Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow halka ýene bir 'ajaýyp aýdymy' sowgat taýýarlaýar


Berdimuhamedow 'ajaýyp aýdymy' sowgat taýýarlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:53 0:00

Berdimuhamedow 'ajaýyp aýdymy' sowgat taýýarlaýar. Wideo türkmen mediasyndan alyndy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji iýulda “Awazada” “özüniň beden taýdan taýýarlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Şeýle-de Berdimuhamedow agtyklary bilen täze döredýän aýdymyndan bir bölegi ýerine ýetirip, öz muşdaklaryny ýene bir söýgi aýdymy bilen begendirdi.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdym-saz talanty 2011-nji ýylda, öz doglan gügünde aýdan “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy bilen belli boldy. Türkmen telewideniýesi şonda bu aýdymyň sazyny-da, sözüni-e prezidentiň döredendigini habar berdi. Emma biraz soň ol aýdymyň birnäçe ýyl öň, Döwlet Amanlykowyň aýtmagynda, “Toý gününde” diýen at bilen Youtubede goýlandygy belli boldy.

Emma bu ýagdaý ýaş aýdymçynyň we kompozitoryň badyny gaçyrmady we ol täze döredýän aýdym-sazlary we kitaplary bilen öz talantynyň muşdaklarynyň arasynda gitdigiçe kän meşhurlyk gazandy, onuň 2015-nji ýylda döreden “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy bolsa, Maryda iň kän adamyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilip, ilki Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, soň Aşgabatda geçjek V Aziýa oýunlarynyň resmi senasy hökmünde saýlanyp alyndy.

Prezident Berdimuhamedow, aýdym-saz talatyndan, öndümli işleýän ýazyjylygyndan başga, şol sanda çaý-nahar, dermanlyk ot-çöpler boýunça ýazylan işleriň awtory bolmak bilen, sportyň dürli ugurlary boýunça hem ýurduň esasy eksperti hökmünde pikir-düşünjesini paýlaşmaga wagt tapýar.

Türkmen telewidiýesi onuň atly, tigirli, awtoulagly, dikuçarly, gämili... gezelençleri, sport zallarynda öz egindeşleriniň öňünde we olar bilen bilelikde, şol sanda goňşy Özbegistanyň sapara gelen prezidentiniň öňünde ýerine ýetirýän sport maşklary barada yzygiderli reportaž taýýarlaýar.

Şonuň bilen bir wagtda, türkmen telewideniýesiniň tassyklamagyna görä, prezident “myşsalaryň belli bir toparyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin niýetlenen, adamyň özüni duýşuna oňyn täsir edýän hem-de bedenini berkitmäge ýardam edýän trenažýorlaryň her biriniň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olary dogry we netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtaýar”.

Mundanam başga, Berdimuhamedow sport bilen meşgullanmagyň “intellektual we döredijilik işine oňyn täsir edýändigini” ýatladyp durýar.

Türkmen telewideniýesi döwlet baştutanynyň bu tejribelerini, hususan-da aýdym-saz gurallary babatdaky endiklerini öz ogul agtyklary Kerimguly, Ysmaýyl we Rahym daga hem öwredýändigini, ýagny olara “görelde mekdebi, ussat halypa bolup durýandygyny” habar berýär.

Şeýle-de Berdimuhamedow, döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň tassyklamagyna görä, “gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, öz dynç alyş günlerini çagalary we agtyklary bilen bilelikde geçirýär”. Emma döwlet telewideniýesi prezidentiň ýurduň birinji hanymy, çagalarynyň ejesi bilen jemgyýetçilige çykanyny bir gezek hem görkezmedi.

Prezident aýdymda “gahryman Arkadagy dünýä beren ene” hökmünde wasp edilýän ejesi, gyzlary bilen juda seýrek ýagdaýda görkezilýär. Emma mundan tapawutlylykda, prezident ogly we ogul agtyklary bilen telewideniýäniň ekranynda ýa atly, ýa tigirli, ýa aýdym-saz gurallarynyň ýanynda barha ýygy-ýygydan görkezilýär.

Türkmen prezidentiniň häzirki günlerde üstünde işleýändigi aýdylýan täze aýdymy bolan “Ýadymda”, türkmen mediasynyň ynandyrmagyna görä, sitata: “Bu owadan dünýä mysaly nurana söýgini wasp edýär”.

Resmi habara laýyklykda, bu aýdym ýakyn wagtda dolulygyna diňleýjilere ýetiriler. Şeýle-de türkmen diktory bu aýdymyň “halka ajaýyp sowgat boljakdygyny” belleýär.

XS
SM
MD
LG