Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrjakdygyny aýdýar


Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar ýurduň dürli künjeklerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginden nägiledigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar ýurduň dürli künjeklerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiliginden nägiledigini aýdýarlar.

Türkmenistanda ýurduň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen kuwwady 500-400 kW Mary-Sarags-Maşat (Eýran) asma elektrik geçirijisini gurmak boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar, şeýle hem ýokary geçirijili Balkanabat-Gonbad (Eýran) asma elektrik geçirijisini gurmak meýilleşdirilýär.

Resmi maglumata görä, elektrik geçirijileriň gurulmagy Eýranyň energiýa ulgamynyň üsti bilen elektrik energiýasynyň Eýrana we Türkiýä iberilmegini üpjün eder.

Mundanam başga, häzirki wagtda elektrik energiýasyny Pakistana ibermek maksady bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ugry boýunça ýokary geçirijili elektrik geçirijisiniň gurulýandygy habar berilýär.

Emma göz öňünde tutulýan bu proýetkleriň gurluşyk möhletleri, şeýle-de eksport ediljek elektrik energiýasynyň nyrhlary dogrusynda hiç zat aýdylmaýar.

Bu aralykda, türkmen mediasynyň ýurduň elektrik kuwwatynyň “artýandygy”, şeýle-de ony daşary ýurtlara eksport etmek ugrunda tagalla edilýändigi baradaky maglumatlarynyň fonunda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabatda hem elektrik energiýasynyň üpjünçiliginden nägiledigini aýdýarlar.

“Öýlänki ýagan ýagyş sebäpli, [Daşogzuň] Görogly şäherinde eýýäm dört sagatdan bäri elektrik togy ýok. Toguň haçan geljegi belli däl. Daşary tüm garaňkylyk” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzlylardan biri golaýda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna hat ýollady.

Lebabyň Serdarabat etrabynyň Ýaşlyk obasynyň ýaşaýjylary bolsa, elektrik togunyň günde-günaşa kesilip, onuň kä halatlarda ençeme günläp hem bolmaýandygyny gürrüň berdiler.

Galyberse-de, türkmen resmileri TOPH geçirijisiniň ugry boýunça gurulýandygy aýdylýan elektrik liniýasynyň howpsuzlyk meselesi barada hiç zat aýtmaýarlar. Ýatlatsak, Türkmenistandan goňşy Owganystanyň demirgazyk sebitlerine iberilýän elektrik liniýalarynyň, jeňçileriň hüjümleri sebäpli, kesilýändigi dogrusynda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Resmi türkmen mediasy şu ýylyň dokuz aýynda ýurtda 18 milliard 360 million 611 müň kWt sagat elektrik energiýasynyň işlenilip taýýarlanandygyny, munuň meýilnamada bellenilenden 103,2% ýokarydygy bellenýär. Ýylyň başyndan bäri elektrik energiýasynyň eksporty hem 2 milliard 870 million 835 müň kWt sagada deň bolupdyr.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanyň dünýädäki energiýa serişdeleriniň bahalarynyň düýpli pese gaçmagy netijesinde, garaşsyzlykdan soňky döwründäki iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýar. Bu ýagdaýlaryň fonunda türkmen prezidenti ilata 1990-njy ýyllardan bäri berlip gelnen ‘mugt’ tok, gaz, suw hyzmatlaryny ýatyrmagy hem makullady.

XS
SM
MD
LG