Prezident G. Berdimuhamedowyň döredendigi aýdylýan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy “Aziada-2017” oýunlarynyň resmi senasy hökmünde saýlandy.
Geçen hepdäniň ahyrynda “Awaza” syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyny seçip almak boýunça ýörite çäre geçirilipdi.
Onuň dowamynda prezident G.Berdimuhamedow sahna çykyp, dijeýlik pultunyň öňüne geçip, ellerini galgadyp “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymyny ýerine ýetirdi we ony “Aziada-2017” oýunlarynyň senasy hökmünde saýlanmagyny teklip etdi.
Döwlet mediasynyň maglumatyndan çen tutulsa, Berdimuhamedowyň bu aýdymy “biragyzdan goldanylyp” “Aziada-2017”-niň senasy hökmünde saýlanypdyr. Bu aralykda, döwlet mediasynda resmi sena hökmünde prezidentiň aýdymyndan başga hiç bir eser barada maglumatyň berilmändigini hem nygtap geçmelidiris.
Gepiň gerdişine ýatlatsak, Berdimuhamedowyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” aýdymy ilkinji gezek 2015-nji ýylyň noýabrynda Mary şäherinde gurnalan konsert çäresinde ýaňlanypdy.
Şol pursat, bir wagtda dört müň çemesi adamyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilendigi habar berlen bu aýdym “Ginnesiň rekordlar kitabyna” hem girizilipdi.
Resmi türkmen mediasy Berdimuhamedowyň aýdymyň resmi sena hökmünde saýlanmagyny giňden “dabaralandyryp”, käbir türkmen sungat işgärleri “mundan aňry bu derejedäki eseriň hiç döredilmejekdigini” hem öňe sürdüler.
Türkmen lideri dürli saz gurallaryny çalyp, djeýlik edip, aýdym-saz meýdanynda öňräkden bäri özüni görkezýär. Ol ilkinji gezek 2010-njy ýylyň iýunynda, Türkmenbaşyda çagalaryň arasynda akkordeon çalyp, bu ugurdaky ukybyny aýan edipdi.
Emma bagşy Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň iýunynda, öz doglan gününde “Saňa meniň ak güllerim” atly aýdymy bilen has giňden tanaldy. Türkmen telewideniýesinde aýdylmagyna görä, bu aýdym prezidentiň sözi, sazy esasynda döredilipdi.
Emma soň ol aýdymyň birnäçe ýyl öň, Döwlet Amanlykowyň aýtmagynda, “Toý gününde” diýen at bilen Youtube-de goýlandygy belli boldy.
Bu aralykda geçen hepdäniň aýagynda “Aziada-2017” bilen baglylykda geçirilen maslahatyň dowamynda, prezident G.Berdimuhamedowa karate-do-nyň 10-njy dany gowşuryldy. Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Berdimuhamedowa bu ýokary derejäniň “sport hereketini we bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy” üçin berlendigini mälim etdi.
Şeýle-de, türkmen lideriniň adaty Fudokan-Şotokan karate-donyň (WTFSKF) Bütindünýä federasiýasynyň 10-njy danynyň (karatede we dzýudoda kämillik derejesiniň) eýesidigini-de belläp geçmelidiris.
Emma Berdimuhamedowyň ýokarda ady agzalan söweş sungatlary boýunça nä derejede başarnygynyň bardygy ýa ýokdugy dogrusynda hiç hili maglumat elýeterli däl.