Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2016: Sosiologlar özlerine bolan ynamy gaýtadan dikeltmäge synanyşýarlar


Birleşen Ştatlaryň prezidentligine saýlanan Donald Tramp.
Birleşen Ştatlaryň prezidentligine saýlanan Donald Tramp.

2016-njy ýyl syýasy pikir soraýyş senagaty üçin nädogry beýanatlaryň ýyly bolup, umumy pikir barlaglarynyň ygtybarlylygyna zyýan ýetirdi.

Netijede, Britaniýada hem-de Birleşen Ştatlarda pikir soraýyş baradaky professional assosiasiýalar 2016-njy ýylda alnan pikirlere esaslanyp, öňünden çaklanan netijeleriniň näme üçin nädogry bolup çykandygynyň sebäplerini bilmek üçin ýörite barlaglara başladylar.

Häzir Amerikanyň jemgyýetçiligiň pikirini öwreniş assosiasiýasy Birleşen Ştatlardaky pikir soraýyş guramalarynyň tas ählisiniň demokrat Hillary Klinton prezidentligi gazanar diýip, prezident saýlanan Donald Trampa bolan goldawa kembaha garandygynyň sebäplerini seljerip ýör.

Britaniýanyň pikir soraýyş geňeşi hem 23-nji iýunda geçen Breksit referendumynda ilatyň aglaba köplüginiň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy ileri tutjakdygyny öz agzalarynyň köpüsiniň öňünden aýdyp bilmändiginiň sebäplerini barlaýar.

Britaniýada iş alyp barýan Jemgyýetçilik işleri we kommunikasiýa assosiasiýasy ((PRCA) muňa sebäp öňünden edilýän syýasy çaklamalara adamlaryň ynam etmeýänligi diýýär.

PRCA-nyň baş direktory Fransis Ingham pikir soraýyş senagaty “syýasatda iş alyp barýanlaryň arasynda giňden duýulýan problemalara ýüzlenmeli. Iki netijäniň-de nädogry bolup çykmagynyň sebäbi şol”. Sebäp nämekä? Barlaglaryň netijelerine 2017-nji ýylyň maý aýyndan bärde garaşylmasa-da, pikir soraýyş guramalary mümkin problemalaryň nämeler bolup biljekdigini kesgitlemäge synanyşýarlar.

Jogapsyz tarapgöýlük

Mysal üçin, Birleşen Ştatlarda saýlaw kampaniýasy barýarka, Tramp esasy mediany “tarapgöý” diýip aýyplap, umumy pikir barlaglaryny diňe “telefon nomerlerinden” ybarat “hapa pikir soraýyşlar” diýip ret etdi.

Waşingtonda ýerleşýän we hiç bir partiýa degişli däl “Pew” barlag merkezi Trampyň tarapdarlarynyň arasynda media we media tarapyndan maliýeleşdirilen pikir soralyşyklar bolan ynamsyzlygyň “jogapsyz tarapgöýlüge” getiren bolmagy ähtimal diýýär. Bu ýerde gürrüňi edilýän telefon arkaly geçirilýän we täze onlaýn metodologiýalar.

Ozal geçirilen barlaglaryň görkezmegine görä, okuw derejesi ýokary bolmadyk akýagyz saýlawçylaryň telefonda berilýän soraglara jogap bermek ähtimallygy uniwersiteti gutaranlaryňkydan aşak.

2016-njy ýylda Trampy güýçli goldanlar hem okuw derejesi ýokary bolmadyk akýagyz saýlawçylar.

Ses berişlige seýrek gatnaşýan ýa ozal asla gatnaşmadyk adamlaryň hem pikir soralyşyklara jogap bermegi o diýen ähtimal däl.

“Pew” barlag merkeziniň başlygynyň orunbasary Klaudia Deane Trampyň alyp baran kampaniýasy ozal 2012-nji ýylda ses bermedikleriň hem goldawyny gazanana meňzeýär diýýär. “Trampyň kampaniýasyna bat beren lapykeçlik we anti-institusional duýgylaryň pikir soralyşyklara jogap bermäge meýilsizligiň üstüne urna bolan bolmagy mümkin”.

“Netije jemgyýetiň Trampyň tarapyny çalýan böleginiň güýçli bolandygyny görkezýär. Ýöne pikir soralyşykda bu ýagdaý olaryň ilatyň içindäki paýyna laýyklykda şöhlelendirilmändir”.

Utanjaň saýlawçy’ täsiri

Amerikan saýlawyndan bir hepde öň pikir soraýyş guramalarynyň aglabasy Klinton ýeňiş gazar diýip çaklaýarka, Respublikanlaryň kampaniýaçylary “Trampyň gizlin saýlawçylarynyň” uly böleginiň pikir soralyşykda özleriniň Trampy goldaýandyklaryny boýun almak islemeýändiklerini nygtadylar.

Käbir tankytçylaryň çaklamagyna görä, sosial medianyň yza tesdirilmeginiň telefonda ýa onlaýn pikir soralyşygynda bir nätanyşa öz garaýyşlaryny aýan etmäge çekinýän “utanjaň saýlawçylaryň” ençemesini güýçlendiren bolmagy mümkin.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Riçard Nikson 1969-njy ýylda özüni goldan, ýöne pikirlerini açyk aýtmakdan saklanan amerikan saýlawçylaryny “sessiz uly köplük” diýip atlandyrypdy.

Deane häzir Amerikada pikir soraýyş assosiasiýalarynyň jogap tapmaga synanyşýan uly soragy “utanjaň Tramp-saýlawçylary baradaky gipoteza” diýýär.

