Yrakda Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy harbylary Mosulyň günbatarynda “Yslam döwleti” toparyna garşy hüjümiň başlanandygyny mälim etdiler.
“Hezbollah brigadalary” toparynyň metbugat wekili Tal Afar şäherini azat etmek boýunça, beýleki düzümleriň hem gatnaşmagynda, harby operasiýa girişilendigini habar berdi. 2014-nji ýylda “Yslam döwleti” toparynyň eline geçmezden ozal, bu ýerde aglaba şaýy musulmanlary ýaşaýardy.
Yrak güýçleri 17-nji oktýabrda Mosuly jeňçilerden yzyna almak boýunça giň gerimli harby operasiýa başlapdy.
Tal Afar şäherini azat etmek operasiýasyna şaýylaryň gatnaşmagy Türkiýäni biynjalyk edip biler. Sebäbi bu şäherde köp sanda etniki türkmenler hem ýaşaýar.
Türkiýäniň daşary işler ministri geçen hepde çykyş edip, eger-de Tal Afara garşy hüjüm edilse, Türkiýäniň gerekli çäreleri görjekdigini duýdurypdy.