Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu welaýata planlaşdyrýan saparyna taýýarlyk görýär. Taýýarlyklaryň çäginde býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň gatnaşmagynda dürli çäreler geçirilýär.
Esasy çäre Türkmenabatdaky täze stadionda geçirilip, oňa şäheriň, şeýle-de Serdarabat, Farap we Sakar etraplaryndan gelen ýüzlerçe medeniýet işgäri hem gatnaşdyrylýar. Il arasynda aýdylmagyna görä, bu taýýarlyk işleri soňky iki ýylyň dowamynda geçirilýän iň uly çäreleriň biri.
Soňky iki-üç günüň dowamynda Türkmenabadyň ýol edarasynyň işgärleri hem, köçelerdäki ýol belgilerini we çyzyklaryny täzeden boýaýarlar. Olar bu işleri köplenç gijelerine amal edýärler.
Okuwçylaryň üç arkasy soralýar
Mundanam başga, Türkmenabat şäheriniň Polisiýa ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem uly köçeleri aýlanyp, ýol ugrunda duran maşynlary aýyrdýarlar.
Beýle çäre şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda has köp göze ilýär. Polisiýa işgärleri mikrofon bilen köçäniň ugrunda duran maşynlaryň markasyny we nomerini gygyryp, ýaşaýjylardan şol ulaglary aýyrmagy talap edýärler.
Türkmenabadyň käbir bilim işgärleriniň aýtmagyna görä, prezidentiň welaýat merkezine etjek saparynyň dowamynda, onuň geçjek ýolunyň ugrunda mekdep okuwçylary, studentler we býujet işgärleri janly koridory hem emele getirerler.
Prezidenti garşy almak çäresine gatnaşjak okuwçylaryň ençemesinden bolsa, olaryň üç arkasy baradaky resminama talap edilýär. Käbir mekdep mugallymlarynyň aýtmagyna görä, mart aýynyň 2-sine we 3-ne şäheriň mekdeplerindäki ençeme okuwçy sapaklardan boşadylyp, olardan üç arkasy hakyndaky resminamany taýýarlap tabşyrmak talap edildi.
Köçäniň açylyş dabarasy
“Üç arka baradaky resminama soňky ýyllarda o diýen soralmaýardy. Ýöne şu gezek esasy çärelere gatnaşjak okuwçylaryň kakasy, ejesi, atasy, enesi, babasy, mamasy we doganlary barada maglumatlar görkezilmeli. Şeýle-de, olaryň sud edilip-edilmändigi hem görkezilmeli” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň agzalmazlygyny soran mekdep mugallymy aýtdy.
Ýeri gelende bellesek, türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan Berdimuhamedowyň Türkmenabat şäherine planlaşdyrýan sapary we onuň anyk haçan amala aşyryljakdygy barada maglumat berilmeýär.
Emma Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, häkimligiň, döwlet edara-kärhanalarynyň resmileri we okuw jaýlarynyň, mekdepleriň ýolbaşçylary öz işgärlerine, studentlere we okuwçylara prezidentiň Lebap welaýatyna 6-njy martda sapar etjekdigini mälim etdiler.
Berdimuhamedowyň bu saparynyň dowamynda döwlet edara-kärhanalarynda, okuw jaýlarynda we mekdeplerde işleriň we okuwlaryň ýatyryljakdygy we Türkmenabat şäherinde öňki özbek prezidenti Yslam Kerimowyň adyny göterýän köçäniň açylyş dabarasynyň hem boljakdygy aýdylýar.