Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aşgabat-2017” oýunlarynyň resmi açylyşy geçdi


Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklarynyň galdyryş dabarasy boş tribunalaryň fonunda geçdi
Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklarynyň galdyryş dabarasy boş tribunalaryň fonunda geçdi

Ýekşenbe güni Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän 5-nji Aziýa oýunlarynyň açylyş çäresi uly şowhun bilen geçirildi.

Şol bir wagtda, dabara oýunlaryň garaşylan wagtyndan üç sagat dagy giç başlady. Ýeri gelende ýatlatsak, oýunlara 500 gün galan mahaly, tersine işleýän kalendar işledilipdi. Ondan çen tutulsa, oýunlaryň açylyş dabarasy 17-nji sentýabrda sagat 17:00-da başlamalydy. Şol gün döwlet telewideniýesinde görkezilen göni ýaýlymdaky reportažlarda hem, sagat 17:00-yň öňüsyrasynda, habarçylar “dabara sanlyja minut galdy” diýip buşlapdylar.

Emma açylyş çäresi sagat 20:17 başlady. Bu barada “Aşgabat-2017” oýunlarynyň resmi saýtynda maglumat görkezilen bolsa-da, döwlet mediasynda hiç hili maglumat berilmedi.

Açylyş dabarasy mynasybetli Aşgabada ençeme döwlet ýolbaşçylary, şol sanda goňşy ýurtlaryň liderleri: gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew, tajik prezidenti Emomoli Rahmon we özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagy geldiler. Şeýle-de, oýunlarda türgenleri çykyş edýän Pakistanyň we Owganystanyň ýurt baştutanlary hem açylyş dabarasyna geldiler.

Galyberse-de, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň açylyşyna Ermenistanyň prezidenti Serž Sargisýan, Moldowanyň prezidenti Igor Dodon, Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow, şeýle-de Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko hem geldiler. Bu ýurtlaryň türgenleri Aşgabatdaky oýunlarda çykyş etmeýär.

Dabaranyň öňüsyrasynda Olimpiýa kompleksine we onuň daş töweregine eýýäm ir sagat 10-da müňlerçe talypdyr býujet işgärleri getirilip, olar dabara gutarýança, ýagny gije sagat 23:30-a çenli, daşarda garaşmaly boldular. Belläp geçsek, gatnaşyjylar üçin hiç hili amatlyklar göz öňünde tutulmandy, olar iýjek-içjeklerini hem öz hasabyna almalydylar.

18 aýlap taýýarlyk görlendigi aýdylýan we 2,5 sagat dowam eden açylyş dabarasynda 39 ýuda wekilçilik edýän 752 adam, 7 müň 500 artist, 65 at, 34 düýe, 1 it we iki güjük gatnaşypdyr.

Mundanam başga, açylyş güni Olimpiýa toplumyna barýan ýollaryň ählisi petiklenip, ol ýere hiç kim goýberilmedi.

Oýunlara gatnaşýan 64 döwletiň, şeýle-de bosgunlaryň ýygyndy toparlarynyň tanyşdyrylyş ýörişinden öň, Italiýanyň Balich Worldwide Shows kompýaniýasy tarapyndan gurnalan şowhunly dabara görkezildi.

Dabara köp sanly, müňlerçe mejbury tomaşaçylaryň çekilmegine garamazdan, stadionda entegem boş orunlaryň durandygyny görse bolýardy. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklarynyň galdyryş dabarasynyň boş tribunalaryň fonunda geçendigine ünsi çekdi.

Oýunlaryň ertesi güni, Olimpiýa kompleksiniň golaýyndaky ýerli ýaşaýjylar howpsuzlyk çäreleriniň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdylar. Sebitde, polisiýa işgärlerinden başga-da, sport lybaslaryny geýnen, eli rasiýaly howpsuzlyk işgärleriniň hem gözegçilik edýändigini görse bolýar.

Türkmen hökümeti bu oýunlara, Türkmenistanda geçirilýän iň uly halkara çäresine taýýarlyk üçin milliardlarça dollar harçlady. Bu oýunlara gabatlanyp gurlan täze uçar menziliniň döwlet gaznasyna 2.5 milliard dollar çemesi serişdä düşendigi aýdylýar.

Şeýle-de, Aşgabatda 150 gektar meýdany tutýan Olimpiýa desgalary, şol sanda 45 müň tomaşaçy orunly stadion, 6 müň tomaşaçy orunly tigir sürüş meýdançasy, suw sportlary toplumy, 5 km. aralyga uzaýan monorial ulgam guruldy.

Şu aralykda adam hukuklaryny goraýan toparlar Aşgabatdaky we onuň töweregindäki hususy jaý eýeleriniň oýunlaryň öňünden köp sanly haksyzlyga, emläk hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna sezewar edilendigini aýtdylar.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary we Hýuman Raýts Wotç guramasy 4-nji sentýabrda hasabat çap edip, türkmen häkimiýetleriniň bu oýunlara taýýarlyk sebäpli Aşgabatdaky jaý eýeleriniň müňlerçesiniň jaýlaryny ýykyp, olara degerli kompensasiýa bermändigini habar berdiler.

Şeýle-de, bu iki hukuk topary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşini, 5-nji Aziýa oýunlaryny gurnaýjy guramany Türkmenistanyň adam hukuklary babatda öz üstüne alan borçnamalaryny ýatlatmaga çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG