Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak türkmenleriniň lideri: "Türkiýe bizi taşlady. Azerbaýjan bolsa..."


Erşat Salihi
Erşat Salihi

17-nji oktýabrda Yrak hökümetiniň kabul eden karary bilen 2014-nji ýyldan bäri "Yslam döwleti" (DAEŞ) ýaragly toparynyň gol astynda saklanýan Mosul şäherini azat etmek ugrunda, harby hereket başlanypdyr.

Erşat Salihi
1959-njy ýylda Kirkukda doglupdyr. 1979-njy ýylda 19 ýaşyndaka ony Saddam Hüseýiniň režimi tussag edipdir. Ol 10 ýyl türmede ýatypdyr. Şol döwürde onuň inisi Rüştü Salihi bolsa ölüm jezasyna höküm edilipdir. Özi ýaly tussag edilen uýasy hem soň zyndana iberilipdir. Zyndandan çykandan soň 1987-1988-nji ýyllarda gizlinlikde türkmen syýasy guramasyny döredipdir. Ol, şeýle-de, 2003-nji ýylda Kirkukda Yrak türkmen frontuny esaslandyranlaryň biri bolupdyr. 2004-nji ýylda ol guramanyň Damaskdaky wekili bolupdyr. 2009-njy ýylda Kirkuga dolanypdyr. Ondan soň guramanyň Kirkuk boýunça ýolbaşçysy bolupdyr. 2011-nji ýylda bolsa Yrak türkmen frontunyň baştutanlygyna we Yrak mejlisiniň halk wekilligine saýlanypdyr.

Yrak türkmen frontunyň baştutany, şeýle-de Yrak mejlisinde türkmenlere Kirkuk boýunça wekilçilik edýän halk wekili bolan Erşat Salihi Azatlyk Radiosyna Mosulda bolup geçýän ýagdaýlar barasynda şeýle gürrüň berdi:

– Mosul iki ýyldan bäri "YD" toparynyň gol astyndady. Yragyň goşuny häzir bäş tarapdan Mosuly gaýtaryp almak üçin hüjüme geçdi. Häzir käbir şäherçeler "YD" toparyndan azat edilipdir, käbir ýerleri bolsa terrorçylaryň özi taşlap gidipdir. Ýöne bu harby hereket aňsat bolmajaga meňzeýär. Belkem, birnäçe ýyla çekip biler. Çünki, terrorçylar käbir ýerleri terk edýänem bolsa, olaryň eýeçilik edýän diýseň giňiş sebitleri bar we olar şol ýerlerde gaty mäkäm otyrlar. Onsoňam "YD-niň” gaty köp janyndan geçenlerem bar. Olary möhüm partlamalarda ulanýarlar. Yrak goşuny şu wagt aldym-berdimli harby hereketler barýar.

Azatlyk Radiosy: Mosul bilen aragatnaşygy ýola goýup bildiňizmi?

-Aragatnaşyk gaty az. Gaty az sanly adamda aragatnaşyk saklar ýaly enjam bar. Halk bilen aragatnaşykda bolmak başartmaýar. Türkmenleriň aglaba bölegi "YD-den” gorkany üçin, ol ýeri terk edipdir. Ol ýerden Türkiýä, Kirkuga we Yragyň beýleki ýerlerine göçüp gidenler bolupdyr.

Azatlyk Radiosy: Geçen iki ýylyň dowamynda Yrak hökümetiniň Mosuly azat etmek barasynda bir plany bolupdymy?

– Ýok, Yrak hökümetiniň bu wagtyň dowamynda beýle bir islegi bolmady. Sebäbi, "YD-nyň” gol astynda bolan başga sebitler hem bardy. Hut şonuň üçinem Mosul barasynda şeýle plan bolmandy. Galan sebitleri azat edip, soň biziň sebitimize gelmegi göz öňünde tutýardylar. Mosul geografiýa taýdan hem örän möhüm bir sebitde ýerleşýär. Mosul, şol bir wagtda, Türkiýe we Siriýa serhetlerine gaty ýakyndyr.

Azatlyk Radiosy: Mosul harby hereketine Yrak goşuny, kürt peşmerge toparlary gatnaşýarlar. Bu harby hereketde türkmenleriň nähili roly bar?

– Biz, bu harby herekete gatnaşmak üçin, Yrak hökümetine ýüz tutduk. Ýöne bize harby serişde berilmedi. Şonuň üçinem türkmenler öz-özüni ýaraglandyrmaga mejbur boldy. Mosulda az sanly hem bolsa, türkmenlerem söweşýärler. Mosulyň içinde harby hereket başlan mahaly, türkmen ýaragly toparlarymyz hem öz ýerlerimizi gaýtaryp almaga başlar.

