Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow GDA ýurtlaryna saparyny dowam etdirýär. Bir hepdäniň dowamynda Meredow Özbegistana, Täjigistana, Gürjüstana we Azerbaýjana sapar edip, bu ýurtlardaky kärdeşleri we döwlet baştutanlary bilen duşuşdy.
Resmi maglumata görä, duşuşyklaryň gün tertibinde dürli ugurlara degişli ikitaraplaýyn we regional hyzmatdaşlyk maslahat edildi.
Şol bir wagtda-da, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesi Reşit Meredowyň bu saparynyň dowamynda, Türkmenistanyň prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirip, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin, maliýe kömegini soraýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň paýtagtynda sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklara gatnaşýan çeşmäniň, adynyň tutulmazlygy şerti bilen aýtmagyna görä, bu sport çäresiniň çykdajylary üçin azyndan 1.5 milliard dollar möçberinde pul zerur.
“Prezident (Gurbanguly Berdimuhamedow) Meredowa karz meselesi barada ýurtlaryň prezidentleri bilen gepleşmegi tabşyrdy. Soňky saparyň esasy maksady hut şunuň bilen bagly. Häzir Aziadanyň çykdajylary üçin goşmaça 1,5 milliard dollar zerur. Bu biz üçin (Türkmenistan üçin – red.) uly pul. Mälim bolşy ýaly, bizde uly problemalar bar. Prezident üçin Aziada – esasy proýekt, myhmanlar çagyryldy, pul bolsa ýok, ýagdaý çylşyrymly. Şonuň üçin ol prezidentlerden karz sorap, şahsy haýyşy bilen Meredowy iberdi” diýip, Aziada-2017 sport çäresiniň resmi taýýarlygyna gatnaşýan çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden we Reşit Meredowyň sapar eden ýurtlarynyň diplomatiki edaralaryndan resmi kommentariý alyp bilmedi.
Emma biziň çeşmämiz Türkmenistanyň örän çykgynsyz ýagdaýdadygyny we mümkin bolan ýerden kömek soramak kararyna gelnendigini aýdýar. Prezidentiň özi-de öz kärdeşleriniň käbirine kömek sorap ýüz tutupdy.
“Hökümetimizde (Türkmenistanyň hökümetinde – red.) biziň Özbegistan we Täjigistan ýaly goňşularymyzyň ykdysadyýetinde öz problemalarynyň bardygyna hemme düşünýär. Emma, hatda muňa-da garamazdan, prezident bu meseläni şol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen maslahat etmegi tabşyrdy. Emma Meredow entek takyk wadalary gazanyp bilmedi. Üstesine, maňa mälim bolşuna görä, prezidentiň özi kömek meselesini 10-njy iýunda Astana baryp gaýdanda, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen maslahat etdi. Şondan soň prezidentleriň ikisi Berdimuhamedowyň doglan güni telefon arkaly ýene-de gepleşdiler. Emma onuň şu günler örän keýpsizdigi hasaba alnanda, esli puly toplamak başartmady” diýip, çeşmämiz aýdýar.
Şeýle-de, onuň bellemegine görä, prezident Berdimuhamedow TOPH proýektine gatnaşmaga çagyryş edip, daşary ýurtlaryň maliýe kömegine örän bil baglapdyr. Çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti entek durmuşa geçirilmedik proýekt arkaly daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekip, ykdysady kynçylyklary çözmegi, şeýle-de Aziýa oýunlaryna pul kömegini almagy örän umyt edýär.
“Mart aýynda Berdimuhamedow Katara baranda, Türkmenistana mümkin boldugyndan tiz maýa ýatyrmaga ündäpdi. Onuň esasy argumenti ýene-de TOPH bolupdy. Emma ýadyňyzda bolsa, oňa Katary razy etmek başartmandy. Olar diňe käbir meýilnamalara gol çekipdi. Mundan başga Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewe TOPH bilen bagly uly wadalary beripdi. Emma özbekler bu teklibe garamak wadasy bilen çäklendiler. Sebäbi hatda Türkmenistanyň hökümetinde-de TOPH proýektiniň perspektiwalaryna şübhe bildirýän köp” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.
Mälim bolşuna görä, Türkmenistan halkara sport çäresiniň geçirilmegi üçin, goşmaça maliýe serişdelerini ýurduň içinden-de gözleýär.
Azatlyk Radiosy ýurtda býujet işgärleriniň aýlyklarynyň bir böleginiň alnyp galmagy, nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin göz öňünde tutulan goşmaça tölegleriň ýatyrylmagy, kiçi biznese goşmaça gizlin salgytlaryň girizilmegi barada habar beripdi.
Şeýe-de, Azatlyk Radiosy öz çeşmelerine salgylanyp, maý aýynda ýurduň baş prokurory Amanmyrat Hallyýewiň we güýç edaralaryň birnäçe ýokary wezipeli resmisiniň wezipeden çetleşdirilmeginiň olaryň Aziada üçin gurply adamlardan pul toplamak barada prezidentiň beren tabşyrygyny berjaý etmezligi bilen bagly bolandygyny habar beripdi.
Şeýle-de, biziň çeşmelerimiz ýurtda türk dinçisi Fethulla Gülen bilen baglylykda aýyplanan iri telekeçileriň tussag edilmeginiň hem hut şu tabşyryk bilen baglydygyny aýdýarlar.
Ykdysadyýetçileriň pikirine görä, Türkmenistan 1990-njy ýyllaryň başynda garaşsyzlygyny yglan edeli bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär. Energiýa serişdeleriniň eksportyna garaşly ýurduň ykdysady kynçylyklary dünýäde nebit-gazyň bahasynyň peselmegi bilen bagly.
Türkmenistan 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary üçin eýýäm 8 milliard amerikan dollary möçberinde pul sarp etdi, şol sanda 5 milliard dollar ýörite olimpiýa şäherçesine we 2,3 milliard dollar çemesi täze halkara aeroportyna harçlandy.