Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain žurnalistleri öldürilen kärdeşi Şeremeti hatyralaýarlar, soraglara jogap talap edýärler


Žurnalist Pawel Şeremetiň Kiýewde ulagyna bomba goýlup partladylmagynyň birinji ýyldönüminde onuň onlarça kärdeşi we dogan-garyndaşlary heläkçiligiň bolan ýerinde, onuň ömür-döredijiligini ýatladylar.
Žurnalist Pawel Şeremetiň Kiýewde ulagyna bomba goýlup partladylmagynyň birinji ýyldönüminde onuň onlarça kärdeşi we dogan-garyndaşlary heläkçiligiň bolan ýerinde, onuň ömür-döredijiligini ýatladylar.

Žurnalist Pawel Şeremetiň Kiýewde ulagyna bomba goýlup partladylmagynyň birinji ýyldönüminde onuň onlarça kärdeşi, raýat jemgyýetiniň aktiwistleri we dogan-garyndaşlary heläkçiligiň bolan ýerinde, onuň ömür-döredijiligini ýatladylar.

Soňra ýygnananlar häkimiýetlerden jenaýaty derňemeklerini talap etmek üçin, prezident edarasynyň we beýleki hökümet binalarynyň öňünde ýöriş geçirdiler. Agzalýan jenaýatyň derňewine sowuk-sala garalyp gelinýär.

Prezident Petro Poroşenkonyň iş edarasynyň we onuň 100 metr golaýyndaky Içeri işler ministrliginiň öňünde dowam eden protestde tanymal žurnalist we kanun çykaryjy Mustafa Naýýem ministrligiň öňünde “Paweli kim öldürdi?” diýen şygarly plakat asdy.

Belarusda doglan rus raýaty Şeremet Kiýewde hemişelik ýaşaýardy. Ol 2016-njy ýylyň 20-nji iýul güni ýanýoldaşy Olena Prytula bilen ýaşaýan kwartiralaryndan çykyp, radio gepleşiklerini alyp barýan studiýasyna barýarka, “Subaru” kysymly awtoulagyna ýerleşdirilen bombanyň ir sagat 7:45-de partlamagynyň netijesinde wepat boldy.

Hüjüm ýiti ýazgaryldy we ukrain resmileri heläkçilikli hadysany jikme-jik derňemegi wada berdiler.

Poroşenko jenaýatçylykly hadysadan soň wakany “elhenç tragediýa” atlandyryp: “Bu jenaýaty mümkin bolan iň gysga wagtda çözmek üçin ähli tagalla biziň borjumyz” diýdi.

Žurnalist Pawel Şeremet. 2015 ýyl
Žurnalist Pawel Şeremet. 2015 ýyl

Ýöne aradan bir ýyl geçdi. Derňew işi boş çykdy. Prytula bilen Şeremetiň ýakynlary we synçylar resmileri iş başarmazlykda, geleňsizlikde we sabotaž işlerinde aýyplaýarlar.

“Human Rights Watch” guramasynyň ukrainaly barlagçysy Tanýa Kuper özüniň Twitter hasabynda: “Pawel Şeremetiň Kiýewde ulagy partladylyp öldürilenine 1 ýyl boldy, ýöne biz henize çenli muny kimiň edenini bilemzok. #ŞeremetiKimÖldürdi ( #WhoKilledSheremet)” diýip ýazdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň şu makalany taýýarlan korrespondentiniň awtorlygynda “Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň (CPJ)” geçen hepde prezentasiýasy geçirilen hasabatynda, Ukrainada agzalýan jenaýat boýunça alnyp barylýan derňewlere tankydy çemeleşilýär. Derňewleriň dowamynda ne güman edilýän saklandy, ne tussag edilen boldy, ne-de jenaýatyň sebäbi anyklaşdyryldy. Gaýtam, derňewler jogap tapmakdan geçen, bir topar sorag döretdi. Geçen ýylyň oktýabr aýynda polisiýanyň öňki başlygy Hatiýa Dekanoizde özüniň alyp barýan derňewleriniň böwetlenilýändigini aýdyp wezipeden çekileli bäri, gozgalan işi alyp göteren bolmandyr.

