Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýdymçy N.Habibow we beýlekiler neşe bilen bagly tutuldy


Nazir Habibowyň YouTube saýtyndaky wideosyndan alnan bir bölek.
Nazir Habibowyň YouTube saýtyndaky wideosyndan alnan bir bölek.

Türkmenistanyň meşhur estrada aýdymçylarynyň biri Nazir Habibow “çekmek üçin yzygiderli neşe satyn alypdyr” diýlip tussag edildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr“ telekanalynda habar berilýär.

4-nji oktýabrda türkmen telewideniýesinde görkezilen “Watan” habarlar gepleşiginde “neşe serişdelerini bikanun ýurda getirendigi ýa-da ony satyn alandygy” aýdylýan ondan gowrak adam görkezildi. Olar efirde öz-özlerini ýazgaryp çykyş edýärler hem “etdi” diýilýän jenaýatlary boýun alyp, baş goşan işine ökünýändiklerini aýdýarlar.

Türkmen telewideniýesiniň resmi habarynda ýurtda “neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we neşekeşlige garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylýandygyna garamazdan, haram işe baş goşýanlaryň tapylmagynyň” gynandyryjy ýagdaýdygy bellenilýär. Şeýle-de, habarda “olaryň bu ýaman pikirleri başa barmady” diýilýär.

“Jenaýatçy” ýa-da “haram işe baş goşan” diýlip atlandyrylyp, türkmen telewideniýesinde çykyş etdirilen 12 raýatyň biri 1988-nji ýylda doglan, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, tanymal aýdymçy Nazir Habibow bolup, ol “çekmek üçin neşe serişdeleri bolan tirýegi yzygiderli satyn alandygyny” aýdýar. Şeýle-de, ol “şeýle biderek hereketleri” bilen öz “ene-atasynyň, maşgalasynyň we çagalarynyň ýüzüni ýere salandygyny” belleýär.

“21 kilogramdan gowrak tirýegi…”

“Haram ýol bilen gazanç etmekçi bolýanlar” diýlip aýyplanýan ýene iki raýat Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň ýaşaýjylary Salim Alimow we Rustam Salimow bolup, olar öz tobasynda “kontrabanda ýollar arkaly Türkmenistanyň çägine 7 kilogram 665 gram tirýegi we 40081 gerdejik tramadol dermanyny bikanun geçirjek bolandyklaryny” boýun alýarlar.

Aýyplanýanlaryň ýene biri Aşyrgeldi Patdyýew bolup, ol ýurtda “arassa, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga ähli mümkinçilikleriň bardygyny” aýdýar. Emma ol özüniň “kanuna garşy hereket edendigini, kontrabanda ýoly bilen Türkmenistana 21 kilogramdan gowrak tirýegi bikanun geçirmekçi bolandygyny” tassyklaýar.

Türkmen telewideniýesinde çykyş etdirilen raýatlaryň beýleki biri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Ýusup Mämiýew bolup, onuň öz ýaranlary Gurbanmyrat Tyrrykow, Nurmuhammet Ataýew, Allamyrat Orzageldiýew, Baýram Haýitow, Ildar Arslanow, Gurbanmämmet Borjakow, Baýrammyrat Arazçyýew dagy bilen “tirýek-neşe serişdesini böleklere bölüp, satmakçy bolanlarynda saklanandygy” aýdylýar.

Takyk maglumat berilmeýär

Türkmen metbugatynda jenaýat edenlikde aýyplanýan şol adamlaryň “etdi” diýilýän günäleriniň nähili we haçan anyklanandygy hem-de olar bilen bagly sud işleriniň geçirilip-geçirilmändigi barada takyk maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň habarynda bu raýatlaryň bikanun gazanandygy aýdylýan emläkleriniň gozgalmasyz edilendigi aýdylsa-da, olara mundan beýläk nämäniň garaşýandygy hakda hem açyk jikme-jik maglumat berilmeýär.

Döwlet mediasynda görkezilen bu gepleşikde, şol adamlara ýöňkelýän aýyplamalaryň näderejede esaslydygyny ýa däldigini garaşsyz çeşmeleriň kömegi bilen tassyklamak ýa-da inkär etmek başartmady.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan ol ýa-da beýleki düzgün bozmada aýyplanýan käbir raýatlar wagtal-wagtal özlerine garşy görkezme berip, telewideniýede halka görkezilýär we köpçüligiň öňünde toba etdirilýär.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda “temmäki önümlerini bikanun getirmekde aýyplanýan, şeýle-de döwlet gullugyndaky wezipesinden peýdalanyp, para alandygy” aýdylýan raýatlaryň birnäçesi kameranyň öňünde özlerini ýazgaryp çykyş edipdiler.

XS
SM
MD
LG