Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky türk tussaglardan, maşgalalary habar alyp bilmeýär


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanda dürli sebäpden tussag edilen türkleriň maşgalalary olardan habar alyp bilmeýändigini aýdyp, türk we türkmen häkimiýetlerinden kömek soraýarlar. Olar häzirki wagtda Türkmenistandaky tussaglar bilen hiç hili aragatnaşyk gurup bolmaýandygyny hem öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosyna hat üsti bilen ýüz tutan, Türkmenistanda dürli sebäplerden tussaglykda saklanýan 49 türk raýatynyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, olara 2 ýyldan bäri tussaglar barasynda nähilidir bir maglumat almak başartmaýar. Olaryň bellemegine görä, Türkmenistandaky şol türk tussaglaryň ýagdaýyny öwrenmek barasynda, hossarlarynyň türk resmileriniň üsti bilen eden tagallalaryndan häzire çenli netije ýok.

Howpsuzlyk sebäpli efirde adynyň agzalmazlygyny isläp, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir türk tussagyň agasynyň aýtmagyna görä, Türkmenistandaky tussaglar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berilmeýär. Ol mundan iki ýyl owal Türkmenistanda işleýän mahaly hossarlarynyň haýyşy boýunça şol 49 türk tussagy bilen görşüp, olaryň arasyndaky gatnaşyga kömek berendigini aýdýar. Türkmenistandaky işini gutaryp, Türkiýä dolananyndan soň, türk tussaglaryndan hossarlarynyň hiç hili habar alyp bilmeýändigini öňe sürýär.

Onuň aýtmagyna görä, türk maşgalalaryň Türkmenistandaky tussaglaryň başyna bir oňaýsyz ýagdaý gelmeginden howatyrlanýandygy üçin, şu wagta çenli metbugata bu barada hiç hili ýüzlenme bermändirler. Tussaglaryň hossarlary diňe Türkiýäniň prezidentine Türkmenistandaky 49 türk tussagdan habar almak we olaryň öz ýurduna geçirilmegine kömek etmek barasynda haýyşnama iberipdirler. Şol bir wagtyň özünde, olar türk daşary işler ministrliginiň üsti bilen tussaglardan habar almak üçin, dürli synanşyklar edipdirler, ýöne türk resmileri Aşgabat hökümetinden hiç hili jogap alyp bilmändir.

Onuň gürrüň bermegine görä, Türkmenistandaky türk tussaglaryna hossarlary ol ýerde işleýän türk raýatlarynyň üsti bilen pul iberýärler. Tussagyň agasy, Türkmenistanda işlän mahaly türk tussaglarynyň hossarlarynyň iberen pullaryny we zatlaryny geçirmek üçin, tussaghananyň işgärlerine para-peşgeş berendigini hem ýatlap: "Türk maşgalalaryň iberýän pullarynyň näçe böleginiň para-peşgeşe gidip, näçe böleginiň hem hut tussagyň öz eline geçýändigini ýa-da iberen zatlarymyzyň olaryň eline baryp-barmaýandygyny bilemizok. Türk tussaglaryň arasynda 9 ýyldan bäri ýatan bar, 7 we 5 ýyldan, şeýle-de 3-4 ýyldan bäri ýatanlar bar. Meselem, meniň öz jigim 3 ýyldan bäri Türkmenistanda tussaglykda ýatyr" diýýär.

Aýdylyşyna görä, Türkmenistandaky 49 tussagyň Türkiýedäki tussaghanalara geçirilmegi barasynda, hossarlarynyň beren arzasy esasynda türk daşary işler ministrligi Aşgabat hökümetine bu ugurda ýüzlenme iberipdir. Türk tussaglaryň hossarlary mundan 15 gün owal üýşüp, ýörite prezidentlik köşgüne we daşary işler ministrligine baryp, netijäni sorapdyrlar. Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň işgärleri türk tussaglarynyň hossarlaryna bu ugurda Türkmenistan tarapynyň hiç hili jogap bermeýändigini aýdypdyr. Türkmenistandaky türk tussaglaryň hossarlary Aşgabat hökümetinden uly umyt bilen goldawa garaşýandyklaryny nygtaýarlar.

Belläp geçsek, bu ýagdaý bilen baglanyşykly degişli türk we türkmen resmilerinden haýsam bolsa bir kommentariýa almak, Azatlyk Radiosyna başartmady.

XS
SM
MD
LG