Geçen hepde Petro Poroşenko Şeremetiň maşgala agzalary we “Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň (CPJ)” wekilleri bilen duşuşanda, alnyp barylýan derňewlerden häzire çenli “kanagatlanmandygyny” aýtdy we žurnalist Pawel Şeremetiň ölümini derňeýän ukrain derňew toparynyň hataryna halkara derejeli derňewçi goşmagy teklip etdi. Bu teklip köplerde derňewiň ykbaly barada umyt döretdi.

“Žurnalistleri goramak boýunça komitetiň” wekilleri ýygnagyň dowamynda žurnalisleriň ölümini derňemekde Ukrainanyň kemçiliklerini nygtady. 1992-nji ýyldan bäri Ukrainada žurnalistiki işleri sebäpli 7 žurnalist öldürildi we halkara synçy toparynyň maglumatlaryna görä agzalýan jenaýatlar boýunça gozgalan derňewleriň bäşisinde hiç kim jogapkärçilige çekilmedi.

1998-nji ýylda “Žurnalistleri goramak boýunça komitet” Şeremeti “Halkara metbugat azatlygy” (International Press Freedom Award) sylagy bilen sylaglady. Ol ýiti habarçy hem-de kommentator hökmünde giňden tanalýardy we onlarça ýyllyk tejribesiniň dowamynda Belarusda, Ukrainada we Russiýada ady belli media kompaniýalarynda işledi.

Köplenç syýasy liderleri tankyt eden Şeremet birnäçe gezek gorkuzmalara sezewar edildi. 2000-nji ýylda Russiýanyň Çeçen regionyna eden iş saparlaryndan yzlaryna dolanyp gelýärkäler Şeremetiň kameraçysy Dmitri Zawadskiý alnyp öldürilipdi.

“Ukrainskaýa Prawda” garaşsyz neşiriniň esaslandyryjysy we eýesi Şeremet bilen Prytula heläkçilikden birnäçe aý ozal özleriniň Kiýewde yzarlanýandyklaryny habar beripdiler. Ukrain häkimiýetleri olary özleriniň yzarlaýandygyny ret edipdiler we jübütleri kimleriň yzarlaýandygyndan bihabardyklaryny aýdypdylar. Häkimiýetler gozgalan jenaýat derňew işiniň çäginde, şol yzarlamalara salgylanyp ýa-da salgylanmaýandyklaryny düşündirip bilmediler.

Gündiziň günortany 44 ýaşly Şeremetiň öldürilmegi, hökümeti tankyt edýän ýa-da gündogar Ukrainadaky rus goldawly seperatistler bilen çaknyşyklara hökümetiň çemeleşiklerini sorag astyna alýan žurnalistlere edilýän hüjümleriň we duşmançylyklaryň artan wagtyna gabat geldi.

20-nji iýulda hatyra çäresiniň öň ýanynda, žurnalist Ýekaterina Sergatskowa özüniň Facebook sahypasynda, kärdeşi hem-de dosty Şeremetiň öldürilmegi Ukrainadaky žurnalistleri gorkuzdy diýip ýazdy:

“Eýsem Paweliň ganhorluk bilen öldürilmegi maňa we özüm ýaly korrupsiýany derňeýän, häkimiýetleri tankyt edýän, jenaýatçylary halka äşgär edýän ýa-da köp biljek bolýan beýleki kärdeşlerime sapak bolsun diýip edildimikä diýen alada bilen bir ýyllap gaýgy edip geldim. Mundan bir ýyl ozal, aslynda, Paşa bilen birlikde garaşsyz žurnalistler partladyldy.“

XS
SM
MD
LG