Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda itler 'awlanýar'


Kommunal kärhanasynyň işgärleri gezip ýören öýsüz itleri ‘awlaýarlar’.
Kommunal kärhanasynyň işgärleri gezip ýören öýsüz itleri ‘awlaýarlar’.

Şu aýyň 11-ne, şenbe güni ir sagat 9-30 töweregi Aşgabat şäher häkimligine degişli kommunal kärhanasynyň işgärleri ýöriteleşdirilen, gapdalynda KO-326 belgi ýazylan awtoulaglarda gelip, Parahat-7 etrapçasynyň çäginde gezip ýören öýsüz itleri ‘awlap’ başladylar.

Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjysy Orazmyrat aganyň aýtmagyna görä, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gapdalynda birnäçe ýöriteleşdirilen awtoulaglarda gelen, özlerini şäher häkimliginiň işgärleri diýip atlandyran erkek adamlar jaýlaryň töwereginde gezip ýören itleri ýeke-ýekeden kowalap tutup, maşynlara oklap alyp gidipdirler.

“Bu it ‘awlanyşygy’ ýaşaýjylaryň we itleri naharlap, olar bilen oýnap ýören çagalaryň gözüniň alnynda amala aşyryldy.



Käbir ýaşaýjylaryň itlere nebsi agrap, itlere degmezligi talap edendikleri hem netije bermedi. Biz şäher häkiminiň buýrugy bilen itleri ýygnaýarys diýip, it ‘awlaýjylar’ gödek jogap berdiler.

Ýaşaýjylaryň käbiri bu it ‘awlanyşygyny’ surata düşürjek bolanlarynda, özlerini häkimligiň işgärleri diýip atlandyranlar ýaşaýjylar bilen garpyşmaga çenli baryp ýetdiler, polisiýa bölümlerine jaň edip başladylar.

Olar bilen göreşmegiň zelelden başga peýda bermejegine düşünýän ýaşaýjylar öz öýlerine sümlüp, başlaryny gutarmak bilen boldylar. It janawarlar bolsa çyňsap-çyňsap maşynlaryň garaňky kuzwalaryna girdiler” diýip, Orazmyrat aga nebsagyrjylyk bilen gürrüň berýär.

“Parahat-7 etrapçasynyň çäginde indi eýesiz gezip ýören ite gözüň düşmeýär. Olaryň köpüsi eýýäm häkimlikler tarapyndan zäherlenip ýok edilen bolsa, galan-gaçanlary hem çöpleme ýaly çöplenip, maşynlara atylyp, alynyp gidildi. Olaryň başyna ölümden başga gowy günüň gelmejekdigini ýaşaýjylar ozalky bolup geçen wakalardan bilýärler” diýip, itleriň ýok edilmegi bilen bagly wakalary ýatlap gürrüň berýärler.

“Indi öz öýümizde saklaýan itlerimizi hem gezelenje çykarmaga ätiýaçlyk edýäris. Öý itlerine hem gadagançylyk girizilmegi ýa olaryň eýelerine salgyt salynmagy ýaly çäreleriň peýda bolmagy hem ähtimal.

Häkimlikleriň gazabyna duçar bolan özüň bolma, olaryň gazabyna düşseň, itleriň güni başyňa gelmegi mümkin” diýip, ozal jaýlary ýumrulyp, kynçylyklara sezewar edilen ýaşaýjylar alada galýandyklaryny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG