Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Olary diri görkeziň!': Käbir ölen 'noýabrçylaryň' ykbaly mälim boldy


2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk etmekde aýyplanan onlarça adamyň ykbaly 14 ýyl bäri nämälim galýar.
2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanda şol wagtky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk etmekde aýyplanan onlarça adamyň ykbaly 14 ýyl bäri nämälim galýar.

14 ýyl mundan ozal 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurduň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşygyň bolandygyny habar berdi, yz ýany türkmen häkimiýetleri bu synanyşyga baş goşmakda aýyplanýan, azyndan onlarça adamy tussag edipdi. Ýurduň öňki Daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň, öňki Daşary işler ministri we Türkmenistanyň ÝHHG-däki wekili Batyr Berdiýewiň, şeýle-de ýurduň daşynda ýaşaýan ady belli öňki hökümet resmileriniň birnäçesi uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigi resmi derejede yglan edildi. Türkmen sudunyň käbirler babatynda hökümi gaýybana çykarandygy hem mälim edildi.

Emma şondan soň türkmen hökümeti tussag edilenleriň ykbaly barada takyk maglumat bermedi.

Azatlyk Radiosy 2002-nji ýylyň 25-nji wakalarynyň ýyl dönüminde, türkmen türmelerinde dereksiz ýiten adamlar barada maglumat ýygnap, ýörite halkara çärelerini alyp barýan “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa bilen habarlaşyp, tussaglaryň ykbaly barada şu günki güne çenli anyklanan garaşsyz maglumatlar bilen gyzyklandy.

Azatlyk Radiosy: Ýuriý, şu günki gün sanawyňyz näçe adamy öz içine alýar we olardan näçesi 2002-nji ýyldyň 25-nji noýabrynda tussag edilensoň ýitirim edilenler?

Ýiruý Jibladze: Biziň sentýabr aýynda täzelän sanawymyz edil şu günki gün 88 adamy öz içine alýar. Sanawdaky adamlardan ýarysyndan gowragy, ýagny 50 çemesi 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilip, dereksiz ýitenler.

Azatlyk Radiosy: Şol adamlardan näçesiniň ykbalyny anyklap bildiňiz?

Ýuriý Jibladze: Adamlaryň ykbalyny anyklamak örän kyn we çylşyrymly iş bolmagynda galýar. Türkmen hökümeti sessiz goranyş pozisiýasyny elden bermän gelýär. Türkmenistan ÝHHG we BMG bilen gepleşiklerinde, soňky ýyllarda bu mesele barada dialoga taýýardygyny mälim edýän bolsa-da, hakykatda maglumat bermeýär. Meselem, türkmen hökümeti maglumat bermek ugrunda ilkinji ädim hökmünde şu ýyl bäş adamyň ykbaly barada habar berdi, emma olar 25-nji noýabr wakalaryna gatnaşygy bolmadyk raýatlar. Ýöne häzirki wagtda ykbaly doly anyklaşdyryldy diýip, diňe türmede ölen we jesetleri garyndaşlaryna tabşyrylan adamlar barada anyk aýdyp bolar. Şu ýyl jesetleriniň garyndaşlaryna tabşyrylandygy anyk mälim bolan adamlardan üçüsi biziň sanawymyzdan, olardan ikisi 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalary bilen baglylykda tussag edilen adamlardyr.

Bu, ýerde uly betbagtçylyk barada gürrüň gidýär, tussaglykda ýitirim edilen adamlaryň garyndaşlary öz hossarlarynyň ykbalyndan eýýäm 14 ýyl bäri habarsyz galýarlar we wagt geçdigiçe köpüsiniň aman galmajagyna howatyrlanmalar güýçlenýär.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen hökümetiniň dialoga taýýardygyny aýdýan hem bolsa, iş ýüzünde hiç hili maglumat bermän gelýändigini bellediňiz. Ine, ýaňy-ýakynda Ženewada BMG-nyň Gynamalara garşy komitetinde türkmen resmileri Boris Şyhmyradowyň ykbaly barada berlen göni soraga takyk jogap bermediler. Adam hukuklaryna degişli halkara borçlaryny öz üstüne alan türkmen hökümetiniň özüni şeýle alyp barmagyna näme mümkinçilik berýär? Şeýle-de, türkmen hökümeti noýabr wakalary bilen bagly tussag edilenleriň ykbaly barada näme üçin sözlemekden saklanýar diýip pikir edýärsiňiz?

Ýuriý Jibladze: Meniň pikirimçe, munuň iki sebäbi bar, olaram bir-birine bagly. Birinjiden, adamlaryň ýitirm edilmegi hem halkara kanunlary, hem-de Türkmenistanyň öz milli kanunlary esasyndaky jenaýatçylykly hereket. Bu diňe adam hukuklarynyň depelenmegi bolman, kanun boýunça jenaýatçylykdyr. Elbetde, her bir jenaýatçylyga jogap bermeli bolýar. Adamlaryň 25-nji noýabr wakalary sebäpli tussag edilen döwründe, häkimiýet başynda bolanlaryň ençemesi şu çaka çenli hökümetde galýarlar. Şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşit Meredow “noýabrçylara” ölüm jezasynyň berilmegini köpçüligiň öňünde talap edip çykyş edenleriň biridi. Şeýlelikde, türkmen hökümeti syýasy tussaglar barada maglumat berse, olaryň işine gaýtadan seretmeli bolar we öňki prezidentiň goly astyndaky režimiň jenaýatçylyklaryny ykrar etmeli bolar. Türkmen hökümetiniň dymmagy onuň muňa entek taýýar däldigini görkezýär. Üstesine, olar prosesi başlasalar jemgyýetde ýurtdaky bikanunçylyklara garşy çykmaga talabyň döremeginden we jemgyýetiň öz sesiniň eşidilmegini talap edip başlamagyndan howatyrlanýan bolmaly.

Ikinjiden, türkmen hökümeti häzirki wagtda iri halkara guramalarynyň göni sowallaryna jogap bermese-de, resmi taýdan dialoga taýýarlyk bildirmek arkaly Günbatar ýurtlary bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiliginden peýdalanýar.

XS
SM
MD
LG