Aşgabadyň ondan gowrak söwda nokatlaryndaky we banklaryndaky bankomatlardan indi iki gün bäri pul çekip bolmaýar.
Olaryň arasynda Aşgabadyň “Senagat” bankyndaky, “Halk” bankyndaky, “Garagum” bankyndaky, “Türkmenistan” bankynyň ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesinde ýerleşýän şahamçasyndaky, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň merkezi ofisindäki, “Ýimpaş” söwda merkezindäki we beýleki täjirçilik merkezlerindäki 20 töweregi bankomat bar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, daşyndan göräýmäge bu bankomatlar işleýän ýaly bolup görünse-de, ondan pul çekmäge baran ýaşaýjylar özleriniň şahsy plastik kartlaryny bankomatlara salyp, ýedä golaý funksiýadan ybarat operasiýany amal edenlerinden soň, onuň işlemeýändigini bilip galýarlar.
“Adamlar bankomatlaryň ýörite bölegine öz plastik kartlaryny iberip, öz koduny aýlandan we ol ýerde çykýan sowallara jogap berenden soň, onda “minus – aýyrmak” belgisi peýda bolýar. Şondan soň, “bankomatlar tehniki sebäplere görä size hyzmat edip bilmez” diýlen ýazgy ýazylýar. Öň adamlar bankomadyň ýanyna gelen dessine onuň işlemeýändigini bilip gidýärdiler. Indi welin, iň soňunda-da ýene-de boş gaýdýarlar” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Resmi maglumat ýok
Aşgabadyň gyzgalaňly söwda merkezlerindäki we bank şahamçalaryndaky bankomatlarda name sebäpden puluň ýokdugy we olaryň haçan işläp başlajakdygy barada halk köpçüligine resmi taýdan anyk maglumat berilmeýär.
Emma howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir bank işgäri Azatlyk Radiosyna özleriniň bankomatlara pul goýmak işi bilen arabaglanyşygynyň ýokdugyny, bu iş bilen bütinleý başga gulluklaryň meşgullanýandygyny aýdyp, bu barada maglumat bermekden saklandy.
Şol bir wagtyň özünde, käbir beýleki bank işgärleri bankomatlarda puluň ýoklugynyň bir sebäbini soňky aýlarda daşary ýurt firmalarynda işleýän işgärlere hem aýlyk haklarynyň türkmen manadynda berlip başlanmagy bilen düşündirdiler.
“Mundan ozal, daşary ýurt firmalarynda işleýän işgärleriň aýlyk-günlükleri amerikan dollarynda tölenýän bolsa, indi şol ýatyrylypdyr. Häzirki döwürde türkmen manadynyň Merkezi bankda kesgitlenen hümmedine görä, 1 dollary hasap edip, işgärlere aýlyklary türkmen manadynda berilýärmişin. Ynha şu ýagdaýyň hem ýurtda türkmen manadynyň ýetmezçiligine getiren sebäpleriň birimişin” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bagaýew gürrüň berdi.
“Adamlar karzyna pul alýarlar”
Ýeri gelende ýatlatsak, indi dört ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän we döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aýlyk haklary olaryň şahsy plastik kartlaryna geçirilýär.
Bu düzgüne laýyklykda, adamlar öz aýlyklarynyň plastik kartlara geçirilip-geçirilmändigini hem diňe bankomatlaryň üstünden bilýärler. Şeýle-de, olar öz aýlyklaryny diňe bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler. Bu ýagdaý bolsa, gün-güzeranyny aýlyk-günlügine görä aýlaýan adamlara ýaramaz täsir ýetirýär.
Sentýabryň aýlygy berilýän şu günlerde aýlyklaryny almak üçin bankomatlara barýan adamlar bolsa, lapykeç bolup yzlaryna gaýtmaly bolýarlar.
“Aýlygyny alyp bilmeýän adamlar öz tanyş-bilişlerinden karzyna pul alýarlar. Şeýdip, aýlyklaryny alýança, gün-güzeranyny aýlajak bolýarlar” diýip, Amanmyrat Bugaýew aýdýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda bankomatlaryň kadaly işlemeýändigi, olarda aglaba ýagdaýda puluň ýokdugy barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna dürli hat-maglumatlar gelip gowuşýar.
Adamlar käbir şäherlerde ýa-da etraplarda bankomatlaryň sanynyň azlygyndan we pul almak üçin onlarça kilometr söküp, ýörite etrap merkezlerine gitmeli bolýandyklaryndan şikaýat edýärler.