Azatlyk Radiosy: Mosul harby hereketi başlandan soňky günlerde Türkiýäniň goşunynyň hem operasiýa gatnaşdyrylmagy barasynda gaty köp gepleşikler geçirildi. Türkiýäniň prezidenti Erdogan hem "Türkiýäniň Yrak bilen 350 km serhedi bar. Şonuň üçinem türk esgerleri Mosul harby hereketine gatnaşmalydyr" diýip belläpdir.

– Türk harby güýçleri Beşika sebitinde ýerleşýär. Yrak hökümeti türk esgerleriniň ol sebitde bolmagyna garşy çykýar. Ýöne Türkiýe PKK (Kürt işçi partiýasy) sebäpli ynjalyksyzlanýar. Türkiýe Yrak hökümetinden PKK-nyň Sinjar sebitinden çykarylmagyny talap edýär. Sebäbi ol sebit Türkiýe bilen serhetleşýär. Şonuň üçinem Yrak bilen Türkiýäniň arasyndaky düşünişmezlik henizem dowam edýär.

Adamlar Mosuldan gaçýarlar
Adamlar Mosuldan gaçýarlar

Azatlyk Radiosy: Käbir syýasatçylar Mosulyň hem edil Aleppo (Halap) ýaly täleýe duçar boljakdygyny öňe sürýärler. Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz, dogrudanam şeýle meňzeşlikler barmy we tapawutlary näme?

– Mosulyň hem edil Aleppo ýaly boljagyny pikir etmeýärin. Çünki Aleppo şol bir wagtyň özünde Asad režimi we Russiýa tarapyndan zarba tutulýar. Mosulda ýagdaý edil o dereýä baryp ýetmez. Çünki halkda tutanýerli garşylyk görkezmek islegi bar. Halk ruhubelent. Onsoňam "YD" topary ýörite taýýarlanan wagtlaýynça bir maksatnama aýratynlygyna eýedir. Möhledi dolan mahaly sebitden daşlaşar.

Azatlyk Radiosy: BMG Mosuldan 100 müňe golaý adamyň gaçyp, Türkiýe bilen Siriýa bosgunlyga gitjekdigini çaklaýar. Mosuldan göçhä-göçlük başlandymy?

– Hawa, şeýle alamatlar bar. Harby hereketler uzaga çekse, Mosulyň içinden bosgunlyga çykanlaryň sany gaty köp bolar. Şu wagta çenli Mosuldan 50 müňe golaý adam gaçyp gidipdir. Ýöne has köp bosgunyň bolmagyna garaşylýar. "YD" adamlaryň gaçmagyna maý bermeýär. Adamlaryň özi eýdip-beýdip, bir alajyny tapyp gaçýarlar.

Azatlyk Radiosy: Kirkuk bilen Mosulyň arasynda näçe menzil bar? Ol ýerde bolup geçýän hadysalara Kirkugyň halky nähili çemeleşýär?

– Kirkuk bilen Mosulyň arasy 200 kilometrdir, ýagny maşynly iki sagatlyk ýol. Men indi Kirkuk barada aýdasym gelýär. Türkmenler bolup biz sebitimizde bolup geçýän hadysalardan gaty biynjalyk bolýarys. Türkmenleriň ýaşaýan sebitlerinde gurnalýan oýunlaryň ählisi türkmenleriň bähbidine däldigi gaty geň galdyrýan bir ýagdaýdyr. Dünýäniň esasy döwletleriniň hiç biri Kirkuga ýardam etmedi. Yrak türkmenleri eýesizdir. Ýöne, şonda-da, biz öz dilimiz, edebiýatymyz we medeniýetimiz bilen tutanýerlilik görkezýäris. Türkiýe hem bizi taşlady. Azerbaýjan bolsa umuman aýdylanda bizi terk edipdir. Ençeme gezek Azerbaýjanyň hökümetine "Bu ýerde seniň halkyň bar" diýip ýüz tutduk. Bakuwdaky biri edil Kirkukdaky ýaly gepleýär, ýagny aramyzda hiç hili tapawut ýok. Ýöne şu wagta çenli başdan geçiren hadysalarymyz barasynda, jenap Ilham Aliýew iň bärikisi bir gynanç hem bildirmedi. Yrak türkmenleriniň baştutany hökmünde bir gezegem bolsun, meni ol ýere çagyrmadylar. Şonda-da tutuş Azerbaýjanyň halkyna siziň üstüňiz bilen salam iberýärin.

