13-nji iýunda Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
BMG-nyň baş sekretary Türkmenistana Merkezi Aziýa ýurtlaryna edýän saparynyň çäginde, 12-nji iýunda geldi.
“BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar nusgalykdyr” diýip, TDH Antoniu Guterrişe salgylanyp ýazýar. Belent mertebeli myhmanyň öz sözlerine görä, bu onuň Türkmenistana üçünji saparydyr. Ol ozal bu ýurda bosgunlaryň işleri boýunça BMG-nyň ýokary komissary hökmünde iki gezek gelipdir.
“Şonda biz bu ýerde Sowet Soýuzy darganyndan soň dörän bosgunlar meselesini ara alyp maslahatlaşdyk, bu meseleler Türkmenistanda oňyn çözüldi” diýip, Baş sekretar aýtdy. “Türkmenistan raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözüp, bu ugurda nusga boldy” diýip, döwlet eýeçiligindäki habar gullugy onuň sözlerini sitirleýär.
Neşiriň tassyklamagyna görä, BMG-nyň Baş sekretary türkmen prezidenti bilen bolan duşuşygyň netijelerinden kanagatlanma bildiripdir. Şeýle-de ol Türkmenistanyň bitaraplygynyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde oýnaýan roluny belläpdir.
Duşuşygyň barşynda transport, energetika, daşky gurşawyň goragyny gowulandyrmak, terrorçylyga we bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreş meseleleri bilen bir hatarda “adam hukuklary meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylypdyr”. Emma TDH adam hukuklary babatynda haýsy meseleleriň gozgalandygyny anyklaşdyrmaýar.
Emma BMG-nyň Täzelikler merkeziniň berýän habaryna görä, Antoniu Guterriş Aşgabatda terrorizmiň öňüni almak baradaky çäreleri aktiwleşdirmek zerurlygy barada gürrüň edende, "diňe güýçli däl, akylly syýasat" bilen ýaraglanmaga çagyrypdyr.
"Adam hukuklaryny çäklendirýän syýasat ahyr netijede dini we etniki jemagatlary diňe çetleşdirýär..." diýip, BMG-nyň Tezelikler merkezi Guterrişiň sözlerini sitirleýär.
Şeýle-de ol terrorizme garşy göreşde adam hukuklaryna daýanmak, adamyň pikirini hormatlamak, şol sanda tankydy pikirleri hormatlamak, şeýle-de jemgyýetde sosial jebisligi we ýurduň ähli raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmagy gazanmak zerurlygyny nygtapdyr.
Guterrişiň bu çagyryşy Türkmenistanda 'gülençilikde' aýyplanan onlarça adamyň uzak möhletli tussaglyga höküm edilmeginiň yz ýanlaryna gabat geldi.
BMG-nyň Baş sekretarynyň regiona planlaşdyrylan saparynyň öňüsyrasy, Adam hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýän “Hýuman Raýts Wotç” guramasy we Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasy ýörite beýanat çap edip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň yzygiderli bozulýan ýagdaýlaryna ünsi çekdi we žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň azat edilmegine çagyrdy.
Gepiň gerdişine aýdylsa, BMG-nyň eden-etdilikli tussag edilmelere garşy işçi topary hem Nepesguleýewiň azat edilmegine çagyrypdy.
Şeýle-de, BMG-nyň Adam hukuklary komiteti şu ýylyň martynda Türkmenistan boýunça geçirilen diňlenişigiň jemleýji synyny çap edip, türkmen häkimiýetleriniň Nepesgulyýew ýaly garaşsyz žurnalistleri we adam hukuklary aktiwistlerini yzarlamagyndan, olary tussag etmeginden alada bildirdi.
“Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýanyň BMG-nyň Baş sekretatynyň Merkezi Aziýa saparyna gabatlap çap eden ýüzlenmesinde aýdylmagyna görä, “şu günki gün Türkmenistanda 150 töweregi tussag daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýar”.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Aşgabada iş saparynyň dowamynda ‘Merkezi Aziýa ýurtlary we BMG arasynda terrora garşy göreş boýunça global strategiýany durmuşa geçirmek barada ýokary derjelerdäki dialoga” hem gatnaşdy.
Bu duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ministrleri, ýokary wezipeli emeldarlary, şeýle-de terrora garşy gurluşlarynyň, milli howpsuzlyk gulluklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Bu duşuşyk “BMG-nyň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny Merkezi Aziýada durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň” taslamasynyň ikinji tapgyrynyň jemleýji çäresi bolup durýar” diýip, habarda aýdylýar.
“The Diplomat” neşiriniň Guttereşiň sapary barada çap eden makalasynda BMG-nyň şu wagta çenli Türkmenistana ýörite hasabatçynyň we ekspertleriň goýberilmegini sorap, on gezekden hem kän ýüz tutandygy, emma bu haýyşyň bitirilmändigi bellenilýär.