Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainler Ýewromaýdanyň 'başa barmadyk umytlaryndan' lapykeç


Ukrainadaky Ýewromaýdan protestlerinde ýenjilen studentleriň hatyrasyna ýöriş geçirýän ukrain ýaşlary.
Ukrainadaky Ýewromaýdan protestlerinde ýenjilen studentleriň hatyrasyna ýöriş geçirýän ukrain ýaşlary.

17 ýaşly Swýatoslaw Ýuraş bir milliona golaý watandaşynyň Ukrainanyň paýtagtynda geçirýän üýşmeleňlerinden düşürilen wideoýazgylary Hindistanyň Kalkutta şäherindekä görüpdir. Onuň basym gozgalaňa öwrülen bu protestlere goşulmagy ýüregine düwmegine hem şol wideo sebäp bolupdyr.

Ondan bir gije ozal 2013-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Kiýewde köpüsi studentlerden durýan ýüzlerçe demonstrant polisiýa tarapyndan ýenjilipdi. Idealçy Ýuraş mundan artyk bir çetde durup bilmändir. Ol uçar bilen watany Ukraina dolanyp, aradan salym geçirmän “Maýdan” diýip has oňat tanalýan Garaşsyzlyk skwerine barypdyr. Ondan az wagt soň hem täsirli jemgyýetçilik işini alyp barýan Ýewromaýdan agentligini ýola goýupdyr.

2010-njy ýylda Moskwanyň tarapyny çalýan prezident Wiktor Ýanukowiç saýlawda ýeňiş gazanansoň “umydyny ýitirip” Ukrainadan çykyp giden Ýuraş Maýdanda ýene umyda gelipdir. Protestçi egindeşleri bilen Günbatar bilen ýakyn ilteşiklere, köpräk aýanlyga tarap ilerledigiçe, onuň hyjuwy şonça joşupdyr. Ýuraş öz ýurdunyň ahyr-soňy dogry ýoldadygyny, munuň täze gülläp ösýän demokratiýa hökmünde Ýewropa tarap gidýän ýol we Orsýetiň täsir sferasyndan daşlaşmakdygyny aňypdyr.

Emma aradan üç ýyl geçensoň hyjuw lapykeçlige öwrülipdir.

Ýanukowiç Orsýetde sürgünlikde bolsa-da, Ukrainanyň rewolýusiýaçylarynyň köpüsi öňegidişlik ýokdugy sebäpli umytlaryny ýitirendiklerini aýdýarlar. Olar ýurt indi gozgalaň bilen Ýewropa tarap düşen ýolundan çykmaga howply ýagdaýda ýakyn diýip zeýrenýärler.

Kiýewdäki ukrain parlamentiniň öňünde protest geçiýän adamlaryň biri "Ýewropa nyrhlary üçin Ýewropanyň aýlyklary" diýen plakaty göterip barýar. 8-nji dekabr, 2016 ý.
Kiýewdäki ukrain parlamentiniň öňünde protest geçiýän adamlaryň biri "Ýewropa nyrhlary üçin Ýewropanyň aýlyklary" diýen plakaty göterip barýar. 8-nji dekabr, 2016 ý.

Geçen üç ýyllykda rewolýusiýadan soňra düzülen iki hökümet dargap, reforma pikirli ençeme ministr we beýleki resmiler gelip gitdi. Olaryň köpüsi öňki syýasatçylar bilen çalşyryldy. Täze gelenleriň käbiri ukrain syýasatynyň gümürtik ýollaryna başlady diýilýär. Bu barada tankytlanýan hem prezident Petro Poroşenko we onuň bilen ýakyn ilteşikli adamlar.

“Post-Maýdan ýolbaşçylary biziň Ukrainany täzeden gurmak baradaky umydymyza dönüklik etdiler. Bu adamlar ýurdy dagatman sakladylar, ýöne üýtgeşiklige köp isleg ýok” diýip, indi 20 ýaşyndaky Ýuraş aýdýar.

“Munuň deregine olar, adat boýunça, korrupsiýa bilen iş alyp bardylar”.

Dogrudan hem, korrupsiýa Ukrainada giňden höküm sürýär. Galyberse-de, prokurorlar agyr jenaýat eden, şol sanda Ýewromaýdanda turan bulagaýlykda ýüzden agdyk protestçini öldüren häzirki ýa öňki ýokary derejeli resmileri-de sud öňüne getirip bilenoklar.

Ukrainanyň ykdysadyýeti 2014-nji ýylyň bulam-bujarlygyndan, ondan soňra hem Orsýet we Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bilen bolan konfliktden şindi-de ejir çekýär. Ýurduň puly hrywnýanyň hümmeti özüniň iň pes derejesine düşdi. Ortaça hasap boýunça aýda 200 dollar bilen gününi dolandyrýan ilatyň dörtden üç bölegi özüne garyp diýip garaýar. Golaýda geçirilen barlaglaryň görkezmegine görä, ilatyň 82 prosente golaýy güzeran ýagdaýynyň rewolýusiýadan soňra ýaramazlaşandygyny aýdýar.