Azatlyk Radiosy: Edil häzir hemmeler Mosulyň azat edilmeginiň näçe wagta çekjekdigi barasynda oýlanýarlar. Harby hereketleriň ençeme aýlap we hatda ençeme ýyllap dowam etjekdigini aýdýanlar bar.

– Görnüşinden, bu iş dogrydanam biraz uzaga çeker we aňsatlyk bilen tamamlanmaz. Sebitde uzak möhletli gaty aldym-berdimli çaknyşyklar bolar. Uruş ýagdaýynda heläk bolanlar ýaly ýaralananlar hem gaty köp bolar. Sebäbi janyndan geçenler gaty uly partlamalary amala aşyrýarlar. Birnäçe ýerde goşundan we peşmerge toparyndan hem ýitgiler bolupdyr.

Erşat Salihi we yrak türkmenleri
Erşat Salihi we yrak türkmenleri

Azatlyk Radiosy: 15-nji oktýabrda Yragyň premýer ministri Haýdar al-Abadi Kirkuga gelipdi. Premýer ministr şonda türkmenler bilen görüşdimi? Şonda "Türkmeneli" telekanalynyň sapary surata düşürmegine rugsat berilmändigi barasynda hem sosial ulgamlarda gürrüňler bolupdy.

– Hormatly premýer ministr al-Abadini Kirkuga hemmelerden iň köp men çagyrypdym. Ýöne ol Kirkuga biz Bagdatda bolan mahalymyz gelipdir. Ol bizden bihabar sapar gurnapdy. Sapar mahalynda geçirilen gepleşiklerde türkmenleriň wekilleriniň bolmagy hem hökmanydy. Türkmen telekanalynyň hem gepleşikleri surata düşürmegine rugsat berilmändigi dogrydyr. Bu hem türkmenleriň güýçli nägileligine sebäp boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Salihi, soňky çykyşlaryňyzda türkmenleriň arasynda mezhep agzalalygynyň döremezligi barasynda gaýta-gaýta çagyryş etdiňiz. Türkmenleriň arasynda şeýle howp barmy näme?

– Türkmenleriň arasynda sünniler ýaly şaýylar hem bar. Emma biz Yrak türkmen fronty hökmünde hemişe şeýle nygtaýarys: "Uly ýurtlaryň öz bähbitleri üçin mezhep agzalalylygy döretmek babatynda gurnaýan oýunlaryna gulluk gabartmaň. Biziň hemmämiz bir türk halkyndan. Hemmämiz "türk" halky şygarynyň astynda birleşmelidiris. Çünki käbir päliýamanlar türkmenleriň arasynda "şaýy-sünni" diýip, agzalalyk döretmek isleýär. Bu bize gaty uly zyýan ýetirip biler. Araplaryň arasynda bolşy ýaly Bakuwdaky, Kirkukdaky, Ankaradaky, Kyrymdaky, Balkandaky türki halklar hem "Türk" adynyň astynda birleşmelidir.

Azatlyk Radiosy: Türkmenleriň has giň gerimli ýagdaýda harby hereketlere gatnaşmagyna garaşylýarmy? Geljek barada nähili pikirdir garaýyşlaryňyz bar?

– Yrak hökümeti bize goldaw berse, biz hem düzgün-nyzamly ýagdaýda harby hereketlere gatnaşmak isleýäris. Ýöne hökümet bize beýle kömek etmeýär. Ol ýerde türkmenler hem söweşýärler. Ýöne biz has uly toparlarymyzyň gatnaşmagyny isleýäris. Näme üçindir bilemizok, ýöne muňa rugsat berilmedi. Gaty geň ýagdaý. Geljek barasynda pikrim şundan ybarat. Ankara bilen Bagdadyň arasyndaky düşünişmezlik çözülmeli. Sebäbi bu ýagdaý Yrak türkmenleriniň pozisiýasyny hem gaty gowşadýar. Biz iki döwletiň arasynda galan ýaly bolýarys.

Azatlyk Radiosy: Häzir Yrakda türkmenleriň sesi nähili eşidilýär?

-Kirkugyň türkmen şäheridigini bütin dünýä ýaly, Yrak hem gaty gowy bilýär. Ýöne häzirki ýagdaýda syýasat düýpgöter başgaça netijeler berýär. Kirkik Yragyň içinde türkmen sebitiniň paýtagty hasaplanýar. Yrak mejlisinde hem hemişe öz hak-hukuklarymyzy gün tertibine getirýäris. Premýer ministrden hem öz hak-hukuklarymyzy talap etdik. Mundan beýlak hem öz hak-hukuklarymyz ugryndaky göreşimizi dowam etdireris.

XS
SM
MD
LG