Şu gün, ýagny 10-njy awgustda ir ertirden Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjylary öz kranlarynda suwyň kesilendigini bilip galdylar.
Öý uprawleniýeleri tarapyndan hiç bir duýduryş berilmezden, ilat üçin amatsyz wagtda suwuň kesilmegi Parahat-7-niň ýaşaýjylarynda juda nägilelik döredendigini, bu etrapçanyň ýaşaýjysy, 35 ýaşly Dursun aýdýar.
Dursunyň sözüne görä, ol özüniň üç çagasyny her gün irden çagalar bagyna äkidýär. “Ir sagat 5-de turanymda, suwuň kesilendigini bildim. Çagalar ukudan oýanýançalar suw gelmezmikä diýip garaşdym. Emma biz öýden çykýançak, kranlardan suw akmady.
Ýuwnup-ardynmaga suw bolmasa, dar kwartiranyň içinde derrew bildirýär. Arassalyk hajady üçin çagalary daşaryk alyp çykyp, golaýdaky fontanly kanalyň boýuna barmaly boldum. Fontanly kanaldan plastik gaplarda suw alyp, çagalary ýuwundyrdym. Olary ýola salýançam, çagalar bakjadan gijä galmaly boldular, özümem işden gijä galdym” diýip, ýaş ene zeýrenýär.
Aşgabadyň Parahat-4 we 7 etrapçalarynda häli-şindi suwuň ýa-da gazyň kesilmeginden, elektrik togunyň kesilmeginden ýaşaýjylar juda kösenýändiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaý geçen hepde-de dowam etdi. “Iň bir öwrenişip bolmaýan ýagdaý bolsa, gazyň, suwuň ýa elektrik togunyň haçan we onuň näçe wagtlyk kesiljekdigini ýaşaýjylara öňünden habar berilmezligi” diýip, Parahat-7 ýaşaýyş toplumyndan 69 ýaşly pensioner Guwanç daýy hem söhbetdeşlige goşulýar.
“Ýaşulular tämizlenip namaz okamaly, ýaş çagalar ýuwunyp-ardynyp bakja gitmeli. Adamlar iýip-içip işe gitmeli, şeýle wagtlarda öýüňde bir owurt suw tapylmasa, onda-da köp gatly jaýlarda, näme boljakdygyny göz öňüne getirip görüň” diýip, Guwanç daýy janygýar.
Şeýle arakesmeden soň, kranlardan akdyrylýan suwuň birnäçe wagtlap hapa hem sary bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Ony içmeg-ä däl, ýuwunmaga-da ätiýaç edilýändigini ýaşaýjylardan eşitse bolýar. Elektrik togy kesilen halatlarda hem, soňra birden güýçli tok gelmegi bilen elektrik enjamlarynyň hatardan çykýan halatlarynyň bolýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.