Belarusyň maliýe ministrligi Belarusyň açyk aksioner jemgyýetleriniň işi boýunça nobatdaky hasabatyny çap etdi, bu barada «Gündogar» habar saýty maglumat berýär.
Täze hasabatda respublikanyň kärhanalarynyň has köp girdeji alýanlary we ýitgi çekýänleri kesgitlenilýär.
2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça, «Belgorhimprom» açyk aksioner jemgyýeti iň bir ýitgi çekýän kärhanalaryň arasynda dördünji orny alypdyr. Has anygy, «Belgorhimprom» ýarym ýylda ABŞ-nyň 10 million dollaryna golaý möçberde ýitgi çekipdir.
Mälim bolşy ýaly, bu kärhana Türkmenistanyň Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygyny proýektirledi we gurýar.
Türkmenistan şu ýylyň martynda bu kombinatyň göni bir ýyldan ulanylmaga berlip, ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürjegini aýdypdy.
MAZ meselesi
Belarusyň iň bir ýitgi çekýän aksioner jemgyýetleriniň başyny çekýän MAZ, Minsk awtomobil zawody hem Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Bu zawodyň 2016-njy ýylyň birinji ýarymyndaky arassa ýitgisi 30 million dollardan gowrak diýlip hasaplanylýar.
Halkara bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýitirmegi zerarly ýapylmagyň öň ýanynda durandygyna garamazdan, MAZ birnäçe ýyl öň Türkmenistanyň hökümeti bilen ýylda 2 müň sany ýük awtoulagyny we oba hojalyk tehnikasyny ibermek boýunça uzak möhletli şertnama baglaşdy diýip, «Gündogar» habar saýty ýazýar.
$1 milliardlyk kombinatyň gürrüňi
«Belgorhimpromyň» Türkmenistanyň Lebap welaýatynda gurýan 1 milliard dollarlyk kombinatyna dolanyp gelsek, golaýda onuň işe girizilmeginiň ýene gijikmeginiň ahmaldygy belli boldy.
Has anygy, belarus tarapy Aşgabady Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy boýunça boýun alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezlikde günäledi.
REGNUM habar gullugynyň 27-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, Belarusyň Respublika geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiç Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýewi çagyryp, Aşgabadyň Garlykdaky kombinatyň gurluşygynyň wagtynda tamamlanmagy üçin zerur çäreleri görmelidigini aýtdy.
Belarus resmisiniň tassyklamagyna görä, bu ýerde maliýe meselesinden başga, belarus gurluşykçylaryna päsgelçilik döredýän subýektiw häsiýetli problemalar hem bar. Emma resmi Aşgabat problemany belarus tarapynda görýär.
Aşgabat Belarusy günäleýär
Daşary işler ministrliginiň 30-njy sentýabrdaky beýanatyna görä, Türkmenistan Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň öňünde gurluşygyň gijikmegi, ençeme million dollarlyk enjamyň getirilmezligi, kombinatyň türkmen işçilerine berilmeli aýlyklaryň tölenmezligi we beýlekiler bilen bagly anyk faktlary goýupdyr.
Mundan ozal Türkmenistan türk gurluşyk firmalarynyň onlarçasy bilen iş we töleg dawalaryna uçrapdy we bu dawalar halkara arbitraž sudlaryna baryp ýetipdi.