Türkmenistanda aýlyklaryň ýüzden 10 göterim ýokarlanmagyna galagoply ýagdaýda garaşylýar. Türkmenistanyň halky soňky ýyllarda başdan geçiren tejribelerine salgylanyp, aýlyklaryň 10% ýokarlanmagynyň fonunda bahalaryň hem ummasyz galýandygyny oňat bilýärler. Şeýle galagoplulykda, Türkmenistanyň hökümetiniň halkyň "garaşylmadyk ýagdaý" diýip baha berýän ahyrky kabul eden kararynyň güýçli täsiri bar.
Azatlyk Radiosynyň habar berşi ýaly, şol bir wagtyň özünde şeýle galapoluga çagalar baglarynyň töleginiň on esse ýokarlanmagyna soňky günlerde Daşoguzda we ýurduň beýleki ýerlerinde bildirilen nägilelikleriň hem ýiti täsiri bar.
Türkmenistanyň dürli sebitleriniň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, aýlyklaryň 2018-nji ýylyň başyndan başlap aýdylan görnüşde ýokarlanmagy barasyndaky karary hut golaýda geçirilen Ýaşulular maslahatyndan soň kabul etmegi halkyň ynjalyksyzlygyny hasam artdyrypdyr.
"Tomusda aýlyklaryň 10% ýokarlanjagy aýan edilenden soň adamlar derrew bazarlardan ätiýaçlyk azyklaryny satyn almaga başladylar. Azyk önümleriniň gymmatlajagy barasynda hut şeýle galagoplyk bar. Adamlar ätiýaçlyk azyk önümlerini üýşürmäge başladylar" diýip, Mary welaýatynyň bir etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Ýatlap geçsek, prezident aýlyklaryň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 10% ýokarlandyrylmagy barasyndaky karary baryp iýul aýynyň başynda kabul edipdi. Ýöne Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyndaky çykyşynda muny ýatladyp geçipdi.
Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren gürrüňine görä, Ýaşulular maslahatynda şeýle karara gelinmeginden soň halkyň arasynda azyk önümleriniň aşa gymmatlajagy barasynda howsala hasam güýçlenipdir.
"Ylaýta-da mugt tebigy gaz, elektrik energiýasy we suw üpjünçiliginiň ýatyryljagy baradaky karar adamlary hasam ynjalyksyzlandyrdy. Bu sebäbi şol bir wagtyň özünde çagalar bagynyň töleginiň duýdansyz ýagdaýda ummasyz derejede gymmatlamagyna getirdi. Jogapkärler henizem tölegleriň näme sebäpden aşa ýokarlanandygyna düşündiriş bermeýärler. Ýaşaýjylar tölegler ýaly bahalaryň hem duýdansyzlykda çakdanaşa ýagdaýda ýokarlanmagyndan howatyrlanýarlar. Adamlar geljekde özlerine nähili ýagdaýyň garaşýandygyndan ynjalyksyzlanýarlar. Garaz, adamlar häzir gümürtik ýagdaýda ýaşaýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatyndaky habarçysy Serdar Salyh gürrüň berýär.
Onuň aýtmagyna görä, şeýle ýagdaýyň fonunda ýurtda walýuta bahalary hem ýokarlanypdyr. Bu hem şol bir wagtyň özünde bahalara we adamlaryň ruhy ýagdaýyna öz täsirini ýetirer.
"Dollaryň bahasy häzir 7,5-8 manat. Ýöne onuň gymmatlamagy dowam edýär. Şonuň üçinem häzir durşy bilen gümürtik ýagdaý ýüze çykdy. Adamlaryň arasynda dürli gep-gürrüňler ýaýrady. Meselem, geljek ýyl studentlere berilýän pul kömeginiň, ýagny stipendiýalaryň hem ýatyryljakdygy we mekdepler bilen ýokary okuw jaýlarynyň tölegli boljagy barada gep-gürrüň bar. Häzir adamlar diýseň galagoply ýagdaýda" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.
