Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk mediasynda türkmen migrantyna ölüm haýbaty atylýan wideo görkezildi


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkiýäniň media serişdelerinde awtoulaga mündürlip, zamun alnyp, "20 lira, ýagny 5 ýarym amerikan dollary pul üçin, ölüm haýbaty atylan bir türkmen migrantynyň wideosy uly seslenme döretdi. Sosial mediada günüň esasy temasyna öwrülip, ýerli hem-de daşary ýurtlularyň arasynda uly nägilelik döretdi. Beýleki tarapdan bu wideonyň degişmedigini aýdýanlar hem bar.

Wideoda zamun alnan bir ýaş türkmen migrant oglanjyga "seni nähili öldüreýin?" diýip, bir tarapdan haýbat atyp, beýleki tarapdan üstünden gülýär.

"Sen meniň ýurduma näme üçin geldiň" diýýär. Türkmen migrant oglanjyk bolsa ol adama "Çörek tapmanym üçin geldim. Bolmasa gelmezdim" diýip jogap berýär. Zamun alan "Seniň adyň näme?" diýýär. Türkmen migrant oglanjyk "Hudaýberdi" diýýär.

Zamun alan "Indi seni nähili öldüreýin?" diýip haýbat atýar. Türkmen migrant oglanjyk gorkuly gözleri bilen oňa seredip: "Bilemok. Öldürmeseňiz gowy bolardy" diýip jogap berýär.

Soň awtoulagda ony zamun alan "Hm, onda 20 lira bolan bar puluňy ber. Onsoň seni öldürmäýin. Seni azat edip goýberjek" diýýär. Türkmen oglanjyk "Ýigrimi lira meniň bar pulum. Eger ony saňa bersem, soň men näme edeýin, agam?" diýip nalaýar.

Zamun alan bolsa "Seni öldüreýinmi ýa-da puluňy alyp goýbereýinmi? Hany bol, çykar, puluňy ber" diýip basyş edýär. Türkmen migrant oglanjyk "Men açlykdan ölerin pulym bolmasa" diýip jogap berýär. Zamun alan bolsa "Ölseň ölüber, hany bol, çykar puluňy, maňa ber" diýýär welin, türkmen migrant oglanjyk alaçsyz ýagdaýda ýanyndaky bar puluny çykaryp oňa berýär. Şeýlelikde, wideo tamam bolýar.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren, Stambulyň Zeýtinburnu diýen ýerinde ýaşaýan, asly owganystanly türkmenlerden bolan Gülapbegiň aýtmagyna görä, wideoda zamun alnyp, haýbat atylyp, talanan türkmen oglanjyk Owganystanyň Türkmenistana serhetýaka bolan Garkyn diýen ýerinden, Stambula işlemäge gelen türkmen migrantlardan.

Ýeri gelende bellesek, häzir Stambulda esasy kynçylyk çekýän migrant türkmenleriň Pakistandan gelenlerdigi aýdylýar.

"Şeýle-de, güzeran kynçylygyny çekýän biz, türkmenler, häzir çäresiz ýagdaýda Eýranyň üstünden bikanun ýagdaýda, Türkiýä gaçyp gelmegi saýlap alýarys. Stambulda hemmämiz bikanun ýagdaýda, gabat gelen işde zähmet migranty bolup işleýärler" diýip, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden pakistanly bir migrant gürrüň berýär.

Ýatlap geçsek, häzir Türkiýede sosial mediada ol türkmen migrantynyň kimdiginiň anyklanmagy we soň oňa gerek bolan ähli kömegiň berilmegi barasynda, guramaçylykly tagalla başladyldy.

Sosial mediada wideonyň aşagyna teswir ýazanlaryň arasynda, ol türkmen migranty iş bilen üpjün etmek isleýändigini we durmuşdaky ähli çykdajylaryny öz üstüne almak isleýändigini aýdýanlar hem köpelýär. Teswir ýazýan adwokatlar bolsa munyň bir jenaýatdygyna üns çekip, bir adamy zamun alyp, ölüm haýbaty bilen talaýanlaryň kanuna görä 18 ýyl azatlykdan mahrum edilýändigini ýatladýarlar.

XS
SM
MD
LG