Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow söweşjeň taýýarlygy barlap, ýaraglara erk etmek 'ussatlygyny görkezdi'


Berdimuhamedow harby ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:37 0:00

Berdimuhamedow harby ukybyny görkezdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly güýçleriň käbir bölümleriniň şahsy düzümini duýdansyz aýaga galdyryp, tälim-türgenleşik okuwyny geçirdi we degişli ýolbaşçylara nyşana ok atmak, hanjar zyňmak sapaklaryny berdi.

Döwlet eýeçilgindäki metbugat 1-nji awgustda, ýarygijeden soň başlanan türgenleşik okuwynyň Ýaragly güýçleriň käbir bölümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen geçirilendigini habar berýär.

Türkmen goşunynyň söweşjeň taýýarlygynyň “duýdansyz barlagy” Türkmenistanyň günorta-gündogarynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklananadygy baradaky resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik habaryň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesiniň sözlerine görä, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň territoriýasynda tutulan dört adam türkmen raýatlary bolup, Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşipdir.

Prezidentiň gatnaşmagynda geçirilen tälim-türgenleşik okuwynda pilotsyz uçuş enjamynyň kömegi bilen bikanun ýaragly toparlaryň döwlet serhedinden geçip, serhet ýakasynda ýerleşýän ilatly nokada aralaşjak bolmagynyň “ýüze çykarylmagy” hem şu ýagdaýyň salgy beren pikiri bolup görünýär.

Ikinji tarapdan, soňky aýlarda türkmen-owgan serhediniň owgan tarapyndaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşandygy, hatda käbir etraplaryň jeňçileriň eline geçip, soň yzyna alnandygy habar berilýär.

Şu aralykda synçylar, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň regional eksperti Brýus Panniýer ýene bir gezek ýaş türkmen goşunynyň hakyky söweş tejribeleriniň ýokdugyny ýatlatdy.

Emma türkmen metbugaty prezidentiň birden söweşjeň taýýarlygy barlamak kararyna gelmegini ýylyň ýedi aýynda “harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak” zerurlygy bilen baglanyşdyrýar.

Türkmen goşunynyň söweş taýýarlygy meselesiniň edil şu günki günde gün tertibine gelmeginiň ýene bir resmi düşündirişi bolsa, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk, prezidentiň bu oýunlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek talaby bilen bagly.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň ýurt dolandyran döwründen tapawutlylykda, Berdimuhamedow prezident bolandyndan soň türkmen goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi, täze ýaraglaryň we harby tehnikalaryň satyn alynýandygy aýdylýar. Goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew bu aýdylýanlary tassyklap, ýurduň “goşun bölümlerine häzirki zaman söweşjeň tehnikalarynyň täze tapgyrlarynyň gelip gowuşýandygyny” habar berdi.

Prezident Berdimuhamedow Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän serhet galasynda ýurduň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär. Ýöne täze ýaraglaryň we tehnikalaryň haýsy ýurtdan satyn alnandygy, olara näçe döwlet serişdesiniň harçlanandygy anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistanyň goşuny mundan öň esasan Russiýanyň köne ýaraglary bilen ýaraglanan diýip hasaplanylan bolsa, geçen ýylyň aprelinde Aşgabat nobatdaky harby türgenleşik okuwynda ilkinji gezek Hytaýdan satyn alan raketalaryny görkezdi.

Türkmen mediasy Berdimuhamedowyň häzirki zaman söweş ýaraglaryndan atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna degendigini, onuň “ýokary ussatlygynyň harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdep” bolandygyny nygtaýar.

Şeýle-de Berdimuhamedow “uzakdaky nyşana söweş pyçaklaryny örän dürs zyňyp, sowuk ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi” diýip, TDH ýazýar.

Resmi habara görä, prezidentiň badalga beren “Türgen - 2017” atly tälim-okuw türgenleşigi Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlyklarynyň has-da ýokarydygyny görkezipdir”.

Bu prezident Berdimuhamedowyň türkmen goşunlarynyň harby tälim okuwyna ilkinji gezek gönüden-göni gatnaşyşy däl, ol mundan öň, 2016-njy ýyylň 26-njy martynda hem şunuň ýaly “duýdansyz barlag” geçiripdi.

Türkmen mediasy şonda Berdimuhamedowyň “söweşjeň tehnikalara, şol sanda tanka, şeýle hem sesden çalt uçýan MIG-29 kysymly söweşjeň uçara erk etmekde ussatlyk görkezendigini” habar beripdi.

Synçylar Türkmenistana demirgazyk Owganystandaky bikanun ýaragly toparlaryň wehim salmak ähtimallygyny ýatladyp, türkmen goşunynyň özbaşyna döwlet serhedini goramak mümkinçiligini sorag astyna alýarlar.

XS
SM
MD
LG