Aşgabatda 2017-nji ýylyň ilkinji iki hepdesiniň dowamynda hususy dermanhanalardaky dermanlaryň bahasy iki esse gymmatlady. Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda bolsa dermanlaryň aglaba bölegi tapdyrmaýar.
“Dermanhanalarda satylýan dermanlaryň bahasy geçen ýyldan bäri tapgyrma-tapgyr gymmatlap gelýär. Ýyl çalyşandan soňra bolsa, dermanlar öňküsinden orta hasap bilen 80-120 prosent aralygynda gymmatlady. Bu pylan derman diýer ýaly däl. Adyny tutan dermanyň iň azyndan 80 prosent gymmatlady. Gytrak dermanlar ýa-da admalaryň gündelik durmuşynda ulanylýan dermanlar bolsa 120 prosent derejesinde gymmatlady” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu gymmatlama diňe hususy eýeçilikdäki dermanhanalara degişli bolup, olaryň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, süýji we böwrek kesellerini bejermek üçin niýetlenen dermanlar we sanjymlar bar.
“'Medopril Plus' atly derman geçen ýylyň aýagynda 30 manat bolan bolsa, häzir onuň bahasy 65 manada ýetdi. 'Cardiomagnyl' atly derman bar, onuň bahasy geçen ýylyň aýagyna 24 manat bolan bolsa, häzir 44 manada ýetdi. Garaz, dermanlaryň tas ählisi diýen ýaly gymmatlady. Ylaýtada, süýji keseli bilen bagly sanjymlaryň köplenç tapdyrmaýandygy aýdylýar. Bu kesel üçin niýetlenen sanjymlar hem ozal 20 manada durýan bolsa, häzir olaryň 45 manatdan satylýar. 45 manada tapsaň gaty begençli ýagdaý diýip gürrüň berýärler” diýip, synçy Bugaýew aýtdy.
Sebäpleri
Paýtagtyň “Tebip”, “Şypa” ýaly hususy eýeçilikdäki dermanhanalarynda işleýän satyjylar ýa-da olaryň eýeleri dermanlaryň gymmatlamagyna ýurtda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap dollaryň nagt söwdasynyň resmi taýdan ýatyrylmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
“Şu dermanlaryň we sanjymlaryň tas ählisi diýen ýaly daşary ýurtlarda öndürilen dermanlar. Biz bulary ýörite baglaşylan şertnama esasynda daşary ýurtlardan getirýäris. Biz bu dermanlary öňki baglaşan şertnamamyza laýyklykda, dollarda satyn alýarys. Bizde-de dollar gymmatlady. Şonuň üçin bizem dermanlaryň bahasyny gymmatlatmaga mejbur bolduk. Sebäbi ýurtda indi bir ýyl bäri dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 7 manat töwereginde saklanýar. Bu bolsa, türkmen manadynyň iki esse hümmetsizlenendigini aňladýar” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş eden paýtagtyň hususy dermanhana eýeleriniň biri gürrüň berdi.
Hususy eýeçilikdäki dermanhanalarda dermanlaryň we sanjymlaryň bahasy barha ýokarlanýan mahaly, döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda olaryň aglaba bölegi tapdyrmaýar.
Döwlet eýeçiligindäki dermanhanalar
Şeýle-de, Türkmenistanda döwlet saglygy ätiýaçlandyryş pasporty boýunça satylýan dermanlaryň ýa-da sanjymlaryň tas 70-80 prosentiniň döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda satylmaýandygy barada ýaşaýjylar zeýrenýärler.
Käbir ýaşaýjylar bolsa, döwlet eýeçiligindäki dermanhanalaryň kem-kemden kommersiýa dükanyna öwrülýändigini aýdyp, olaryň tekjeleriniň belli bir bölegini endama çalynýan dürli ýaglaryň, Türkmenistanyň öz çäklerinde ýygnalan dermanlyk otlaryň ýa-da kosmetiki önümleriň emele getirýändigini, dermanlaryň bolsa barha azalýandygyny nygtaýarlar.
Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, bu welaýatdaky hususy dermanhanalarda-da dermanlaryň bahasy 2016-njy ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirende tas iki esse, ýagny 100% gymmatlady.
“Elin dermançylar”
Şol bir wagtda, welaýatyň merkezi Türkmenabat şäherindäki döwlete degişli dermanhanalaryň ählisinde diýen ýaly dermanlaryň sanynyň we görnüşlerini azdygy, şol sebäpli adamlaryň öz zerur bolan derman önümlerini hususy dermanhanalardan ýa-da Gök bazaryndaky “elin dermançylardan” satyn alýandygy aýdylýar.
Ýeri gelende bellesek, dermanlaryň gymmatlamagy ýa-da döwlete degişli dermanhanalarda dermanlaryň aglaba böleginiň satylmazlygy we onuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde ýurt raýatlarynyň saglygyny bejertmek üçin ähli şertleriň döredilendigi we döwrebap keselhanalaryň gurlandygy barada wagtal-wagtal habar berilýär.
Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda agza bolupdy.