Türkmenistanda geljek ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşyk başlandy.
Ýurt içinden gelýän habarlara görä, döwlet edaralaryna işleýän adamlar, islese-islemese, döwlet eýeçiliginde çap edilýän we bir-birini gaýtalaýan bir topar neşire mejbury abuna ýazylýarlar.
Sowet döwründe şeýle abuna üçin köplenç her ýylda berilýän 13-nji aýlyk harçlanan bolsa, indi Türkmenistanda adamlaryň köpüsi 12 aý işläp, 11 aýyň aýlygyny alýarlar, sebäbi olaryň bir aýlygy abuna ýazylmaga gidýär diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.
Emma muňa garamazdan, bu ýagdaý barada ýerli resmilerden düşündiriş alyp bolmady.
Azatlyk radiosy Türkmenistanda internet asyrynda hem saklanyp galan mejbury abuna barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.