Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni haýsy bähbit esasynda üýtgedilýär?


Aşgabat, S.Nyýazow köçesi
Aşgabat, S.Nyýazow köçesi

Türkmenistan 27-nji oktýabrda döwlet, ýurt garaşsyzlygynyň nobatdaky gününi – 1991-nji ýyldan bäri yzygiderli bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyny bellemäge taýýarlanýar. Emma bu Aşgabadyň Garaşsyzlyk baýramyny Türkmenistanyň ilki 1924-nji ýylda, soň 1991-nji ýylda garaşsyz döwlet diýlip jar edilen günlerinde soňky gezek belleýşi bolar.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň 9-10-njy oktýabrda geçen Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirmek teklibi oňlandy.

Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Garaşsyzlyk gününiň Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň bolan gününe geçirilmegi hiç bir jähtden heňe gelmeýär. Şol bir wagtda türkmen häkimiýetleriniň ýurt garaşsyzlygynyň arkasynda duran hakyky taryhy wakalary ýoýmak, olaryň unudylmagyny çaltlaşdyrmak meýilleriniň bardygyny aýdýanlar hem bar.

Azatlyk radiosy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň şu wagta çenli 27-nji oktýabrda bellenilmeginiň aňyrsynda ýatan taryhy sebäpler bilen gyzyklanyp, taryhçy ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni haýsy bähbit esasynda üýtgedilýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:20 0:00

XS
SM
MD
LG