"Dünýä türkmenleri" gepleşigimiziň nobatdaky sanynyň myhmany täjigistanly etniki türkmenleriň wekili Jumakul Kerimnazar ogly. Ol Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde öz ata-babalarynyň bu toprakda ýüzlerçe ýyl ozal ýurt tutandygyny we şu günlere çenli hem türkmen dilini we däp-dessurlaryny saklap gelýändigini gürrüň berdi.
Şeýle-de Jumakul täjik topragynda ýaşaýan türkmenleriň çagalarynyň Täjigistan garaşsyz bolýança Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iberýän türkmençe kitaplary esasynda okadylandygyny aýdýar.
Türkmen diliniň saklanyp galmagynyň ýene bir sebäbi bolsa, türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerlerinde esasan türkmen dilinde gürleşilýär. Edara-iş kagyzlarynyň täjik dilinde ýazylýandygyna garamazdan, Jumakulyň sözlerine görä, adamlaryň özara türkmen dilinde gepleşmekleri ene diliniň gowy saklanmagyna kömek edýär.
Täjigistanly türkmenleriň durmuş tejribelerini diňläp, öz pikirleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys.