Türkmenistanda döwlete pagta tabşyrmak boýunça borçnamalar ýerine ýetirildi diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.
Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurtda pagta planynyň dolandygy, Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryň häkimleriniň hoş habar bilen gelendikleri mälim edildi.
21-nji oktýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň öz netijesini berip başlandygyny” aýdyp, pagtaçylary 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnamaklary bilen gutlady.
Türkmenistanyň şu ýyl yglan eden pagta plany geçen ýylkysyna gabat gelýär. Ýurt resmileri pagtanyň “bol hasylyny almak üçin, ähli döwrebap şertleriň döredilendigini” belläp, her ýyl öňünden kesgitlenen planyň doly berjaý edilýändigini aýdyp gelýärler.
Munuň bilen bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna ýurduň Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň pagta meýdanlarynda mejbury we çaga zähmetiň giňden peýdalanylýandygy barada yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.
Mejbury zähmet
Şu ýylyň awgust aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde döwlet býujetinden aýlyk alýan saglyk, bilim ulgamynyň we beýleki edara-kärhanalaryň müňlerçe işgäri irden sagat 6:00-dan, tä agşam sagat 19:00-a çenli pagta meýdanlaryna alnyp gidildi.
Sentýabr aýynyň başlarynda bolsa, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow, Gubadag, Köneürgenç, Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň pagta meýdanlarynda kärendeçiler we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler bilen bir hatarda, ýokary klas mekdep okuwçylarynyň hem pagta ýygýandygy habar berildi.
2008-nji ýylda prezident G. Berdimuhamedow çagalaryň we ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň oba-hojalyk işlerine çekilmegini gadagan edýän kanuna gol çekse-de, Türkmenistan pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetden peýdalanýanlygy sebäpli, halkara jemgyýetçiliginiň ýiti tankydyna uçrady.
Şu ýylyň maý aýynda dünýäniň belli söwda brendleri, şol sanda “Adidas”, “Espirit”, “H&M”, şeýle-de sermaýaçylaryň, biznes jemgyýetleriniň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň 60 wekili Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýörite hat ýollap, Türkmenistanyň gowaça meýdanlaryndaky mejbury zähmete ýol berilýändigi baradaky maglumatlara aladalanma bildirip, prezidentiň bu meselä üns bermegini sorapdylar.
Türkmen pagtasyndan “ýüz öwürmek”
Şeýle-de, mebelleri we öý hajatlary üçin esbaplary ýasaýan we satýan dünýä belli IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýtdy.
Galyberse-de, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň şu ýylky çap eden “Adam gaçakçylygy” boýunça hasabatynda Türkmenistanda erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň mejbury zähmete we jynsy gaçakçylyga sezewar edilýändigi aýdylýar.
Döwlet departamentiniň şu ýylyň iýun aýynda çap eden hasabatynda, bu ugurdan Türkmenistanyň derejesi geçen ýyllardakydan hem peseldilip, ol iň aşaky, üçünji derejedäki toparda ýerleşdirildi. Hasabatda nygtalyşy ýaly, muňa, esasan, ýurtdaky pagta ýygymy döwri ulanylýan mejbury zähmet sebäp bolýar.
Sözümiziň ahyrynda aýtsak, pagta Türkmenistanyň esasy eksport harytlarynyň biri bolup, ol Hytaýa, Russiýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Eýrana, Indoneziýa we käbir beýleki ýurtlara iberilýär.