Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Parahor prokurorlardan” soň, Mejlis kanunlary güýçlendirýär


Ministrler Kabinetiniň mejlisinde parahorlyga baş goşandygy aýdyp, özüni ýazgarýan onlarça adam, ozalky prokuratura işgärleri we emeldarlary görkezildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde parahorlyga baş goşandygy aýdyp, özüni ýazgarýan onlarça adam, ozalky prokuratura işgärleri we emeldarlary görkezildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde – geçen hepde ýurduň kanun goraýjy işgärleriň onlarçasynyň korrupsiýa aýyplamalary bilen tussag edilmeginiň yz ýany – parahorlyga garşy durmagyň meseleleri barada maslahat edildi.

Resmi maglumatda deputatlaryň “oňaýsyz hadysa” diýlip häsiýetlendirilen korrupsiýa garşy kanunçylygy “kämilleşdirmegi” maslahat edendikleri aýdylsa-da, anyk gelnen netijeler barada hiç bir maglumat berilmedi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, geçen annada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda, parahorlyga baş goşandygy aýdylyp, wideokameranyň öňünde toba edýän, özüni ýazgarýan onlarça adam, ozalky prokuratura işgärleri we emeldarlary, olaryň ‘bikanun ýol bilen gazanan’ hem-de döwlet haýryna geçirildi diýilýän emläkleri, pullary görkezilipdi.

"...parahorlyga baş goşan bu adamlar eden etmişlerine görä jeza çäresine höküm edildiler" diýip, resmi mediada aýdylsa-da, olaryň haçan we nirede sud edilip ýetişilendigi anyklaşdyrylmady.

Şeýle-de, döwlet telewideniýesinde parahorlykda aýyplanýan raýatlaryň atlary, doglan we işlän ýerleri barada maglumat berildi, emma olaryň Jenaýat kodeksiniň anyk haýsy maddalary esasynda aýyplanandygy takyklaşdyrylmady.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda kanun goraýjy işgärleriň onlarçasynyň tussag edilendigini türkmen telewideniýesinden öň habar beripdi.

Ýerli çeşmeleriň maglumatyna görä, korrupsiýa garşy täzelikde başlanan kampaniýanyň çäginde, tussag astyna alnan adamlaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalanyna entek kän wagt geçenok we derňew işleri dowam etdirilýär.

12-nji maýda geçirilen Mejlisde Baş kazynyň beren hasabatynda, ozalky prokuratura işgärleri bilen bilelikde, käbir emeldarlaryň atlary hem agzaldy.

Hasabatda aýdylmagyna görä, “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz-himiýa toplumlaryny gurmak boýunça direksiýasynyň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Baýramaly ösümlik ýag kärhanasynyň we Senagat ministrliginiň “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Baharly sement zawodynyň öňki ýolbaşçylary hem “kanunlary gödek bozup, wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, parahorlyga we korrupsiýa ýüz urup”, ele düşüpdirler.

Prezident Berdimuhamedow mejlisde tabşyryklar ýerine ýetirilende “artdyryp ýazmalara hem-de uly möçberde parahorlyga we korrupsiýa ýol berilýän ýagdaýlaryň” bardygyny hem boýun aldy. Emma ol ýokary wezipeli döwlet emeldarlarynyň gatnaşmagyndaky “artdyryp ýazmalaryň we parahorlygyň möçberleri” barada hiç zat aýtmady.

Azatlyk Radiosynyň hökümete golaý çeşmesi prezidente parahorlyk bilen bagly ýazylyp berlen maglumatlaryň köpüsiniň resmi habarlarda agzalmandygyny aýtdy.

Mejlisiň dowamynda Batyr Atdaýew wise-premýerlikden boşadylyp, şu aýyň başynda “parahorlyk we korrupsiýa bilen baglylykda” diýen kesgitleme bilen işinde arýylanan ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň ýerine bellenildi. Türkmen parlamentiniň hem onuň kandidaturasyny eýýäm tassyk edendigi habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi B. Atdaýewiň bu wezipä bellenjegini öňünden habar berdi.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri ozalky prokuror Hallyýewiň işden boşadylandan soň tussag edilendigini habar berdiler, emma resmi Aşgabat bu maglumaty ne tassyklady, ne-de ret etdi. Telewideniýede görkezilen tussaglaryň arasynda ozalky baş prokuror ýokdy.

Türkmen hökümetine golaý çeşmäniň Azatlyk Radiosyna bu korrupsiýa galmagaly turmazyndan öň beren maglumatyna görä, A.Hallyýew Aziada-2017-ni geçirmek üçin gurply adamlardan, şol sanda döwlet emeldarlaryndan pul toplamagy başarmandygy üçin wezipeden boşadyldy.

Ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, halkara derejesinde geçmeli sport çäresi üçin, goşmaça serişde gözlenýän wagty prokuratura işgärleriniň öýlerinden uly möçberlerde nagt pul tapylmagy prezidentiň aşa gaharynyň gelmegine sebäp bolupdyr.

Ekspertler Türkmenistanyň energiýa nyrhlarynyň aşak gaçmagy bilen, garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyldan-ýyla dünýäniň iň bir korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzalyp gelinýär.

XS
SM
MD
LG