Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Bakuwa sapara bardy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew

8-nji awgustda Bakuda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde, iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda deklarasiýa gol çekilendigi habar berilýär.

Azerbaýjanyň media serişdeleriniň maglumatyna görä, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki günlük resmi saparynyň birinji gününde baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň arasynda graždan goranyş, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hyzmatdaşlyk, deňiz söwda gatnawy, senagat emlägini goramak, awtorlyk hukugy we tebigaty goramak ýaly ylalaşyklar bar.

Şeýle-de, pudakara derejesinde syýahatçylyk we salgyt pudaklaryna degişli hyzmatdaşlyk barada dokumente gol çekildi diýlip, habarlarda aýdylýar. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Içeri işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda resminama hem gol goýlupdyr.

“APA” neşiriniň maglumatyna görä, bu dabaradan soň, türkmen lideri we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirip, Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyz halkara we regional howpsuzlygyň saklanmagyny goldaýar diýidir. Azerbaýjanyň neşiri Berdimuhamedowyň sözlerini sitirleýär.

“Häzirki ýagdaýda biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam hyzmatdaşlygy guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmeli”.

Aliýew hem öz gezeginde, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady, transport, energiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýändigini we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary derejä ýetendigini aýdyp, öz türkmen kärdeşi bilen geçiren gepleşikleriň uly böleginiň transport meselelerine gönükdirilendigini belledi.

“Türkmenistanda we Azerbaýjanda täze deňiz portlary gurulýar we olar ýakynda ulanyşa berler. Bu frahtanyň artmagyna getirer. Şol bir wagtda, şu gün gürrüňi edilen meseleleriň ýene biri – Baku-Tbilisi-Kars demirýoly boldy. Bu demirýol Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň tranzit mümkinçiliklerini artdyrar” diýip, Aliýew aýtdy.

Emma gepleşikleriň çäginde Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Kýapaz”/“Serdar” ýangyç gory we beýleki hazarýaka döwletleriniň, ýagny Russiýanyň we Eýranyň garşy çykýan Trans-Hazar gazgeçirijisi boýunça maslahat edilip-edilmändigi barada ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Ýatladyp geçsek, iň soňky gezek geçen ýylyň ahyrynda Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Kýapaz”/“Serdar” ýangyç gory boýunça entek özara ylalaşyga gelmediler diýip çykyş edipdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatyna görä, 2007-2017-nji ýyllaryň arasynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda 4 sany ýokary derejeli sapar geçirilipdir we häzirki wagtda döwletara partnýorlygy gol çekilen 52 dokumente esaslanylýar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýun aýynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG