Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň halaýan 7 belgisiniň jadyly syrlary


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulaglary üçin 7 belgisini saýlaýar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulaglary üçin 7 belgisini saýlaýar

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleýji dabarasy geçirildi. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, peteklerde jemleýji dabaranyň ýerli wagt bilen agşam sagat 7-ni 17 minut geçende başlajakdygy aýan edilipdir. “Aşgabat-2017” Aziýada oýunlarynyň açylyş dabarasy bolsa 17-nji sentýabrda sagat 8:17-de başlapdy.

“Aşgabat-2017” Aziýa oýunlarynyň jemleýji dabarasynyň guramaçylygyndan habardar birnäçe ýerli çeşmäniň aýtmagyna görä, oýunlarda 7 belgisiniň ýörite saýlanyp alynmagy hut prezident G. Berdimuhamedowyň ol sany halaýandygy bilen arabaglanyşyklydyr. Türkmenistanyň owalky ýokary wezipeli resmilerinden biri prezidentiň halaýan 7 belgisine baglylygyň sebäplerini şeýle gürrüň berdi.

"Prezidentiň 7 belgisini özi üçin şowly saýýandygyny hemmeler bilýär. Diýmek, ol hemişe özi üçin şowly hasaplaýan sana aýratyn çemeleşipdir. Bilinişi ýaly türkmenler 3, 7, 9, 40 sanlaryna hem belgilerine aýratyn hormat goýýarlar. Ýöne, haçan-da 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçenden soň, Arkadagda 7 belgisi bilen baglanyşykly şeýle endik, yrym we çäksiz söýgi hasam möwjäpdir. Eger siz üns beren bolsaňyz, haçan-da, ol özüniň ýaryş awtoulagynda hünärlerini görkezýän mahaly hem 7 belgi bilen çykyş etmegi saýlap alýar. Galyberse-de, ol 2017-nji ýylda öz prezidentlik möhletini ýene 7 ýyl uzaltmadymy ahbetin. Diýmek, şeýle ýagdaýlar onuň 7 belgi yrymyna bolan ynanjyny hasam pugtalandyran bolmaly" diýip, owalky bir resmi aýdýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7 belgili ýaryş awtoulagynda
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 7 belgili ýaryş awtoulagynda

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RAN) Psihologiýa institutynyň baýry ylmy işgäri, tanymal psiholog Olga Mahowskaýa Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde, şeýle belgilere yrym etmegiň özüne däl-de, eýsem "tötänliklere" bil baglaýanlaryň endigi bolup durýandygyny nygtaýar.

"Belgilere yrym etmek, dogry saýlawy tötänlikleriň ygtyýaryna tabşyrmakdyr. Bu aslynda adamyň aňynyň aňyrsynda ýatan bir ýagdaý bilen arabaglanyşyklydyr. Haçan-da, çaga öz edýän hereketiniň netijesini seljerip biljek ukypda bolmadyk halatynda, duýgular söz ýa-da harp bilen däl-de, hut belgiler bilen beýan edilmäge synanyşylýar. Şonda saýlanyp alnan belgiler adamy kararsyzlyk babatda ynjaldýar, onuň saýlap alan ugrunyň dogrudygyna ynanmagyna we hut şeýle ýasama duýgynyň döremegine kömek edýär" diýip, psiholog aýdýar.

Alym Mahowskaýa sanlara we belgilere yrym edýänleriň ylaýta-da jübüt bolmaýanlaryň şowlulyk getirýändigine ynanýandygyna hem aýratyn üns çekýär.

"Şol 7 belgisiniň şeýle düşündirişi bar. Ýagny Türkmenistanyň prezidenti, belki, keýpi kök bolanda ýa-da isleýän zady başa baranda, gözi 7 belgisine düşýän bolmaly we duýgularynyň kömegi bilen onuň özüne şowlulyk getirýändigine yrym edendir. Onsoň ol belgi ony ynjaltýandyr we bagtyýar edýändir" diýip, russiýaly psiholog alym sözüniň üstüni ýetirýär.

Şeýlelikde, "Aşgabat-2017" oýunlary 17-nji sentýabrda uly şowhun bilen açyldy. Aziýa oýunlarynyň açylyş hem jemleýji dabaralarynyň guramaçylygy üçin italiýanyň "Balich Worldwide Shows" atly firmasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy we käbir çeşmeleriň öňe sürmegine görä, olara 120 million amerikan dollary möçberinde pul tölendi.

Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetine ýakyn bolan çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňlerine görä, tutuş çäreleriň geçirilmegine bolsa 15 milliard amerikan dollary möçberinde çykdaýjy edilipdir.

Deňeşdirmek üçin mysal getirilmeli bolsa, ahyrky gezek Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde geçirilen tomusky olimpiýada oýunlary üçin 4,6 milliadr amerikan dollary möçberinde çykdajy edilipdir. Rio olimpiýada oýunlarynyň açylyş we jemleýji dabaralary üçin 20 million dollar töwereginde pul sowulypdyr.

Ýeri gelende bellesek, "Aşgabat-2017" oýunlary Halkara olimpiýada komiteti tarapyndan ykrar edilen "Aziýada" ýa-da "Aziýada oýunlary" görnüşinde nädogry atlandyrylýar. Halkara olimpiýada komiteti, şeýle-de milli ýygyndy toparlaryň gatnaşmaýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän Aziýa oýunlaryny ykrar etmeýär.

Halkara olimpiýada komitetiniň hat üsti bilen Azatlyk Radiosyna beren beýannamasynda şeýle diýilýär: "Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän Aziýa oýunlary, Halkara olimpiýada komitetine dahyly bolmaýan bitarap sport çäresi hasaplanýar".

XS
SM
MD
LG