Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 'gülençiler bilen ilteşikli' 50 çemesi adam tussag edildi


Türkmen türmesi
Türkmen türmesi

Türkmenistanda öňki türkmen-türk mekdeplerinde okan we okadan adamlaryň, şeýle-de Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynda okanlaryň tussag edilmegi dowam etdirilýär.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňly aýlarda Türkmenistanyň diňe Lebap welaýatynda, türk dinçisi Fethullah Gülen bilen bagly “gülençileriň hereketi” diýilýän topara gatnaşykda aýyplanyp, azyndan 50 çemesi adam tussag edildi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmesiniň sözlerine görä, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Astanababa obasynda, 23-nji aprelde gije sagat 10 töwereginde uly reýd geçirilipdir.

“Gije sagat onda 2-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň mugallymlarynyň umumy ýaşaýyş jaýyna döküldiler. Bu Astanababa obasyndaky öňki türk mekdebidi. Milli howpsuzlyk işgärlerini, oba geňiniň başlygyny, ýerli polisiýa bölüminiň işgärini hem mekdep müdirini öz içine alýan, jemi 40 adamdan ybarat topar bina kürsäp girdiler we bar zady, şol sanda kitaplary, telefonlary, planşetleri, komýuter disklerini, hatda namazlyklary ýygnap başladylar. Şol gün ýedi sany mugallymy we olaryň üç sany myhmanyny äkitdiler. Üstesine, mugallymlaryň maşgala agzalaryny alyp gitdiler. Günüň ertesi ýene dolanyp geldiler we ýene mekdepden iki adamy, şeýle-de Atamyrat şäheriniň bilim merkeziniň dört işgärini alyp gitdiler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi tussag edilenleriň ählisiniň türk liseýleriniň öňki mugallymlary we öňki okuwçylarydygyny aýdyp, sözüniň üstüne goşdy. Şeýle-de, ol tussag edilenleriň maşgala agzalarynyň soňra boşadylandygyny belledi.

Bu maglumaty geçen şenbe güni Türkmenistanyň häkimiýet strukturalaryna ýakyn çeşmesi tassyklady. Onuň sözlerine görä, 23-nji aprelden başlap, Lebap welaýatynda “gülençiler” diýlip atlandyrylýanlary tussag etmek boýunça birnäçe reýd geçirilipdir. Tutha-tutluklaryň täze tolkunynyň astyna türkmen-türk mekdeplerine gatnaşygy bolan telekeçiler we gurply adamlar düşdi diýip, çeşmämiz belledi.

“Ýene bir reýd 29-njy aprelde boldy. Bäş mugallym tussag edildi, olaryň ählisi geçmişde türk liseýlerinde bilim aldy. Şol günüň özünde Beýik Türkmenbaşy etrabynyň häkimiň kömekçisini hem alyp gitdiler. Maňa mälim bolşuna görä, häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň derňew tussaghanasynda 30-a golaý adam saklanýar” diýip, gizlinlik şerti bilen maglumat beren çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň kanun goraýjy edarasyndaky çeşmämiz aprel aýynyň aýagyndan bäri Lebap welaýatynda kanun goraýjy edaralaryň amala aşyran çäreleriniň netijesinde, 50-den gowrak adam tussag edilipdir. Olaryň ählisi türk liseýleriniň öňki işgärleri, şol sanda gurply telekeçiler.

Türk mekdebi, Aşgabat, 20-nji awgust, 2014.
Türk mekdebi, Aşgabat, 20-nji awgust, 2014.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda “gülençiler” diýlip atlandyrylýanlaryň tussag edilmegi barada ilkinji gezek 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda habar beripdi. Onuň birinji tolkuny Aşgabatda we tutuş ýurt boýunça belli telekeçilere degişli boldy. Şonda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 150-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar beripdi. Derňewleriň netijesinde olaryň köpüsi boşadylypdy. Emma onlarça adam uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Aprel aýynyň başynda Azatlyk Radiosyna kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerden suduň ýapyk diňlenişiginiň netijesinde çykarylan kararyň nusgasy gowuşdy. 18 adamdan ybarat toparyň düzüminde, ady agzalýan ady belli aşgabatly telekeçiler “A-Market” dükanynyň öňki eýesi Döwlet Ataýew we “Merdem” we “AlpEt” restoranlaryň eýesi Resul Atageldiýew 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Agzalan tussaglaryň ählisiniň geçmişde türk bilim edaralaryna gatnaşygy bardy.Türkmenistanda türk liseýleri 2011-nji ýylda ýapylyp başlandy. Türkmen häkimiýetleriniň bu çäresiniň bu mekdepleri maliýeleşdirendigi aýdylýan türk dinçisi Fethullah Gülen bilen bagly “Hizmet” hereketiniň dini-syýasy täsiri bilen bagly bolandygy çak edilýär.

Fethulla Gülen
Fethulla Gülen

2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygynyň yz ýany Aşgabatda 1994-nji ýyldan bäri işlän türkmen-türk uniwersiteti ýapylypdy. Türkiýäniň häkimiýetleri Fethullah Güleni agdarylyş synanyşygyny guramalaşdyrmakda aýypladylar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilenleriň işi boýunça türkmen häkimiýetlerinden resmi kommentariýa almak boýunça synanyşyklary netije bermedi.

Emma ýurduň häkimiýet strukturalaryndaky çeşmelerimiz ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň türkmen-türk okuw jaýlary bilen bagly türkmenistanlylary yzarlamak arkaly Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň göwnüni tapmak isleýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG