Türkmenistanyň prezidenti hökümetiň 11 aýda bitiren işleriniň netijelerini jemläp, ýene bir gezek ilaty elýeterli bahadan satylýan azyk we senagat harytlary bilen üpjün etmegi tabşyrdy, 40 çemesi resmä käýinç berdi we beýleki "günäkerleri" hem tapmagy buýurdy.
Anna güni geçirilen giňişleýin mejlisde ilki bolup hasabat beren wise-premýer B.Hojammämedow, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, «jemi öndürilen önümiň üç bütin ondan dört göterim artandygyny» habar berdi.
Wise-premýeriň sözlerinden çen tutulsa, bu ýylyň 11 aýynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy hem 16 prosentden gowrak ýokarlanypdyr.
Emma prezident Berdimuhamedow hökümetiň 11 aýda bitiren işleriniň netijelerinden umuman nägile boldy.
Prezident ýurduň gurluşyk, ulag-aragatnaşyk pudagyndan, Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşyndan hem razy däl we, gaýta-gaýta duýduryş, käýinç berýändigine garamazdan, "öňegidişligiň duýulmaýandygyny" boýun aldy.
Ol bu hili ýagdaýda «döwlet býujetiniň girdejileri nädip ýerine ýetirilsin?» diýip sorady.
Hökümet başlygy nämelerden nägile?
9-njy dekabrdaky mejlisde, mundan öňki maslahatlarda soňky duýduruşyny alan B. Hojamämmedowdan başga, ulag-aragatnaşyk toplumy we senagat pudagy boýunça wise-premýerler Satlyk Satlykow, Batyr Ereşow dagy hem berk käýinç aldy.
Elbetde, türkmen prezidenti mundan öňki mejlislerde hem 8-10 resmä käýinç bererdi, kadrlary yzygiderli çalşyrardy, emma bu gezek onuň geçiren maslahatlarynda berlen käýinçler rekord derejä – 40-a ýetdi, ýöne ol, şeýle uly nägileligine garamazdan, köpçülikleýin kadr çalyşmadan saklandy.
Ýangyç-energetika toplumy we oba hojalygy
Türkmenistanyň esasy girdeji çeşmeleriniň biri ýangyç, energiýa pudagy, emma prezident bu topluma gözegçilik edýän wise-premýer Ý. Kakaýewe hem, beýleki bir topar ýolbaşça hem, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işi boýunça çynlakaý tankydy bellik edip, berk käýinç berdi.
Ozal 2016-njy ýylda gallla, pagta hasyllaryny ýygnamak boýunça gowy netijeleriň gazanylandygy barada berlen habarlara garamazdan, prezidentwelaýat häkimleriniň işinden hem nägileligini bildirdi.
Aýdylmagyna görä, ýurduň ekerançylyk ýerleri, suw serişdeleri netijeli ulanylmaýar, ýerler şorladylýar, her gektardan alynýan hasyllylygyň derejesi pes bolmagynda galýar.
Hökümet başlygy pagta ýygym kampaniýasynyň guralyşy, gymmatbaha tehnikanyň ulanylyşy, azyk senagatynyň kuwwatlyklarynyň peýdalanylyşy, däneli ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylyşy boýunça hem çynlakaý tankydy bellikler etdi.
Bu bellikler türkmen häkimiýetleriniň pagta ýygymynda mejbury zähmeti ulanýandygy baradaky habarlaryň ýygjamlaşan, bazarlarda azyk önümleriniň bahasynyň birden has gymmatlanwagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň oba hojalygy ozal S.Nyýazowyň «täze oba syýasaty» esasynda, soň prezident Berdimuhamedowyň «özgertmeleri» esasynda käbir üýtgeşmelere sezewar edildi, emma ýerli synçylar daýhanyň ýeriň-de, öz öndüren önüminiň-de hakyky eýesi däldigini we ýokardan berlen buýruk esasynda işlemäge mejbur edilýändigini, mejbury zähmetiň bolsa hiç wagt netijeli bolmaýandygyny öňe sürýärler.
«Türkmen bazarynyň daşardan getirilýän gök önümlere we miwelere mätäç bolmagy daýhanlaryň hatda sowet döwründäki iş şertlerini hem ýitirmegi bilen bagly» diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmazlygy soran 60 ýaşly ahally kärendeçi Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Çykalga – 'günäkärleri' tapmakdamy?
Türkmenistanyň baş prokurory A.Hallyýew mejlisde galla we pagta hasylyny ýygnamak kampaniýalary boýunça geçirilen derňew esasynda düýpli kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny habar berdi diýip, resmi metbugatda aýdylýar.
Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Ç.Gylyjow hem oba hojalygynda, şol sanda ýatyrylan maýalaryň özleşdirilişi boýunça «kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny» aýtdy.
Türkmen prezidenti mundan öň daşardan getirilýän gök we bakja önümlerine harçlanýan ýurt serişdelerini tygşytlamaga, importyň ýerini tutýan harytlaryň köp öndürilmegine we eksport edilýän harytlaryň köpeldilmegine çagyrypdy. Indi ol emele gelen ýagdaýdan çykalgany «günäkärleri gözläp tapmakda» görýäne meňzeýär.
TDN-nyň maglumatyna görä, hökümet başlygy oba hojalygyndaky «kemçilikler» diňe welaýat ýolbaşçylarynyň günäsi däl, eýsem ýerli prokuratura organlarynyň ýagdaýa ýeterlik gözegçilik etmezligi bilen bagly diýen netijä gelipdir.
Şu sebäpden, welaýat häkimlerinden we olaryň oba hojalygy boýunça orunbasarlaryndan başga, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyňprokurorlaryna, Türkmenistanyň baş prokurorynyň orunbasary B.Gulowa,Kaka, Köýtendag, Murgap etraplarynyň prokurorlaryna hem berk käýinç berildi. Ahal welaýatynyň prokurory A.Garajaýew bolsa işden boşadyldy.
Täze komissiýa
Prezident Berdimuhamedow indiden beýläk bu ugurdaky talaplary has ýokarlandyrmak üçin ýörite komissiýa döretdi we onuň düzümine wise-premýerler, welaýat häkimleri, Ýokary gözegçilik palatasynyň we Baş prokuraturanyň ýolbaşçylary girizildi.
Bu komissiýa oba hojalygyndaky kemçiliklere «günäkärleri» ýüze çykarmaly we,«hala daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, hala-da etrap häkimi» bolsun, beýle adamlara çäre görülmeli.
Prezident bu meselede edilen işler barada 17-nji dekabra çenli özüne hasabat berilmegini talap etdi.