Ol soňra muňa özüniň şübheli garaýandygyny, sebäbi geçiren barlarynda we gözleglerinde bu pikiri “beýle derejede” tassyklaýan subutnamalaryň üstünden barmandygyny sözüniň üstüne goşýar.

Şular ýaly, Britaniýada-da pikir soraýyş kompaniýalary 2012-nji we 2015-nji ýyllarda ýurtda geçen umumy saýlawlarda politologlaryň ünsüni özüne çeken we häzirkä çalymdaş bolan ýagdaýy “utanjaň Tory faktory” diýip atlandyrýarlar.

Bu kompaniýalaryň käbiri 2016-njy ýylky Breksit referendumyndan öň “utanjaň Tory faktory” bardy diýýärler.

Ýöne Britaniýanyň pikir soraýyş geňeşiniň başlygy Jon Kurtis (John Curtice) Beýik Britaniýada Breksit referendumyndan öň geçirilen pikir barlaglaryna “utanjaň saýlawçy tarapgöýlüginiň” eden yzygiderli täsiri ýok diýýär.

Şeýle hem, Kurtis konserwatiw saýlawçylaryň, umuman, “sosial taýdan halanmaýan” adamlar hasaplanmazlyk üçin, syýasy taýdan kime raýdaşlyk bildirýändiklerini pikir soralyşyklarda boýun almazlygy mümkin diýilýäni barada “düýpli subutnama ýok” diýýär.

Ähtimal saýlawçylary kesgitlemek

Saýlaw güni ses berleninden soňra saýlaw uçastoklarynyň daşynda geçirilýän soralyşyklar köplenç saýlawdan öň geçirilen pikir barlaglaryndan has takyk bolup çykýar. Munuň sebäbi bu barlaglaryň adamlar ses berenlerinden soňra geçirilýändigi.

Barlag geçirijiler Birleşen Ştatlaryň käbir toplumlarynda saýlawa gatnaşyjylaryň sanyny ýalňyş çaklana meňzeýär. Mysal üçin, pikir soralyşyklardaTrampyň tarapdarlarynyň saýlawa gatnaşmak islegi beýle derejede ýokary bolar öýdülmändir.

Edil tersine, möhüm ştatlarda özlerine Klintonyň tarapdarlary diýýänleriň saýlawa gatnaşma islegine has ýokary baha berlipdir. Saýlawyň netijelerine aýgytly täsir edýän we aldym-berdimli dalaş giden ştatlarda Klintona ses beren hisbanik saýlawçylaryň, aýallaryň we asly afrikaly amerikanlaryň sanynyň pikir soralyşyklarda çaklananyndan has az bolandygyny saýlawdan soňky barlaglar görkezdi.

Mysal üçin, dalaşgärleriň aratapawudy biri-birinden o diýen uzak bolmadyk Floridada Klintona ses beren hisbanikleriň we ýaşy otuzdan aşak saýlawçylaryň sany öňünden aýdylanyndan az. Floridada hisbanikleriň arasynda Trampa bildirilen goldaw bolsa, garaşylanyndan ýokary.

Ýagdaýy dogry ýola salmak

Britaniýanyň pikir soraýyş geňeşi 2016-njy ýylky umumy saýlawlarda Amerikanyň pikir soraýyş guramalarynyň öňünden aýdany dogry diýýär. Dogrudan hem, gutarnykly netijeler Klintonyň saýlawda alan sesleriniň Trampyňkydan 2.8 million artykdygyny görkezýär.

Ýöne Birleşen Ştatlarda prezidentligi kesgitleýän umumy saýlaw däl-de, saýlaw kollegiýasy. Şeýlelikde, iň möhümi kimiň haýsy ştatda ýeňiji bolandygy.

“Bizdäki sistemada bir kandidat umumy ses berişligi gazanyp bilýär, beýleki hem saýlaw kollegiýasyny gazanyp bilýär. Prezident bolýan – ikinji [saýlaw kollegiýasynda ýeňiji bolan]. Ýöne pikir soralyşyklar umumy saýlawy ölçediler, gelen netijeleri hem o diýen nädogry däl” diýip, Deane aýdýar.

Tramp saýlaw kollegiýasynda tutuş üç ştatda 80 müň ses aratapawudy bilen ýeňiji boldy. Ol bu aýgytlaýjy ştatlaryň her birini bir prosentden hem aşak utuş bilen gazandy.

Çekeleşikli dalaş giden ştatlar bolan Pensilwaniýada, Miçikanda we Wiskonsinde esasy pikir soraýyş guramalarynyň ählisi diýen aýly nädogry netijä geldiler.

Kurtisiň pikiriçe, pikir soraýyş guramalarynyň esasy kynçylygy adamlaryň indi telefon üsti bilen edilýän soraglara jogap bermäge aşa meýilsizdigi.

“Pew” barlag merkezinde Deane 2016-njy ýylky saýlawda pikir barlaglarynda bolan nädogrulyklar hakda dürli çaklamalar bar, ýöne anyk jogap ýok” diýýär.

Ol pikir soraýyş guramalary öz kärleriniň “agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup duranyny” we “pikir barlaglaryna bolan ynamy täzeden dikeltmegiň” möhümdigini bilýärler diýip, gürrüňini jemleýär.

Şol sebäpden bu guramalar indi hem Birleşen Ştatlarda, hem-de Britaniýada öz assosiasiýalarynyň 2017-nji ýylyň maý aýynda, gelen netijelerini ýakyndan gözden geçirip öwrenerler.

XS
SM
MD
LG