Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Berdimuhamedowyň hökümeti temmäki gadagançylygyny basyş üçin ulanýar'


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen habarçysy Hudaýberdi Allaşow
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen habarçysy Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda tussag edilen habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyna halkara derejesinde aladalanma bildirilýär.

Ýurduň içinden gowuşýan maglumatlar bolsa, häkimiýetleriň tussag astyndasaklanýan žurnalist babatynda kesgitli karara gelmändigini görkezýär.

“OpenDemoсracy” neşri 10-njy ýanwarda çap eden maglumatynda 2016-njy ýylyň dekabr aýynyň başynda Türkmenistanda tussag edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowa nas temmäkisini saklamak boýunça günä bildirilendigini, öz jesi we aýaly bilen bilelikde tussag edilen žurnaliste 11 kilogram nasy satyn almak bilen baglyly aýyplamalaryň esasynda ýedi ýyl türme tussaglygynyň abanýandygyna ünsi çekýär.

“Geçen ýylyň degişli döwründe Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ähli temmäki önümleriniň söwdasyny gadagan etdi. Onuň bu hereketi Bütindünýä saglyk guramasy we onuň Temmäkä gözegçilik barada çarçuwaly ylalaşyk boýunça ýolbaşçyçy tarapyndan örän makullandy. Gynansak-da, Berdimuhamedowy öwüp çykyş edenler onuň hökümetiniň temmäkä garşy täze kanuny başga pikirdäkilere basyş etmek we tankytçylary sem etmek üçin ulanýandygyna göz ýetirmediler, diýlip pikir azatlygy boýunça neşriň maglumatynda bellenýär.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Köneürgenç şäherinde howpsuzlyk gulluklary tarapyndan öz öýünden äkidilipdi.

Şaýatlar polisiýanyň Hudaýberdi Allaşowyň boýnuna etmedik işini dakmak üçin, ony sütem bilen ýenjendigini we elektrik togy bilen gynandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Allaşow bilen bilelikde onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowa hem tussag edildi.

6-njy dekabrda polisiýa žurnalistiň aýaly Ejeşi adamsynyň tussaglygy baradaky maglumaty ýaýratmakda günäläp, çagalarynyň gözüniň öňünde urup-ýençdi.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlara görä, türkmen resmileri 27 ýaşly Allaşowa 11 kilogram nasy saklamakda günä bildirýärler, emma sud diňlenişiginiň geçiriljek wagtyny kesgitlemän gelýärler.

Azatlyk Radiosy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmegini onuň žurnalistika işi bilen baglanyşdyrýar. Azatlyk Radiosynda Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden žurnalist Daşoguz welaýatynda işsizlik, döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi, azyk gytçylygy we agyz suw ýetmezçiligi ýaly problemalar barada habar beripdi.

Allaşowyň tussag edilmeginiň yzýany howpsuzlyk gulluklarynyň Daşoguz welaýatynyň ilaty bilen ýörite duşuşyklary geçirip, Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemezligi tabşyrandygy barada maglumatlar gowuşdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, BMG, ABŞ-nyň resmileri, şeýle-de žurnalistleriň hukuklaryny goraýan halkara guramalarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň ençemesi Allaşowyň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş edýärler we Türkmenistanyň hökümetinden onuň dessine boşadylmagyny talap edýärler.

“Amnesty International” guramasy Hudaýberdi Allaşowyň we onuň ejesi Gurbantäç Arazmädowanyň boşadylmagy ugrunda ýörite aksiýany geçirýär. Halkara jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda geçirilýän bu çäräniň çäginde garaşsyz žurnalistiň goragyna türkmen, rus we iňlis dillerinde türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip hat ýazmaga çagyrylýar.

XS
SM
MD
LG