Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede “gülençidigi” güman edilýän türkmen studenti tutuldy


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Türkiýäniň Kütahýa welaýatynda polis tarapyndan "ByLock" atly gizlin habar alyş ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen we "gülençilerdigi" güman edilen 5 adamy ele salmak üçin gurnalan operasiýada, olar bilen bilelikde türkmenistanly bir türkmen studenti hem göz astyna alyndy.

Türk metbugatynda ýaýran habarlarda, Kütahýa welaýatynyň guramaçylykly jenaýata garşy göreş toparynyň "gülençidigi" güman edilýänlere garşy geçirilýän derňewleriniň çäginde kesgitlenen 7 salga şol bir wagtyň özünde operasiýa gurnaldy. Operasiýa mahaly öýlerde giňgerimli barlag geçirildi.

Türkiýede "gülençileriň" özara aragatnaşyk üçin ulanýan "ByLock" atly gizlin habar alyş ulgamyny ulanýandygy kesgitlenen T.Z, J.Ç, M.Z.B, M.Ý dagy bilen Dumlupynar uniwersitetinde okaýan Türkmenistanyň raýaty S.B. atly bir türkmen studenti hem göz astyna alyndy. Güman edilýänler saglyk barlagyndan geçirilenden soň, Kütahýanyň polis merkezine äkidildi.

Polis çeşmeleri operasiýada ýaşaýan ýerinde tapylmaýan ýene 2 sany güman edilýäniň hem ele salynmagy üçin, gözleg-agtaryş işiniň alnyp barylýandygyny habar berýär.

Türk dini ruhanysy Fethullah Gülen
Türk dini ruhanysy Fethullah Gülen

Howpsuzlyk sebäpli adynyň agzalmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir türkmen studentiň aýtmagyna görä, Türkiýede okaýan türkmen studentleriniň köpüsi diýen ýaly pul ýagdaýy öwerlikli bolmansoň, "gülençileriň" öýlerinde bolmagy saýlap alýarlar. Onuň özi hem bir ýyla golaý wagtlap "gülençileriň" biriniň öýünde galypdyr.

Ýöne ol özüniň "gülençileriň" ulgamyna görä hereket etmändigini, ýagny namaz okamandygyny we olaryň agitasiýa kitaplaryna hem üns bermän, propaganda üýşmeleňlerine gatnaşmandygyny öňe sürýär.

Onuň aýtmagyna görä, Türkiýede ýokary okuwy tamamlap giden türkmen studentleriniň ýarpysyndan gowragy "gülençileriň" öýlerinde ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlarynda bolup, olardan pul hem beýleki kömekleri alyp, hatda käbirleri "gülençiler" tarapyndan ýörite wezipelere saýlanyp, belli toparlara ýolbaşçylyk eden, olaryň kadalaryna görä ýetişen kadrlar bolup durýar.

Ol türkmen studenti sözüniň ahyrynda, Türkiýede okaýarka "gülençileriň" hatarynda diýseň aktiw hereket eden türkmen studentlerine häzire çenli degilmedigem bolsa, Türkiýede we Türkmenistanda güman edilýän käbir adamlara garşy alnyp barylýan operasiýalar sebäpli indi özüniň we beýleki köp sanly türkmen studentiniň Watana dolanmaga gorkup başlandygyny aýdýar.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, geçen ýylyň dekabr aýynda, Türkiýäniň Sakarýa uniwersitetinde gülençilere garşy geçirilen operasiýada, studentlere agitasiýa işlerini alyp barýan bir türkmenistanly "gülençi" studentiň hem tussag edilendigine türk metbugatynda aýratyn üns çekilipdi.

Türkmenistanda-da "gülençidigi" güman edilýän ençeme adam tussag edilip, şol bir wagtyň özünde Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň hem hut şeýle sebäpden ýapylandygy mälim edilipdi.

Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, "gülençidigi" güman edilip tutulan türkmen studentiniň ykbaly barasynda degişli türkmen we türk resmilerden haýsam bolsa bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG