Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çilim gaýtadan satylyp başlandy


Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda satuwa çykarylan täze çilim.
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda satuwa çykarylan täze çilim.

Türkmenistanda üç aýa golaý wagt dowam eden çilim gytçylygyndan soň, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda, temmäki önümleri gaýtadan satylyp başlandy. Bu çäre döwlet dükanlarynyň öňünde adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelmegine sebäp boldy.

6-njy oktýabrda Aşgabadyň Hitrowka raýonyndaky Şorst köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän 20-nji nomerli dükan paýtagtda çilimi satuwa çykaran ilkinji söwda nokatlarynyň biri. Bu ýerde öýlän sagatlarynda satuwa çykarylan çilim iki sagada golaý wagtyň dowamynda satylyp gutardy.

Soňra çilim Aşgabadyň 5-6-njy etrapçalarynyň arasyndaky “Gülşat”, Mir etrapçasyndaky 3 we 18-nji nomerli dükanlarynda we Magtymguly şaýolunyň ugrundaky “Garagum” söwda nokadynda hem satyldy. Bu dükanlarda hem çilimler iňrik garalýança satylyp gutardy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, döwlete degişli dükanlardan her bir raýat günde 2 guty çilimi satyn alyp bilýär. Olaryň biri Germaniýa Federatiw respublikasynda, beýlekisi Fransiýada öndürilen çilimler bolup, olaryň bahasy 19-20 manatdan barabar.

Çilim nobatlary dowam edýär

Söwda nokatlaryndaky çilimleriň tiz wagtda satylyp gutarýandygy sebäpli, häzirki wagtda döwlete degişli dükanlaryň öňündäki adamlaryň nobaty dowam edýär. Dükanlaryň her biriniň öňünde 40-50 adamy görse bolýar.

“Düýn çilim iki tapgyr geldi. Iki gezeginde-de satylyp gutardy. Nobat ýetmäni üçin, şu gün gaýtadan nobata durdum. Ine, sagat, öýlän 2 boldy, ýöne heniz-ä çilim getirmediler” diýip, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynyň biriniň öňünde nobata duran Mergen aýdýar.

Paýtagtyň dükanlarynda satuwa çykarylýan çilimiň näme sebäpden gysga wagtyň dowamynda gutarýandygy barada halk köpçüligine resmi taýdan hiç hili maglumat berilmeýär. Bu bolsa ilatyň arasynda ýurtda çilimiň satuwynyň dowam edip-etmejekdigi barada dürli pikirleriň döremegine sebäp bolýar.

“Gara bazaryň” öňüni almak

Türkmenistanyň Söwda we daşary gatnaşyklar ministrliginiň adynyň efirde agzalmazlygyny soran resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, “ýurda çilimiň getirilendigini, emma ony dükanlara paýlamak işiniň birneme köp wagt talap edýändigini” aýtdy.

“Türkmenistana çilim geldi. Ýöne täze girizilen düzgün sebäpli, ony dükanlara paýlamak işi birneme köp wagt talap edýär. Ýagny indi Türkmenistana getirilen ähli çilimiň gutusyna “Türkmenistanyň Goşmaça töleg nyrhy” baradaky marka ýelmener. Şeýle-de, haýsy dükana näçinji belgili çilimleriň ugradylandygy barada hem resmi hat düzedilýär. Bu bolsa çilimiň ‘gara bazarynyň’ öňüni almaga kömek eder. Şol sebäpli çilimleri dükanlara paýlamak işi uzaga çekýär” diýip, türkmen resmisi aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky okyjylarynyň ýazmagyna görä, häzirki wagtda bu welaýatyň döwlete degişli dükanlaryna hem çilim getirilipdir.

“Bize iki döwlet dükanynyň müdirleri çilimiň gelendigini, emma onuň satuw nyrhynyň belli bolmandygy sebäpli satyp bilmeýändiklerini aýtdylar. Şol sebäpli çilimiň gelendigini eşitsek-de, ýöne onuň heniz satuwa çykarylanyny görmedik” diýip, Azatlyk Radiosynyň okyjysy Dostmämmet ýazýar.

Çilimiň bahasy tas 5 esse gymmatlady

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň iýul aýynyň ortalarynda, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky we şäherdir etraplaryndaky döwlete degişli dükanlarda çilimiň satuwy doly ýatyrylypdy. Munuň netijesinde, çilimiň “gara bazaryndaky” bahasy öňküsinden tas 5 esse gymmatlady. Öň 10-11 manatdan satylýan käbir çilimleriň bahasy 50-55 manada, 35-40 manada durýan çilimleriň bahasy bolsa 80-85 manada çenli ýetdi.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite karara gol çekip, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlyny diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi. Bu karar kabul edilmezden üç aý çemesi ozal, Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň tekjelerinden çilimiň satuwy aýrylypdy.

2015-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Türkmenistanyň iň az çilim çekýän ilatly ýurtdygyny aýdypdy. Aşgabatda geçirilen forum döwründe bu guramanyň başlygy Margaret Çan “derňewler Türkmenistanyň ilatynyň diňe 8%-niň çilim çekýändigini görkezýär” diýdi.

Emma ýurtda çilim gytçylygy we onuň gaýtadan satylyp başlanmagy bilen bagly ilat arasyndaky “dowullar” bu görkezijiniň näderejede hakykata gabat gelýändigi dogrusynda şübhe döredýär.

XS
SM
MD
LG