Üç ýyl mundan ozal Ýewromaýdan protestçilerini köçelere çykaran hyjuwly idealizmiň gowşan bolmagy mümkin. Golaýda “SOCIS” guramasy tarapyndan geçirilen pikir soralyşyk boýunça indi Ýewromaýdana goşulmaga meýil görkezýänler ukrainleriň diňe dörtden biri. Bu ýagdaý käbir zadyň ýalňyşdygyny görkezýär. Şol pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýaryna golaýynyň pikiriçe, 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda bular ýaly protestiň turmagy “ähtimal” ýa-da “gaty ähtimal”.

2013-nji we 2014-nji ýyllarda “galtamanlary çykaryň” we “utanç” diýip gygyrylan şygarlar hökümete we prezidente gönükdirilýän köçe protestlerinde ýene-de eşidilýär. 8-nji dekabrda Kärdeşler bileleşiginiň ukrain federasiýasy tarapyndan geçirilen üýşmeleňde müňden agdyk demonstrant işçilere berilýän sosial kömekleri artdyrmaýandyklary üçin utanmaly diýip, kanun çykaryjylary ýazgardylar. Aşa sagçy toparlaryň agzalary hem gozgalaňyň ýyl dönümi bolan 21-nji noýabrda Garaşsyzlyk skwerine ýygnanyp, Ukrainanyň “jenaýatçy” ýolbaşçylarynyň wezipeden çekilmegini talap etdiler. 12 ýylyň içine iki rewolýusiýany başdan geçiren Kiýewde indi ençeme aý bäri üçünji rewolýusiýanyň gürrüňi edilýär.

Ukrainlaryň aglabasy öňegidişligiň haýal gitmeginiň günäsini bir adamyň üstüne ýükleýär. Ol hem prezident Poroşenko. Hökümetden çekilen reformaçylaryň birnäçesi özleriniň bikanun işlere we garyndaşparazlyga garşy alyp baran işleriniň bökdelmeginde prezident bilen onuň ileri tutýan adamlaryny aýyplaýarlar. Golaýda parlamentiň häzir sürgünlikdäki bir agzasy prezident bilen onuň ýakyn töweregine degişli adamlary agyr korrupsiýada aýyplady. Administrasiýa bolsa muny berk inkär edýär.

Litwada doglan, öňki ykdysadyýet ministri Aiwaras Abromawisius Poroşenko bilen onuň ýaranlaryna “oýnatgy” bolmajakdygyny aýdyp, fewralda ukrain hökümetinden çekildi. Ol bu adamlary ykdysady reformalary bökdemekde we “şübheli adamlary” döwletiň kontrollygyndaky kampaniýalara ýerleşdirmekde özüne basyş edenlikde aýyplady.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko.
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko.

Gürjüstanyň öňki prezidenti Miheil Saakaşwili geçen aýda Poroşenko we onuň egindeşlerini çäksiz korrupsiýada aýyplap, Odessanyň gubernatorlyk wezipesinden çekildi. Saakaşwiliniň ýarany Odesanyň gümrük bölüminiň başlygy edip bellenen Ýulia Maruşewska hem regiony reformirlemekde “ýaşyl yşygyň gyzyl yşyga öwrülendigini” aýdýar. Olar Poroşenkonyň hökümetdäki ýaranlary, aýratyn-da, premýer-ministr Wolodimir Hroýsman tarapyndan turuwbaşdan “syýasy meýilsizlik we ýütgeşiklik üçin hakyky islegiň ýoklugy bilen” ýüzbe-ýüz bolupdyrlar. Maruşevska-da Saakaşwiliden bir hepde soňra wezipesinden çekildi.

“Raýat lýustrasiýasy komiteti” atly hökümete degişli däl guramanyň başlygy, korrupsiýa garşy kampaniýa alyp barýan Oleksandra Drik Poroşenko bilen Wolomidir Hroýmanyň hökümeti Ukrainanyň günbatarly goldawçylaryna ýaranmak üçin, diňe zerur bolan üýtgetmeleri girizip, “köne, korrumpirlenen düzgüni” dowam etdirýär diýýär. Onuň aýtmagyna görä, bu iş oligarhlary baýadyp, 1991-nji ýylda garaşsyz bolan ýurtda döwlet gaznasynyň boşamagyna getiripdir.