Azatlyk Radiosyna berlen maglumatlaryň ýene birinde, Türkmenistanda halkyň arasynda golaýda benziniň bahasynyň hem gymmatlajagy barasynda gep-gürrüňleriň ýaýrandygy öňe sürülýär.
Daşoguz welaýatynyň bir ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna "WhatsApp" sosial aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen beren habarynda: "Daşoguzda hemmeler 1-nji noýabrdan başlap, benziniň bahasynyň gymmatlap 3 manat boljagyny gürrüň edýär. Adamlar häzir ýüzlerçe litrläp ätiýaçlyk benzin satyn alýarlar. Dollar hem 8 manada çenli ýokarlandy. Mundan beýläk nädip ýaşamaly, men bilemok" diýýär.
Benziniň gymmatlajagy barasyndaky gep-gürrüňler ýurtda diňe Daşoguz welaýatynda ýaýrawly däl. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, şeýle gürrüňler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem ýaýrapdyr.
"Aşgabatda hem hemmeler benziniň gymmatlamagyna garaşýar. Hut şonuň üçinem ýangyç satylýan ýerlerde eýýämden bahasy 1 manat bolan benzin 1 manat 20 teňňeden satylyp başlandy. Adamlar derrew özüne ätiýaçlyk ýangyç ýygnamaga başlady. Maňa hatda ýangyç satylýan ýerlerde kesgitlenen mukdar bolan 100 litrden köp ýangyç alynýan mahaly gözegçilik kameralarynyň hem öçürilýändigini gürrüň berdiler. Adamlar ýangyç satýan bilen dildüwşüp, ol ýerde ýüzlerçe litr benzin satyn alýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Geçen hepde çagalar baglarynyň töleginiň garaşylmadyk ýagdaýda on esse gymmatlamagy uly galagopluk döredipdi. Daşoguz şäherinde we welaýatyň käbir etraplarynda ene-atalar nägilelik ýörişini geçirip, tölegleriň gymmatlamagyny protest edipdi.
Daşoguz şäher häkimligi bilen welaýat bilim bölüminiň işgärleri, Azatlyk Radiosy bilen geçiren gürrüňdeşliginde 10-njy oktýabrda aglabasy zenanlardan ybarat bolan köpsanly adamyň şäher häkimliginiň golaýynda protest ýöreýşini gurnandygyny tassykladylar. Şonda protestçilere garşy içeri işler ministrliginiň ýörite tälimli güýji hem çagyrlypdyr.
Çagalar baglarynyň tölegleriniň garaşylmadyk ýagdaýda aşa gymmatlamagy, şol sanda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjylarynyň hem nägileligini bildirmek üçin etrap häkimligine üýşmegine sebäp bolupdyr. Adamlaryň muňa güýçli nägilelik bildirendigi we hatda nägileligiň soňunyň urşa ýazan wagtynyň hem bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berildi.
Mälim bolşuna görä, 1-nji noýabrda Türkmenistanda çagalar baglarynyň aýlyk tölegi 8 manatdan 80 manada ýokarlanar, ýagny tölegler on esse gymmatlar. Bilim ministrliginiň dürli sebitlerdäki bölümleriniň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, käbir sebitlerde çagalar bagynyň aýlyk tölegi 96 manada barabar bolar.
Ýüze çykan ýagdaýlar sebäpli köpsanly çagalar bagy tutuşlygyna ýapylmaly bolupdyr. Olaryň işgärleri bolsa işsiz galmakdan howatyrlanýarlar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan bäri iň agyr ykdysady kynçylygy başdan geçirýär. Munyň esasy sebäbi bolsa, uglewodorod önümleriniň dünýä bazarynda nyrhynyň arzanlamagy bilen ýurduň olara garaşly ykdysadyýetiniň girdejisiniň pese gaçmagydyr.