Türkmenistanyň ýetip gelýän prezidentlik saýlawlary ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň göni 10 ýyl dolmagyna gabat geldi.
2006-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň ölümi sebäpli häkimiýet başyna geçen G. Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde, döwlet başyna geldi. 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda, G. Berdimuhamedow indi üçünji gezek prezidentlige dalaş edýär we saýlanan ýagdaýynda geçen ýyl üýtgedilen konstitusiýa laýyklykda ýedi ýyllyk möhlet bilen ýurdy dolandyrar.
Merkezi Aziýa boýunça synçy, syýasy bilermen Arkadiý Dubnow “10 ýyl Türkmenbaşysyz. Türkmenistanda diktatorsyz ýyllarda näme özgerdi” sözbaşyly uly göwrümli makalasynda, Türkmenistanyň soňky on ýylyň dowamyndaky ýagdaýyna syn berýär.
Azatlyk Radiosy regional bilermenden, prezident G. Berdimuhamedowyň goly astynda Türkmenistanyň syýasy we ykdysady ýagdaýynyň aýratynlyklary we geljegi baradaky pikirni sorady.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda soňky 10 ýyllyk döwründe ozalkysyndan tapawutlylykda näme üýtgedi?
Arkadiý Dubnow: Meniň öz garaýşyma görä, Türkmenistanyň bir şahsyýete daýanýan we diňe özüne mahsus bir diktaturanyň azgyn strukturasyna eýe bolan ýurtdugy tassyklandy. Bu ony goňşy ýurtlaryň, ýagny Özbegistanyň we Täjigistanyň režimlerinden hem tapawutlandyrýar. Tebigy resurslaryna doly daýanýan ýurt tebigy baýlygyna garaşlylygyny subut etdi. Global derejede gaza bolan islegiň, alyjylaryň türkmen gazyna bolan islegiň azalmagy we gazyň bahasynyň peselmegi Türkmenistanyň gaz krizisniň zamunyna öwürdi we öz gazyny satyn alýan ýeke-täk hyrydary Hytaýyň tas doly garaşlylygyna düşürdi. Bu ýagdaý ýurduň ykdysady abadançylygynyň ýumrulmagyna, girdejisiniň kesilmegine we sosial näsazlyklaryň döremegine getirdi. Ýagny durmuş zerurlyklaryň üstündäki köpçülige sowet döwründen tanyş nobatlar şu günki Türkmenistany gowy häsiýetlendirýär. Bu zatlar türkmen elitasynyň özüni ýagdaýa laýyk alyp barmaýandygyny görkezýär.
Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň şu günki syýasy režimine nähili baha berýärsiňiz? Siz uly göwrümli makalaňyzy 10 ýyl diktaturasyz diýip atlandyrdyňyz. Ýurduň şu günki syýasy sistemasyny nähili atlandyrýarsyňyz?
Arkadiý Dubnow: Türkmen režimi aslyýetinde şahsy diktatura režimi bolmagynda galdy, emma häzirki diktatoryň şahsyýetiniň öz aýratynlygy we onuň düşünje we taryhy taýdan Orsýetden garaşlylygynyň ozalkysyndan has kem bolmagy, onuň bilim we dünýägaraýşynyň bolsa ozalkysyndan giňräk bolmagy, Türkmenistanyň dünýäniň öňünde has açylyp başlajagyna we özünden edilýän talaplara laýyk gelmäge synanyşjagyna umyt döredipdi. Emma ýurduň lideri özünden öňki prezidentiň iň elhenç häsiýetlerinden saplanmaga ukypsyzlyk görkezdi we özi-de dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birini alamatlandyrýan şahsyýete öwrüldi.
Azatlyk Radiosy: Arkadiý, siz öz makalaňyzda şu günki gün Berdimuhamedowyň maşgalasyndan 80 çemesi adamyň ýurduň durmuşyna gözegçilik edýändigini aýdýarsyňyz. Bu beren maglumatyňyzda nämä esaslandyňyz?
Arkadiý Dubnow: Meniň beren maglumatlarym Türkmenistanyň içindäki çeşmelerime esaslanýar. Bu maglumatlar ýurduň daşynda elýeterli bolmasa-da, Türkmenistanyň içinde dürli derejelerdäki adamlar bar zatdan habarly.
Bu ýagdaý, Türkmenistanyň çäksiz awtoritar režimini doly häsiýetlendirýär. Ýurduň esasy resurslarynyň we häkimiýet gurallarynyň diňe baştutana golaý adamlara elýeterli bolmagy şeýle ýagdaýyň döremegine ýol açýar. Ýurtda metbugat azatlygy, syýasy partiýalar ýok bolandygy üçin şeýle eden-etdiligi bes etmek üçin hiç hili real mümkinçilik hem goýmaýar.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary ýetip gelýär. Türkmenistanyň prezidenti wezipesine üçünji gezek dalaş edýän G.Berdimuhamedowyň saýlanan ýagdaýynda, siziň pikiriňizçe nämä garaşyp bolar?
Arkadiý Dubnow: Men gowulyga tarap özgerişlikler üçin esas görmeýärin. Syýasy režim güýçlenmek bilen bolar. Meniň pikirimçe, türkmen režimine täsir ýetirip biljek daşarky güýçleriň üçüsi bar, ýagny Hytaý, Orsýet we Ýewropa Bileleşigi. Emma olar Türkmenistan babatynda energiýa resurslar meselesinden ugur alýarlar we men bu ýurtlaryň syýasatynda üýtgeşikligiň boljagyna garaşmaýaryn.
Şeýle ýagdaýda Türkmenistan daşardan edilýän talaplara ýene ençeme wagtlap garşy durup biler, saklanyp biler.
Ýurduň içerki durmuşynda hem özgerişliklere men esas görmeýärin. Adamlar ýa-da ýurdy terk etmek, ýa-da gün görmäge dyrjaşmak bilen bolarlar.