Dogry, käbir bökdençlikler Kiýewiň erkinde däl. Ýanukowiç ýurtdan çykanyndan soňra gündogar Ukrainada turan we Orsýet tarapyndan goldalýan uruş, Kremliň Krym ýarymadasyny zor bilen özüne birikdirmegi Ukrainanyň reformalar baradaky tagallalaryny ysgyndan gaçyrýar. Poroşenko 6-njy dekabrda front liniýasyna eden saparynda 31 aý bäri dowam edip gelýän söweşde konfliktiň agyr sepgide ýetendigini aýtdy. 2014-nji ýylyň aprelinden bäri ölenleriň sany on müňden ýokary. Bu harbylardan 2500 adamy, parahat ilatdan hem 7500 adamy öz içine alýar. Moskwa urşy Kiýewi durgunsyzlaşdyrmak üçin gural edip ulanýar. Poroşenkonyň aýtmagyna görä, Ukraina uruş üçin günde bäş million dollar çykdajy edýär.

Odessanyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili we Odesanyň gümrük bölüminiň öňki başlygy Ýulia Maruşewska geçen aýda Poroşenko we onuň egindeşlerini çäksiz korrupsiýada aýyplap, wezipelerinden çekildiler.
Odessanyň öňki gubernatory Mihail Saakaşwili we Odesanyň gümrük bölüminiň öňki başlygy Ýulia Maruşewska geçen aýda Poroşenko we onuň egindeşlerini çäksiz korrupsiýada aýyplap, wezipelerinden çekildiler.

Günbatar Kiýewi goldamaga synanyşman duranok. Ýöne Günbataryň ilçihanalaryna degişli iki diplomatyň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Reformalaryň haýal gitmegi we Poroşenkonyň özgerişlige çynlakaý garamaýanlygy Waşington bilen Brýusseli biynjalyk edýär. Halkara walýuta fondunyň işgärleri noýabrda Kiýewe barsalar-da, ilki korrupsiýa garşy aýgytly ädimler ädilmeli we ýokary orunlardaky korrumpirlenen resmiler kanun taýdan yzarlanyp, suda çekilmeli diýip, indiki kömek hakda arkaýynlyk bermän yzlaryna dolandylar.

Prezidentiň administrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Dmitro Şymkiw Azatlyk Radiosyna dowamly tizligi saklamak ýokary tizlikden has möhüm diýýär: “Biz dursak, bu iş ýurt üçin kyn bolar. Meniň pikirimçe, yza dolanara ýol ýok”.

Ýöne bitirilen işler-de bar. Beýleki zatlar bilen birlikde Ukraina hökümet tarapdan anti-korrupsiýa agenliklerini döretmegi, döwlet işgärleriniň baýlyklaryny we döwletiň üpjünçilik ukybyny görkezýän elektroniki sistemany girizmegi, öz goşunyny döwrebaplaşdyrmagy, energiýada Orsýete garaşlylygy peseltmegi başardy.

Görnüp duran reformalaryň biri korrupsiýa we zorlukda tanalýan polisiýa güýçleri baradaky reforma bolsa gerek. “Üç ýyl mundan ozal biz polisiýa garşy durýardyk. Indi bolsa olary goldaýarys” diýip, Twitter arkaly dünýäni Ýewromaýdanda bolýan wakalardan habarly edip, adamlaryň ünsüni bu wakalara çeken 25 ýaşly aktiwist Katerina Kruk aýdýar.

Ukrain resmileri ýurt bilen aýratyn gatnaşygyň, şol sanda golaýda ukrainlara Ýewropa Bileleşiginiň Şengen zonasyna wizasyz sapar etmek baradaky ylalaşygyň-da, möhümdigini Ýewropa Bileleşigine ynandyryp bilseler, ýeterlik diýip umyt edýärler.

Ýöne bu durmuş ýagdaýyndan närazy ukrainlary yrmaga ýeterlik däl.

Abromawisius öňki premýer-ministr Arseniý Ýatsunýukyň ýolbaşçylygyndaky teknokratik hökümete salgylanyp: “Hakyky reformalar üçin şans ‘arzuw toparynyň’ dargamagy bilen öldi” diýýär. Waşington tarapyndan ileri tutulýan ýene bir şahsyýet bolan Amerikada doglan maliýe minisrti Natalie Jareskony-da öz içine alan bu hökümet aprel aýynda häkimiýet başyndan gitdi.

Indi 2016-njy ýyl aýaklap gelýärkä, Ýuraş ähli wakalara garamazdan, özüniň geljege umytly garaýandygyny aýdýar. Ol soňra hem özüniň Ukrainanyň ýolbaşçylary we elden giden amatly pursat hakda lapykeçdigini sözüniň üstüne goşýar.

“Şu wagt häkimiýet başyndakylar özleriniň täze Ukrainanyň düýbini tutan atalar hökmünde taryha girmek şansyny ýitirendiklerine düşünenoklar. Poroşenko Ukrainanyň Jorj Waşingtony bolup bilýärdi. Ol bu şansy ýitirdi”.

XS
SM
MD
LG