Türkmenistanda bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy zerarly dermanhana resmileri harytlaryň nyrhyny görkezmegi bes etdiler diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
“Türkmenistanyň diňe döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarynda dermanlaryň bahalary görkezilýär. Hususy eýeçilikdäki dermanhanalarda bolsa görkezilmeýär. Dermanhanadaky satyjy munuň sebäplerini nyrhlaryň galýandygy sebäpli, bahalary yzygiderli çalyşmaly bolýandygy bilen düşündirýär” diýip, neşiriň 23-nji awgustda beren maglumatynda bellenilýär.
Neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, hususy we döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda dermanlaryň bahasynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse gymmatlandygyny, soňky döwürde käbir dermanlaryň tapdyrmaýandygyny aýdýar.
Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri hem tassyklap, şu ýagdaýa şäheriň Parahat-4 etrapçasyndaky “Tebip”, “Mir” bazaryndaky “Lukman hekim”, “Melhem” we käbir beýleki dermanhanalarynda duş gelse bolýandygyny habar berýärler.
Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň ýokarda agzalan dermanhanalaryň resmilerine we satyjylaryna salgylanyp şeýle gürrüň berdi: “Bir bahany ýazsak, şol bir dermanyň bahasy üýtgäp durýar. Biz iň soňky getirilen nyrhdan baha kesýäris. Şony etmesek bolanok. Sebäbi döwlet tarapyndan hususy sektorda işleýän dermanhanalara Merkezi bankyň kesgitlän nyrhyndan azda-kände dollar öwrüp bermek ýaly zatlar ýola goýlupdyr. Onsoň biz dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy esasynda [dermanlary] dollara satyn almaly bolýarys. Soňra biz ykdysady maliýe zyýanyna galmazlyk üçin bahany, dermanlary satyn alýan nyrhymyza görä, yzygiderli gymmatlatmaly bolýarys diýýärler”.
Ol dermanhana resmileriniň satuwa çykarylan dermanlaryň bahasyny kompýuterde ýerleşdirilen sanawa esaslanyp aýdýandygyny, müşderileriň arasynda bu ýagdaýdan nägile bolýanlaryň hem bardygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Derek geregi ýykar diýleni, müşderiler dermanlary alýarlar, ýöne bahanyň ýazylmaýandygyndan olaryň belli bir bölegi nägile bolýar, beýleki bir bölegem diýlen nyrhy töläp, seslerini çykarman gidýärler diýýärler” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.
Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi dermanlarda bahasy görkezilmedik dermanhanalara hökümet resmileri tarapyndan ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigini, bu ýere baran döwlet barlagçylary bilen dermanhana resmileriniň “umumy dil tapyşmak, para bermek” arkaly bu ýagdaýa göz ýumulýandygyny hem aýdýarlar.
“Dermanhanalarda ‘baha görkezilmändir’ diýlip, işi togtadylan, bolmanynda şol ýagdaý düzedilýänçä işi togtadylan dermanhanalar ýok. Şolar yzygiderli işläp dur” diýip, Bugaýew belledi.
Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda 2016-njy ýylyň ýanwaryndan amerikan dollarynyň satuwy resmi taýdan bes edildi. Şonda dollaryň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhy 3 manat 50 teňňe görnüşinde saklanyp galýan bolsa, ‘gara bazardaky’ nyrhy 7 manada ýetdi.
Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň, şol sanda dermanlaryň bahasynyň gymmatlamagynyň dowam edýändigi aýdylýar. Şu ýylyň ilkinji iki hepdesiniň dowamynda hususy dermanhanalardaky dermanlaryň bahasy iki esse gymmatlapdy.
Şu aýyň başynda bolsa, käbir dermanlaryň bahasynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3-5 esse ýokarlandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar beripdiler.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.