýdýar.

Türkmenistanda tussaglaryň sany iş ýüzünde tasdan üýtgemeýär diýen ýaly, sebäbi häzirki boşadylan tussaglaryň oruna basym täze tussag edilenler geler, bu iş prezident Berdimuhamedowyň korrupsiýa garşy göreştabşyrygy esasynda amala aşyrylýar, häzir regionlarda juda köp möçberdäki adam ýa eýýäm sud edildi, ýa-da derňew astynda” diýip, Tuhbatullin Wenadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Tuhbatulliniň çakyna görä, bu gezeki günä geçişde geçen gezekkiden 636 tussagyň köp azatlyga goýberilmegi rehimdarlyk bilen däl-de, hakykatda täze tussaglara ýer tapmak zerurlygy bilen bagly bolmaly. Şu sebäpden ol baýramçylyklara gabat ýüzläp, hatda müňläp adam azatlyga çykarylsa-da, “bu häkimiýetleriň ozalkylaryna görä has geçirimli, has ynsanperwer bolandygyny aňladyp bilmez” diýip ynanýar.

Begenýän känmi ýa gynanýan?

Türkmenistanda maý aýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň Ykdysady jenaýatlara garşy ýörite gulluk döredildi we dürli derejelerde işleýän adamlaryň onlarçasynyň korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplanandygy habar berildi, şeýle-de olaryň bir toparyny telewideniýe arkaly özlerini ýazgarmaga mejbur etdiler.

Emma soňra tutulan, iş kesilen adamlar barada berilýän maglumatlaryň başdaky jikme-jikligi ýapyldy. F.Tuhbatullin bu ýapyklygyň sebäbini häkimiýetleriň ýurtda dörän agyr sosial, ykdysady ýagdaýy, jenaýatçylygyň derejesiniň peselmeýändigini ýaşyrmak synanşygy bilen baglanyşdyrýar.

Sosial problemalar çözülmeýär, işsizlik bar, adamlar nädibem bolsa öz maşgalalaryny eklemeli, netijede adamlaryň belli bir topary belli bir jenaýatlara, ogurlyga, talaňçylyga ýüz urýar” diýip, Tuhabtullin aýtdy.

Hukuk goraýjynyň ynanjyna görä, eger-de sosial problemalar çözülmese, ýeterlik iş orunlary döredilip, adamlaryň durmuş, güzeran derejesi gowulandyrylmasa, Türkmenistanda “Nyýazow döwründen başlanan köpçülikleýin günä geçişler dowam eder we bu hakykatda maşgalalaryň abadançylgyna däl, eýsem kakasy ýa ejesi, doganlary tussag edilen çagalaryň umumy sanynyň bütin ýurt boýunça ýyl-ýyldan köpelmegine getirer”.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň mekdeplerinde çagalardan üç arka garyndaşlary, hususan-da sud edilen garyndaşlary barada maglumat soramak saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG