Türkmenistanda orta mekdebi uçdan-tutma diňe bäşlik baha bilen üstünlikli tamamlan bir uçurym eýýäm 2 ýyldan bäri ýokary okuwa öz bilimi bilen girmäge synanyşýandygyny, ýöne para-peşgeş päsgelçiligini geçip bilmeýändigini aýdýar.
Adynyň anonim galmagy şerti bilen Azatlyk Radiosyna ýüz tutan ol uçrumyň aýtmagyna görä, ýokary okuw jaýyna girmek synanyşygy oňaýly netije bermänsoň, munyň bilen baglanşykly ilki bilen öz ýaşaýan ýerindäki welaýat magaryf bölümine arza bilen ýüz tutýar. Soň Aşgabada, bilim ministrligine arza ýazyp iberýär. Türkmenistanyň bilim ministrligi hem oňa "Siziň arzaňyza welaýatyňyzdaky bilim bölümi jogap berer. Biz siziň arzaňyzy degişli ýere iberdik" görnüşinde jogap berýär. Uçurym onsoň welaýat kazyýetinden öz bilimi bilen ýaşaýan ýerindäki Pedagogiki instituta okuwa girmäge kömek etmegini soraýar.
Uçurymyň sözüne görä, welaýat kazyýeti onuň arzasyna garamak üçin, onuň Pedagogiki institutda ekzamen tabşyrmak islän fakultetiniň dekanyny bilelikde çagyrypdyr. Welaýat kazyýeti uçurymyň instituta tabşyran dokumentleriniň tassyknamalaryny dekandan sorap alypdyr.
"Welaýat kazyýetindäki sülçi owal fakultetiň dekanyna meniň döwlet ekzamenine girendigimi tassyklatdy. Sülçi ondan soň dekana "Bu raýatyň şol döwlet synagyndaky görkezen bilim derejesine siz nähili baha berdiňiz?" diýip sorady. Dekanam "Biz nähili baha bereli? Bize döwlet nähili baha ber diýse, bizem şonuň ýaly baha berýäris" diýdi. Ondan soň kazyýetdäki sülçi dekanyň daşaryk çykyp garaşmagyny sorady.
“Ikiçäk galanymyzdan soň sülçi maňa şeýle diýdi: "Bular ýaly öz bilimiňe göwnüň ýetýän bolsa, onda näme üçin Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlaryna girmäge synanyşmadyň? Seniň bu gabat gelen ýere ýazýan arza-şikaýatlaryň döwletde işleýän abraýly adamlara zyýan berip biler. Onsoňam beýdip ýöne arza ýazyp, adamlara özüňi ýigrendirip ýörseň, döwlet giriş ekzamenlerinde seni elbetde ýykarlar. Bar, özüňi gowja alyp bar" diýdi.
Men kazyýetdäki sülçä ejemiň agyr kesel bilen ýatandygyny, şol sebäpden öz welaýatymyzdan daşarda okap bilmejegimi we köp çagaly maşgalamyzyň hem maddy ýagdaýynyň gaty pesdigini düşündirdim.
Şeýle synanşyklardan soň bu ýyl welaýatymyzdaky tehnikuma dokumentlerimi tabşyrmak isledim. Tehnikumdaky bir resmi "Sen gijä galypsyň. Bar, şol pylan adam bilen gepleşip gör" diýip, meni bir adamyň ýanyna iberdi. Olam maňa para-peşgeşsiz tehnikuma girip bilmejegimi, eger ekzamenden geçjek bolsam we okamanam diplom aljak bolsam 12 müň amerikan dollary tölemelidigimi aýtdy.
Men Türkmenistanda öz bilimiňe näçe göwnüň ýetse-de para-peşgeşsiz ýokary okuw jaýyna girip bolmaýandygyna doly göz ýetirdim. Indi ýokary bilim almak umydymy ýitirdim we öz başymdan geçirenlerimi Azatlyk Radiosynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirmek isledim. Iki ýyllap adalat üçin göreşdim, emma haýp, bary biderek boldy" diýip, uçurym sözüniň üstüni ýetirýär.
Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna mundan başga-da hat ýazýan we habarçylaryna ýüz tutýan raýatlar hem Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna girmekde para-peşgeşiň bökdençlik döredýändigini tassyklaýarlar.
Jemläp aýtsak, gürrüňi gidýän Türkmenistanyň welaýat ýokary okuw jaýlarynyň resmilerinden döwlet giriş ekzamenlerinde para-peşgeş soralýandygy we öz bilimiň bilen ýokary okuwa girmäge şeýle bökdençligiň bolup-bolmandygy barasynda haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.