Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rüýa türkmenistanly ejesiniň boşadylmagyna çagyrýar


Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy
Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy

Stambulda ýaşaýan türk raýaty Rüýa atly bir gyzjagaz ýaşaýyş rugsady bolmandygy sebäpli tussag edilen türkmenistanly ejesiniň boşadylmagy barasynda türk hökümetinden kömek isläp, ýazga düşüpdir. Onuň wideosy sosial mediada giňişleýin ýer aldy.

Rüýanyň ejesi türkmenistanly migrant N. S. Türkiýäniň Stambul şäherinde şenbe güni gije bir barlag nokadynda saklanyp, wizasy bolmansoň polis merkezine äkidilip, göz astyna alynýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, göz astyna alynýanlaryň saklanýan ýeriniň adynyň agzalmagyny islemeýän bir polis işgäriniň aýtmagyna görä, ýaşaýyş rugsady bolmaýandygy üçin saklanyp, göz astyna alnan ol türkmen raýatyň resmi işleri gysga wagtda tamamlanyp, geljekki ykbalynyň kesgitlenmegi üçin, migrasiýa gullugyna iberiler.

Göz astyndaka Azatlyk Radiosyna interwýu beren we migrant zenanlaryň problemasyny gün tertibine getiren, şol sanda soňky wagtlarda bu ugurda zenan hak-hukuklaryny goraýan dürli jemgyýetçilik hereketlerine işjeň gatnaşan türkmenistanly migrant zenan N.S öz başyndan geçirenlerini şeýle gürrüň berýär:

"Türkiýedäki Türkmenistanly migrantlaryň aglaba köpçüligi ýaly meniň hem wizam ýokdy. Onsoň Türkmenistanyň pasportlary çalyşmagy bilen köne pasport işe ýaraman galdy. Bir türk raýaty bilen halaşdym, ýöne pasportym köne bolansoň resmi ýagdaýda nikalaşyp bilmedik. Soň Rüýa atly gyzymyz dünýä indi. Rüýa türk raýaty. Şeýlelikde, men köne türkmen pasporty sebäpli dokumentlerimi düzeldip bilmän galdym. Meni deport etdirmesinler. Türkmenistana iberlen halatymda, janyma her hili howpyň abanyp biljekdigine gözüm ýetýär. Iň esasy zat bolsa, maňa mätäçlik çekýän kiçijik gyzym Rüýanyň ejesiz ýetim galmazlygy. Meni gyzymdan, gyzym Rüýany hem menden aýyrmaň! Men azatlyk we erkinlik isleýärin!".

Beýleki tarapdan sosial ulgamlarda Türkmenistanly migrant N.S-niň gyzy Rüýanyň öz ejesiniň azatlyga çykarylmagy we deport edilmezligi barada eden wideo ýazgysy jemgyýetde uly seslenme döretdi. Ondan soň herekete geçen Stambulyň Beşiktaş şäher häkimligi Rüýanyň ejesiniň göz astyndan boşadylmagy we deport edilmezligi barasynda iş alyp barmagy üçin ýörüte bir zenan aklawja tabşyryk berdi. Şonuň ýaly-da Stambuldaky zenan haklaryny goraýan jemgyýetler başda bolmak bilen, dürli sungat, medeniýet we metbugat işgärleri hem onuň gyzyndan aýrylmazlygy üçin tagalla başlatdylar.

Türk hukuk geňeşçisi Murat Erşahin hem, "Türkmenistanly N.S. ýaşaýyş rugsady bolman göz astyna alnan bolsa-da, türk raýaty kiçijik gyzy bolansoň tiz wagtda goýberler" diýýär. Hukuk geňeşçisi Murat Erşahin Türkmenistanyň raýaty migrant N.S-niň duçar bolan ýagdaýyna beriljek çynlakaý halkara we jemgyýetçilik goldawyň diňe oňa däl, eýsem şoňa meňzeş ýagdaýdan kösenýän ençeme türkmen migrant zenanyň çykgynsyz ýagdaýdan halas bolmagyna hem uly itergi berjekdigini nygtaýar.)

XS
SM
MD
LG