Astrahanda türkmenistanly studentleriň ýerli bir zenany zorlandygy barada, Russiýanyň media serişdeleri habar berýärler.
17-nji oktýabrda “RIA Swežiý weter” neşiri Astrahanyň kanun goraýjy organlaryna salgylanyp, ýerli zenanyň zorlanandygy barada, jenaýat işiniň gozgalandygyny aýdýar.
“Pida bolanyň aýtmagyna görä, ony jynsy zorluga sezewar edenler türkmenistanly üç student” diýlip, neşiriň habarynda şübheli türkmen studentleriniň Astrahanyň döwlet uniwersitetinde okaýandygy bellenilýär. Emma olaryň şahsyýetleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.
Kanun goraýjy organlaryň deslapky netijesinde şübheli türkmen studentleriniň gürrüňi edilýän zenany Astrahanyň Kirowskiý etrapçasyndaky kireýine alnan kwartira aldaw ýoly bilen salmagy başarandygy we ony zorlandan soňra goýberendigi aýdylýar. Şondan soň zenanyň dessine kanun goraýjy organlara ýüzlenendigi bellenilýär.
Häzir bu waka dogrusynda, agyr jenaýat işiniň gozgalandygyny, Astrahanyň derňew komitetiniň gyzy zorlamakda güman edilýän üç türkmenistanly studenti soraga çekendigini rus neşiri ýazýar.
“Komitetiň işgärleriniň mümkin jenaýatçylaryň psihiki portretini anyklamak üçin, Astrahanyň döwlet uniwersitetiniň rektory we mugallymlary bilen söhbetdeşlikleri geçirdiler. Şeýle-de, şübheliler zerur bolan sud-medisina barlaglaryndan geçiriler we şonuň netijelerine görä, derňewleriň dowamy belli bolar” diýlip, “RIA Swežiý weter” neşiriniň maglumatynda aýdylýar.
Ýeri gelende aýtsak, Azatlyk Radiosyna boldy diýilýän bu wakany ne Astrahan döwlet uniwersitetiniň resmilerine, ne-de Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartdy.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmenistanlylaryň käbiriniň dürli jenaýatlara baş goşýandyklary barada daşary ýurt media serişdelerinde wagtal-wagtal maglumatlar peýda bolýar.
Şu ýylyň iýun aýynda Ukrainada okaýan türkmenistanly student 1993-nji ýylda doglan bolgariýaly bir gyzy parçalara bölüp, rehimsizlik bilen öldürmekde aýyplandy. Şonda ukrain resmileri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, şahsyýeti mälim edilmedik 29 ýaşly türkmenistanla Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 115-nji maddasynyň 1-nji bölümi, ýagny bilkastlaýyn adam öldürmek aýyplamasynyň bildirilendigini aýdypdylar.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda bolsa, Ukrainanyň Sumi şäherinde 20-ä golaý türkmenistanly ýaşlaryň azerbaýjanly studenti urup-ýenjendigi habar berildi. Şonda beýindäki trawma zerarly keselhana ýerleşdirilen azerbaýjanly studente “agyr kontuziýa” we “hereket sazlygynyň ýitendigi” barada diagnoz goýulandygy aýdyldy.
Türkmenistanly ýaşaryň onlarça müňi daşary ýurtlarda öz hasabyna okaýar. Ukrainanyň Bilim we ylym, ýaşlar we sport ministrliginiň maglumatyna görä, Ukraina daşary ýurtlardan okamaga gelýän studentleriň sany boýunça Türkmenistan öňdäki hatarda durýar.
Ukrainanyň Statistika boýunça döwlet edarasynyň maglumatyna görä, 2012-2013-nji okuw ýylynda ukrain ÝOJ-larynda Türkmenistandan 10452 adam bilim alypdyr.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, ýokarda gürrüňi edilen habarlar dogrusynda, türkmen häkimiýetleri, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary resmi beýanat bilen çykyş etmän gelýärler. Şeýle-de, bu barada ýurduň media serişdelerinde hem ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.