Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Altyn asyr' köli erbet tolgunmalary emele getirýär


"Altyn asyr' kölüne barýan zeý suwly kanal.
"Altyn asyr' kölüne barýan zeý suwly kanal.

Türkmenistanyň Garagum çölüniň ortasynda gurýan «Altyn asyr» kölüne ýörite resmi sapar geçirildi. Ministrlikleriň, parlamentiň, Ylymlar akademiýasynyň agzalary bilen bilelikde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň wekilleriniň, daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagynda kölüň Ak Ýaýla atly ýeriniň golaýynda geçirilen dabaranyň kölüň gurluşygyndaky üstünliklere bagyşlanandygyny milli media habar berdi.

2000-nji gurlup başlanan «Altyn asyr» kölüniň birinji tapgyry 2009-njy ýylda tamamlandy. Oba hojalygynda ulanylan zeý suwlary toplamak üçin niýetlenen bu proýektiň bahasy 4.5 milliard amerikan dollary möçberde kesgitlenýär.

Türkmenistan döwleti kölüň gurluşygyny taýy bolmadyk ägirt uly ekologik proýekt diýip atlandyrýar, şeýle-de özüniň ekologiýa taýdan işlerine üstünlikli diýip baha berip, tebigaty goramak boýunça öz tejribelerine bütin dünýäde uly talabyň bardygyny habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde-de “Altyn asyr” köli barada ylmy-barlaglara degişli garaşsyz maglumatlar halkara derejesinde, dünýä metbugatynda köp göze ilmeýär.

Azatlyk Radiosy Garagum çölüniň ortasyndaky “Altyn asyr” kölüniň şu günki ýagdaýy, onuň gurulan böleginiň ýedi ýylyň dowamynda tebigata ýetiren täsirleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

'Altyn asyr' köli erbet tolgunmalary emele getirýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:16 0:00

XS
SM
MD
LG