Oşda saýlawçylary satyn almakda güman edilip saklanan agitatorlar milisionerleriň basyşy astynda görkezme berendiklerini aýdýarlar.
Gyrgyzystanyň Oş şäherinde prezidentlige kandidat Ömürmek Babanowyň ştabynyň iki wekili saýlawçylary satyn almak synanyşygy aýyplamasynda tussag edildi. Emma tussag edilenler munuň ýörite gurnalan prowokasiýadyny aýdýarlar.
Prezidentlige kandidatyň ştaby Baş prokuratura ýüz tutdy.
10-njy oktýabrda internetde ýaýradylan wideoýazgyda güýç gurluşlarynyň wekilleriniň iki sany agitatordan sorag edişleri görkezilýär. IIM-niň resmi maglumatyna görä, olar saklanan wagtynda ýanlaryndan 185 müň som tapylypdyr we bu pullaryň saýlawçylary satyn almaga niýetlenendigi çak edilýär.
Agitatorlaryň biri, 58 ýaşyndaky Sabyrjan Alimow görkezme berende bu pullaryň ses berijileri satyn almaga niýetlenendigini aýtdy. Emma 11-nji oktýabrda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen söhbetdeşlikde Alimow bu hadysany düşündirip, ol pullaryň agitatorlara aýlyk bermek üçin niýetlenendigini gürrüň berdi. Şeýle-de ol ozalky görkezmesini milisionerleriň basyşy astynda berendigini aýtdy:
«Men ýalňyş görkezme berdim. Sebäbi meni urdylar we gorkuzdylar, maşynyňa bir zat taşlarys” diýdiler. Men mundan öň güýç gulluklary tarapyndan saklanmandym, aljyradym. Hakykatda bu pullar agitatorlara aýlyk bermek üçin niýetlenendi.”
Sabyrjan Alimow bilen bilelikde tussag edilen Tahir Kasymow bolsa şeýle diýdi:
“Düýn (10-njy oktýabr) sagat on üçde, agitatorlara berilmeli aýlyklary alyp barýarkak, “On-Adyr” ýolunda bizi ýol gözegçilik inspektorlary saklady. Dokumentler barlanýan wagtynda biziň ýanymyza graždan eşikli iki sany adam geldi we olary bizi GUWD-a (Içeri işleriň şäher uprawleniýesine) alyp gitdiler. Ol ýerde bizden pullar hakynda soradylar we men onuň aýlykdygyny aýdyp jogap berdim. Meni ol ýerde ýarygijä çenli sakladylar.
Oş şäheriniň Içeri işler uprawleniýesiniň metbugat sekretary Zamir Sadykow saýlawçylaryň satyn alynýandygy barada maglumat gowşanyndan soň milisiýa işgärleriniň ýola çykyp, güman edilýänleri Sadraddin Aýni köçesinde tussag edeniklerini aýtdy:
“Güman edilýänler “On-Adyr” mikroraýonyna ugranlarynda tussag edildi. Barlag wagtynda milisionerler saklananlaryň biriniň ýanyndan 100 müň, beýlekisiniň ýanyndan 85 müň som tapdyrlar. Olar bu pullaryň saýlawçylary satyn almak üçin niýetlenendigini gürrüň berdiler. Olaryň milisionerler tarapyndan haýbat atylandygy barada aýdýan sözleri hakykata gabat gelmeýär. Ele salnan pullar baradaky iş suda geçirildi, ol adamlaryň özleri bolsa goýberildi."
Prezidentlige kandidat Ömürmek Babanowyň saýlawdan öňki kampaniýasynyň ştaby IIM-niň sesleriň satyn alynmak faktyny hasaba alandygy baradaky maglumaty ret etdi. Ol ýerde milisiýa işgärleriniň suduň sanksiýasyny almazdan adam yzarlap, özleriniň kanuny bozýandyklaryny aýtdylar.
Mundanam başga, hususy maşynyň Oşda esassyz saklanandygy, bikanun gözleg-agtaryş geçirilendigi, ol maşyndan tapylan gapyrjaklaryň agitasiýa üçin niýetlenendigi, sürüji bilen agitatora bolsa basyş görkezilendigi aýdylýar.
Kandidatyň ştaby bu iş boýunça milisionerleriň üstünden şikaýat edip, Baş prokuratura ýüz tutmakçydygyny aýdýar.
Şu aralykda oşly žurnalist Şahruh Saipow Sooronbaý Žeenbekowa wekilçilik edýän agitatorlaryň saýlawçylara pul teklip edýändiklerini aýtdy. Ol öz öýüne gelen we bir ses üçin müň som teklip eden adamlary wideoýazga düşürdi.
Gyrgyzystanda prezident saýlawlary 15-nji oktýabrda geçirilýär.