Türkiýäniň Stambul şäheriniň Aksaraý etrabynyň merkezinde ýerleşýän bir hususy bankyň bankomatyndan, ýany bilen getiren onlarça plastik bank karty bilen pul çekmäge synanşan türkmen zenanlar polis tarapyndan göz astyna alyndy.
Waka 14-nji iýulda Stambulyň Aksaraý tramwaý duralgasynyň golaýynda, ýagny deňizýaka tarapda ýerleşýän "Akbank" atly hususy bankyň bankomadynyň öňünde, Türkmenistandan pul çekmäge gelen zenanlaryň arasynda bilinmeýän sebäpden uruş turýar. Uruşýan türkmen zenanlardan biriniň haly sumkasynyň ýyrtylmagy bilen Türkmenistanyň dürli banklaryna degişli onlarça plastik bank karty bankyň işiginde pytrap gidýär.
Ýagdaýdan şübhelenen bankyň howpsuzlyk işgärleri bankomatyň öňünde uruş turzan türkmen zenanlaryny bankyň içine salyp, polis gelýänçä saklap, soň olary polise tabşyrýarlar. Wakany eşiden Aksaraýyň merkezinde ýerleşýän myhmanhanalarda bolýan türkmenistanly zenanlar hem derrew ylgap gelip, bankyň öňünde üýşýärler.
Waka bankyň ýanyndaky eginbaş dükanyna giren mahaly tötänlikde şaýat bolan, Stambulda ýaşaýan türkmenistanly aktiwist Rozubaý gören-eşidenlerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Gepiň gerdişine görä bellesek, Türkmenistanda banklarda girizilen çäklendirmeleriň fonunda, käbir raýatlar çykalgany daşary ýurtlardan gözleýärler. Käbir raýatlaryň özi pul çekmek üçin daşary ýurda gidýän bolsa, köpçülik daşary ýurda ýörite pul çekmek üçin gidýän araçy adamlara bil baglamaly bolýarlar. Ylaýta-da, Stambulyň Aksaraý atly etrabynyň merkezinde ýerleşýän köçeleriň ugrundaky banklaryň bankomat nokatlarynda, onlarça türkmenistanly raýatyň pul çekmek üçin nobata durandygy ýygy-ýygydan göze ilýär.
Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir bank işgäriniň aýtmagyna görä, türkmenistanly raýatlar bankomatlardan pul çekmek üçin yzygiderli gelýärler we uzyn nobatlary emele getirýärler. Bank işgäriniň aýtmagyna görä, 14-nji iýulda bolan waka ýaly ýagdaýa birinji gezek duş gelinýär. "Bankyň howpsuzlyk işgärleri türkmen zenanlary derrew bankyň içine salyp, ýagdaýy polisiýa bildirmeli boldy. Sebäbi birgiden plastik bank kartynyň ýerli ýa-da daşary ýurtly, tapawudy ýok, bir adamdan çykmagy gaty şübheli ýagdaý" diýip, bankyň işgäri sözlerini tamamlaýar.
Azatlyk Radiosyna maglumat beren ýerli polis çeşmesi hem Stambulyň Aksaraý etrabynyň merkezindäki bankomatyň öňünde bolan ol wakany tassyklady, ýöne Türkmenistandan pul çekmäge gelýän ol türkmen zenanlary barasynda jikme-jik maglumat bermekden saklandy.