Türkmenistany Owganystan bilen birleşdirýän täze demir ýoluň açylyşy serhediň iki tarapynda-da müňlerçe adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreler bilen dabaralandy. Türkmenistanda ýerli ilatyň, şol sanda garrylaryň we çagalaryň guramaçylykly gatnaşdyrylmagynda ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin çärä meňzeş dabara owgan tarapynda hem guraldy.
28-nji noýabrda Türkmenistanyň Ymamnazar we Owganystanyň Akina demir ýol stansiýalarynyň arasyndaky 3,5 km. çemesi serhetara ýoly kesip geçen iki ýurduň prezidentleri owgan tarapynda-da aýdym-saz bilen garşy alyndy.
Akina etnik türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan Farýap welaýatynda ýerleşýär. Demir ýoluň açylyş dabarasyna Farýap, Jöwüzjan we Balh welaýatlarynyň resmileri bilen bilelikde ýaşaýjylarynyň hem barandygy habar berildi.
Garaşan adamlara ýylanmak üçin şert döredilmedi
Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Akinada aýazly howada müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu dabara üçin öňünden getirilen we ençeme wagtlap garaşmaly bolan adamlara ýylanmak üçin, şertleriň döredilmändigini gürrüň berdi: “Halk ol ýere bir gün öňünden alnyp baryldy. Ýörite, prezidentleri garşy almak üçin. Mekdep okuwçylary, mugallymlar öňünden taýýarlyk gördi. Howa-da sowuk boldy, emma olara ýylanmak üçin mümkinçilik döredilmedi. Olar köp garaşdyryldy”.
Demirgazyk Owganystanda etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan birnäçe welaýatynyň ýolbaşçylarynyň türkmenistanly resmiler bilen bilelikde guramalaşdyran bu köpçülikleýin çäresine ençeme aý öňünden taýýarlyk görüldi.
Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň ýaşaýjylary ýerli mekdepleriniň okuwçylarynyň dabarada ýerine ýetirjek aýdymlary, goşgulary bir ýyl öňünden öwrenip başlandygyny gürrüň berdiler.
Şäher barlandy, dükanlar ýapyldy
Dabara bilen baglylykda Akinada we onuň töwereginde berk howpsuzlyk çäreleri hem berjaý edildi. Habarçymyz Şamerdanguly Myrady howpsuzlygy Türkmenistan tarapynyň howpsuzlyk taýdan gören taýýarlygynyň ýerli ýaşaýjylara öz täsirini ýetirendigini habar berdi: “Şol ýeriň dükanlaryny barlap, görüp, howpsuzlyk şertleri sebäpli şäheriň hemme ýerini gözden geçirdiler. Halk köp kynçylyga duçar boldy. Dükanlary ýapdylar. Türkmen tarapynyň Howpsuzlyk, Goranmak, Içeri işler ministrliginiň işgärleri baryp, doly şäherçäni barlap, ýollary barlap, hemme zatlary gözden geçirenden soň şol dabara geçirildi”.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Akina şäheriniň ýaşaýjylary we käbir owgan resmileri demir ýoluň açylyş dabarasy sebäpli ilatyň gatnaşdyrylmagyndaky köpçülikleýin çäräniň dürli kynçylyklary döredendigini we özleri üçin adaty bolmadyk bir ýagdaý bolandygyny gürrüň berdiler.
Türkmenistanda bolsa häkimiýetleriň guramaçylygyndaky resmi çärelere ýerli ilatyň köpçülikleýin çekilmegi indi ençeme ýyl bäri adaty bir ýagdaý hasaplanylýar, bir ýylyň dowamynda ilatyň mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylmagyndaky köpçülikleýin çäreleriniň ýüzlerçesi geçirilýär. Olara gatnaşýan adamlara il içinde ‘çäreçiler’ diýilýär. Şeýle çärelerde käbir heläkçilikli wakanyň hem ýüze çykýandygy aýdylýar.